Isleýän Duwşursa ykbal ýenede meni. Bir pursatlyk bakyşyňdan gananmak isleýän. Duýardym özümi bagtyýar, her göremde gözlerini. Gözlem bilen seni söýýän diýmek isleýän. Emma gelerdiň çagwa deýin ýagyp kalbyma. Dama, dama sil bolup seniň meni söýmegini isleýän. Ýagyşyň her damjasy kalbyma damsa. Gana, gana ondan içmek isleýän. Egerde goýsalar ýalazy çölde. Goňur çägelerden sen mähriňi küýseýän. Suwsuzlykdan yssy gün hem teşne edäýse. Senin gursagyma ýagyş bolup ýagmagyňy isleýän. Isleýän seniň söýgi sözleriňi. Isleýän senin gara gözlerini. Gam çagymda galdyrsa ykbal. Senin bilen ýagtylyga çykmak isleýän. Ýyldyrymyň çakyşydek, isleýän ýagtylytmagyňy. Garaňky gaplan gursagymy. Jan aljy gözleriň gaýta, gaýta bakmagyny. Söýgiň gaplap kükregimi. Janam seni her säher görmek isleýän. Gyşlar gelip sowadaýsa kalbyny. Ony ýyly söýgim bilen ýylatmak isleýän. Mydam senin meni söýmegiňi isleýän. Batyr Şabasanow:“ Isleýän ” goşgysy. Aşgabat 2011 ýyl.
Isleyan
-
BATYRAVALON
13 years ago
- sag bol sen adyny adyaysan mirasymyz sen den holsal bolardym
-
Yegen
13 years ago
- Galamyñ ýiti bolsun, misli bir naýza!
Sünnäläp sözleriñ, ýürege jaýla!
Ine sheýle diýilýär Mirasymyz!:-)
-
Adgjmptw
13 years ago
- Mirasymyz, galamyñ ýiti bolsun-a diýen bolýardylar oglanlar:-). Batyr tüweleme gowy many berýän goşgy ýazypsyñ. Meñ-ä kän tejribämem ýok welin goşgyny kapyýalaşdyrmakda ýitgi çekilene meñzeýär. Ýa bu-da bir kapyýa bölümi bolup durýarmy? Öñler halypalar şeýleräk düşündiriş beren bolýardylar. Men hem şolara esaslanyp aýdaýdym. Ýöne goşgynyñ sözleri many taýdan ýagşy. Galamyñ ujy ýiti bolsun Batyr!
-
mirasymyz
13 years ago
sag bol sen adyny adyaysan mirasymyz sen den holsal bolardym
BATYRAVALON | 2011-06-24 19:25:13
Men-ä dost şu ýerde mirasymyz diýip tanaýalar. Ýöne agentda gürleşsegem-ä bolardy. Talyplardaky oglanlaň haýsynda seň adresiň bar?
Galamyñ ýiti bolsun, misli bir naýza!
Sünnäläp sözleriñ, ýürege jaýla!
Ine sheýle diýilýär Mirasymyz!
Yegen | 2011-06-24 19:26:30
Sagjabol ýegen dostum. Daş etdiňaý.
-
mirasymyz
13 years ago
Mirasymyz, galamyñ ýiti bolsun-a diýen bolýardylar oglanlar. Batyr tüweleme gowy many berýän goşgy ýazypsyñ. Meñ-ä kän tejribämem ýok welin goşgyny kapyýalaşdyrmakda ýitgi çekilene meñzeýär. Ýa bu-da bir kapyýa bölümi bolup durýarmy? Öñler halypalar şeýleräk düşündiriş beren bolýardylar. Men hem şolara esaslanyp aýdaýdym. Ýöne goşgynyñ sözleri many taýdan ýagşy. Galamyñ ujy ýiti bolsun Batyr!
Adgjmptw | 2011-06-24 19:28:54
Sagbol dost. Kän şahyrlara baha berip görmämsoň şol söz ýadyma düşmedi. Seň tankydy belligiňe menem çalaja goşulýan. Ýöne ilkinji goşgularyndandyr diýip zat diýmedimem.
-
sukomoto
13 years ago
- galamyň ýiti bolsun misli bir iňňe
ýazjak bolanyňda kagyza çümse
şunça ýazjak bolsaň, bolmasa herne
menem şonda begenerin keýpine.
-
DG
13 years ago
- Gowy gosgy eken.
mirasymyz 13 years ago- Batyr gowy düzüpsiň. Täze-täze goşgulaňňy ýazyp dur. Şeýdip içimizden şahyrymyzam çykawersin. Ýene bir gezek sagbol. Galamyň nähili bolsun diýilýädaý. Öz-ä bir gowy sözdi. Şu wagt ýadyma düşenok.