salam agzalar talyp oglanlar we gyzlar Adamlar Kyýamat gününiň haçan boljagyny bilmeselerem, onuň ýakynlaşýanyny unutmaly däldir. Galybersede her bir adam bu pany dünýä bilenhoşlaşandan soň onuň o dünýä durmuşy başlaýar. Ine şu bebäpden Kuran Kerimde Ahyrzamanyň ýakynlygy hakynda köp gezek gaýtalanýar. Beýik Allah tagala bu barada şeýlediýen: 1. Adamlara (olaryň) hasap- kitap (wagt)lary (ýagny, kyýamatyň kaýym bolmagy, ýagny amala aşmagy) ýakyn geldi. Olar bolsa gaflatda (iman getirip, ýagşy amallar etmekden) ýüz öwürýärler. Enbiýa süresi. Başgabir aýat kerimde Allah tagala şeýle belläp geçen: 63. Adamlar sizden (kyýamat) sagadynyň (haçan boljagy) hakynda soraýarlar. „Ol (sagady) bilmek ýalňyz Allahyň huzuryndadyr“ diýip (olara) aýdyň. Nireden bilersiňiz, ähtimal, ol sagat ýakyn gelendir. Ahzab süresi. Pygamber Muhammed a.s. aýdypdyrlar: “Men ynsanlara Kyýamat wagty bilen iberildim, we ol meni tas ozup gechipdi” Ahmed.

Köneler, Kato tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir