Isleýän Duwşursa ykbal ýenede meni. Bir pursatlyk bakyşyňdan gananmak isleýän. Duýardym özümi bagtyýar, her göremde gözlerini. Gözlem bilen seni söýýän diýmek isleýän. Emma gelerdiň çagwa deýin ýagyp kalbyma. Dama, dama sil bolup seniň meni söýmegini isleýän. Ýagyşyň her damjasy kalbyma damsa. Gana, gana ondan içmek isleýän. Egerde goýsalar ýalazy çölde. Goňur çägelerden sen mähriňi küýseýän. Suwsuzlykdan yssy gün hem teşne edäýse. Senin gursagyma ýagyş bolup ýagmagyňy isleýän. Isleýän seniň söýgi sözleriňi. Isleýän senin gara gözlerini. Gam çagymda galdyrsa ykbal. Senin bilen ýagtylyga çykmak isleýän. Ýyldyrymyň çakyşydek, isleýän ýagtylytmagyňy. Garaňky gaplan gursagymy. Jan aljy gözleriň gaýta, gaýta bakmagyny. Söýgiň gaplap kükregimi. Janam seni her säher görmek isleýän. Gyşlar gelip sowadaýsa kalbyny. Ony ýyly söýgim bilen ýylatmak isleýän. Mydam senin meni söýmegiňi isleýän. Batyr Şabasanow:“ Isleýän ” goşgysy. Aşgabat 2011 ýyl.

Köneler, BATYRAVALON tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir