Ýakynda türkmenistanly studentler Tel Awiw uniwersitetiniň howandarlygynda Ysraýylda geçirilen matematika boýunça VII Halkara Internet-Olimpiadasynda ilkinji orunlary eýelediler. Bu Olimpiada Russiya bilen Ysraýylyň bilelikde taýýarlan proýektidir. Bu Olimpiada Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň we Politehniki institutynyň studentleri gatnaşdylar. Olar Germaniýadan, Orsýetden, Çehiýadan, Hytaýdan, Polşadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan gatnaşýan ýaşytdaşlary bilen bäsleşdiler. Studentler matematika boýunça Internet Olimpiadasynyň ilkinji tapgyrynda dört medala eýe boldular we onuň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Türkmenistanly studentler Halkara Olimpiadanyň üç sagada çeken ikinji tapgyryndan ynamly geçmegi başardylar. Bu tapgyrda matematiki analiz, analitik geometriýa, sanlar teoriýasy boýunça sowallar bardy. Dört altyn medal Netijede Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň studentleri Pirmyrat Gurbanow, Ýoldaşbaý Kurambaýew, Ykram Jumagulyýew we Politehniki institutyň arhitektura-gurluşyk fakultetiniň studenti Agageldi Samedow dagy Olimpiadanyň final tapgyrynda dört sany altyn medaly aldylar. Finalda 10 sany sorag soraldy. Olimpiadada ýene-de Pirmyrat Gurbanow, Agageldi Samedow we uniwersitetiň studentleri Ýusupbaý Ermetow, Serdar Ataýew we Akmyrat Ýagmyrow dagy bäş sany kümüş medala mynasyp boldular, bu medallaryň üçüsini finalda eýelediler. Ýusupbaý Ermetow, Ykram Jumagulyýew we Allaberdi Temirow bolsa, Olimpiadanyň bürünç medalyny aldylar. Allaberdi Temirow bürünç medaly ýaryşyň final tapgyrynda gazandy. Şeýdibem olar bu Olimpiada-da öňdäki orunlaryň birini eýelediler. Matematika boýunça Ysraýylda geçen VII Halkara Internet Olimpiadasynyň ýeňijileri geçmişde hem dürli dersler boýunça ýerli we halkara ýaryşlarda ýeňiji bolupdylar. Bu Olimpiada Türkmenistandan gatnaşan toparyň düzümindäki on student abraýly on iki medala we alty sany höweslendiriji baýraga eýe boldular. Sowgatlar gowşuryldy Golaýda ýurduň ýokary okuw jaýlarynda Halkara Olimpiadanyň ýeňijileriniň hormatyna dabara gurnaldy we olara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Türkmen matematikleri baýrakly orunlary eýelediler
-
Yegen
13 years ago
- Sag bol Bagyr, maglumatyñ üçin!
-
Yegen
13 years ago
- Dogry aýdýañ Bagyr! Okuwy yhlas edip okasañ almajak galañ bolmaz! Bar-bar okuwdan bar!
-
Bagyr
13 years ago
- yegen sag bola goldanyn un name yatanok yada senem men yalak ukyn tutman guymenip otyrsynmy? Uky tutanok menka onsan ysyrganyp yordum welin suna dus gelaydim siz bn hem paylasayyn diydim!)))
-
Yegen
13 years ago
- Gowy edipsiñ Bagyr maglumaty ýetirip! Menem agsham ir ýatanymdanmy nämemi, saýtda entäp ýörshümlaý:-)
-
Yolotenli
13 years ago
- Menina yatasym gelyarey
-
Adgjmptw
13 years ago
- Oglanlar tüwelemedirläý. Begendiriji, buýsandyrjy waka. Türkmeni dünýä tanatmakda goşýan uly goşantlary üçin ýaşlara çäksiz minnetdarlygymy bildirýän! Bagyr dost, biz bilen paýlaşanyñ üçin köp sagbol!
-
ahmetjan18
13 years ago
- Tüweleme berekella
-
sahett
13 years ago
- bagyr tuweleme sen halkara baslesikleri alyp baryan zhurnalist oydyan
-
Bagyr
13 years ago
- sahett jurnalista dal yone turkmenlerin halkara yaryslaryn arasynda nahili yeri alyandyklary bn bolsa gaty gyzyklanyan! Bilen wagtym hem sular yaly begendirji wakalary dine ozum bilman basgalar bn hem paylasayyn diyyan!
-
sahett
13 years ago
- tuweleme dogry edyan mena pilin gulagyny yatak edenipdirin
-
sabyrly
13 years ago
- tuwleme berekella oglanlar!
Bagyr 13 years ago- Tuweleme oglanlar okwunyzda gelejekde mundanam guycli ustunlikleri arzuw edyarin! Yogsada dostlar hemde talyplar.comyn agzalary bir zady bellap gecesim gelyar! Dogry kopumiz ay Turkmenistanda okuw yok diyip pikir edyas yone mena beyle dalmikan diyyan! Okuw okamaklyk ozune bagly dogry belli bir mocwerde wuzyna mugallymlaryna hem baglydyr yone esasy bolegi studendin ozune baglymykan diyyan! Gowsak uniwersitet bolup mollymlar gowsagyrak bolany bn hem student jan edip yapysyp niyetinde okamaklyk bolsa hemma zat gowy bolarmykan diyyan mena galanynyz hem oz pikirlerinizi yazyp bilersiniz!)))
p.s: Okuwa girmedikler bar bolsa aranyzda gaygy etman oz guyjine Turkmenistana hem girip bolyar beren soraglaryny dowup dursan hic hili haklary yok yykmaga sonun un ruhdan dusman! Lenin aytmyslayyn okan,okan we yene bir gezek okan!)))