Din – Allah tarapyndan esaslandyrylan kanundyr. Ol ynsana ýaradylyş maksadyny, barlygynyň hikmetini bildirýär, Beýik Ýaradanyň öňünde nähili ybadat etmelidigini öwredýär. Din – her bir ynsanyň «Men kim? Nireden gelip, nirä barýaryn?» diýen sowallaryna kanagatlandyryjy jogap berýän ýeke-täk çeşmedir. Din – adalat, ýagşylyk, fazylet, dogrulyk, pidakärlik ýaly duýgularyň esasy çeşmesi, ynsan wyždanyndaky ynanç mätäçligini kanagatlandyryjydyr. Din – akylly kişilere ýaradylyş maksadyny bildirýän, olary öz erk- eradasy bilen Allahyň Resulynyň irşady (dogry ýol görkezmegi) esasynda salaha (ýagşylyga, rahatlyga), felaha (sagadata, salamata) we kemalata (kämillige, ösüşe) ugrukdyrýan, şeýle hem olaryň maddy we ruhy zerurlyklaryny üpjün edýän ilahi kanunlaryň kodeksi diýmekdir. Başgaça aýdylanda: din – erk-erada eýesi bolan barlyklaryň magnewi, sosial, dolandyryş, ykdysady we duýgy taýdan tutuş durmuşlaryny düzgüne salmak üçin ynsanyň bilip we isläp tabyn bolan düzgünleriniň toplumydyr. «Din» arap sözi bolup, baş egmek, tagat kylmak, hakyňy almak, karz almak, adat edinmek, baş egdirmek, zor salmak, hasap soramak, dolandyrmak, jeza ýa-da sylag bermek, hyzmat etmek we borç bermek ýaly manylary öz içine alýar. Ynsan dini pygamberlerden öwrenipdir.Pygamberler bolsa, wahý üsti bilen Allahdan alýan dini hökümleri bolşy ýaly adamzada ýaýradypdyr. Görşüňiz ýaly, diniň hakyky eýesi Allah Tagaladyr. Pygamberler bolsa diniň hökümlerini adamzada ýetirýän ilçidir.
Din
-
Bagyr
13 years ago
- Adgjmptw omrun uzak bolsun dost!
-
sahett
13 years ago
- maladis turkmence yazanam boljak ekena )
-
Tourist
13 years ago
- :-)
-
vesna87
13 years ago
- sheydip turkmenche yazynarow. Gaty gowy. Minnetdar paylashanyna.
-
Polkownik
13 years ago
- Salam agzalar gowmy ýagdaýlar sagbol Seýran gowy sözler aýtdyñyz paýla$anyña sagbol dost.
-
enesh91
13 years ago
- Sagbolun!
Tourist 13 years ago- Sag bol adgjmptw dost ALLAH razy bolsun!