Aýyň 1-ne,gečen 6 gün mašynly išden öýe gaýdyp barýadym.öňümde 6-njy mašyn durdy.ikimizem čatrykdan öwrülmek ün poworotnyý čyrany ýakyp durdyk.6 mašyn öwrülenem šoldy welin aňyrdan duty camry mašyn gelip ony süsdi. bu zatlar meniň edil gözümiň öňünde boldy.özüm awariýa bolan ýaly bolup doňup galdym.mašynda oturan ýerimden 6-nja seretdim ičinde bir titräp duran kelle gördüm.özümem näme etjegimi bilmedim. baryp kömeklešsem menem sürärler öýdüp gorkdym. barman oturmagada wy£danym čatanok.ahyry näme bolsa bolsun kömek edeýin diýdim.ilkinji kömege baran men boldum.baryp gapysyny ačmaga čalyšdym emma gapysy gaty ýemšeripdir ačyp bilmedim.ičinde bolsa šofýor titräp ýatyr. daš-töwere seredýän hič adam kömege gelenok. ahyry ýuwaš-ýuwašdan adamlar geldiler,šofýory mašynyň aýnasymdan čykaryp tiz kömek mašynyna mündirip goýberdik.šu wakany aýytmagymyň sebäbi šular ýaly zatlardan adamlar gorkýalar.menem günäkär ederler ýada šaýat dp sürärler dp.šu gorky sebäpli hem ýolda awariýa bolup adamlaryň kömegine mätäč ynsanlar kömeksiz galyp heläk bolýanlar känmikä diýýän.türkmende bir söz bar. suwsana suw bermeseň, čölde hydyr neýlesin.. diýýäler. meniň pikrimče šu ýagdaýa düšene kömek etmeli.ýöne ilki bn šol gorkyny döredýän sebäbi ýok etmelimikä diýýän.

Köneler, ADALATLY tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir