Kurany Kerim ýigrimi üç ýylda däl-de, bir gezekde insedi onda «Kurany Kerim neçün bir gezekde indi, bölek-bölek inmedi?» diýerdiler... Munuň ýaly meselelerde esasy zat boýun bolup kabul etmek we Hakyň takdyr edenini ykrar edip makullamakdyr. Ýogsa, her meselede soraglaryň yzy kesilmez: «Öýle namazy näme üçin on rekagat? Juma namazy näme üçin juma güni okalýar? Zekat näme üçin kyrkdan biri, kyrk birde biri däl we ş.m.» soraglaryň soňy gelmez. Şonuň üçin bularyň bir gullugyň syrydygyny bilmegimiz gerek. Namazyň özünde käbir hikmetler jemlenip biler. Hawa, şahsyň günde bäş gezek Mewlasynyň huzuryna gelmeginiň, elbetde, bir topar bähbitleri we peýdalary bardyr. Emma, rekagatlaryň düzgünlerine gelemizde witir üç rekagat, agşamyň parzy üç rekagat, ikindiniňki dört rekagatdyr. Bu sanlar Allah tarapyndan bellenilendir. Eger bize: «günde bäş gezek ybadat bilen borçlandyrylýarsyňyz, ýöne ybadatyň şekillerini özüňiz belläň» diýilesedi, biz rekagat sany hakynda dürli pikirleri ýöredip bilerdik we elbetde gündelik işlerimize, ýaşaýyş şertlerimize görä meýilleşdirerdik. Sany bellemek ýagdaýynda aklyň ýoly bir başga, wahyý ýoly bir başga... Wahyýda seniň ruhy we gizlin taraplaryň hasabyna aýratyn bir galam işleýär, başgaça bir hikmet ýöredilýär. Şonuň üçin rekgat sanlary däl-de bu ýerde namazyň hikmetleri seljerilýär... Kuran-y Kerimiň ýigrimi üç ýylda inmeginiň hem şular ýaly hikmetleri bardyr. Üstesine-de, Kurany Kerimiň indirilen döwri beşeriň ýüzüni kemala tarap öwren döwrüdir. Onuň üçin iň kämildenem kämil nebi gelipdi. Hawa, ýer ýüzüne Allahyň nurly nazary, älemiň hormatyna ýaradylan Hezreti Muhammet (s.a.w.) gelipdi. Onuň jemagatynyň wezipesi ol gün üçin iň ösen, iň kämilleşýän bolmak, kämilleşmegiň merdiwanynyň iň soňky basganjagyna çenli baryp ýetmek, ösen milletlere mugallymlyk etmek işidi. Şeýle hem şol güne çenli olaryň baryp ýeten ýaramaz ahlak we erbet endikleri ruh we damarlaryna şeýle bir siňipdi, olary ýeke-ýeke goparyp aýyrmak, ýerine arassa ahlagy ornaşdyrmak, oňat häsiýetleri zannyna guýmak aýry-aýry işlerdi. Kuran bir wagtyň özünde ähli emrleri bilen birden gelip olaryň garşysyna diksedi, aşagyndanam çykyp bilmezdiler. Aslynda beýle bir ýagdaý adamzadyň kämillige tarap barýan ýoluna ters geljekdi.

Köneler, NB tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir