“Hat gelmedi” diýip çekmegin gussa, Gaýtam garaş öňküdenem on esse. Mendirin-şol alabahar günleri, Agaçlar pyntyklap, Şemal öwüsse. Oglanlaň köpüsi barandyr gaýdyp, Sorasaň, salamym bererler aýdyp, Bardyryn men, Ýaşap ýörüs sag-aman, Göwnüňe getirme, ýokduryn öýdüp. Ýalňyz günüň sora ýalňyzlygyňdan, Gamgyn günüň sora gamgynlygyňdan, Güneşden, ýeňişden, aýdymdan sora, Olar saňa habar ýetirer menden…! Ýene-de nämeler aýtsamkam saňa, Şeýle bir gürrüň kän aýdyp-diýere. …Gije orun berip gyrawly daňa, Ýene bahar geldi biziň bu ýere. Yranyşyp berýozalaň şahasy, Aýdyma başlady telleri bilen. Örtüldi üstümiz al-elwan bolup, Eneleň getiren gülleri bilen. Elimiz kitaply okuwa barýas, ylym terligini saklamak üçin. Ter gülleri–ter dünýäni syn edip, Aýlanyp ýörüs biz älemiň için. Gursagy nygmatly pasyllar gelýär, Ilkinji sowgadyn bagryna basyp. Ine, şeýdip ýaşap ýörüs müdimi, Dünýäniň sesine biz gulak asyp. Bilýän hat gelmesi kesildi diýip, Gijeler,gündizler garaşansyň sen. Berip ýörkäm soňky ekzamenleri… Bu haty ýazmaga ýetişmedim men.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir