Otly kemin gechip barýar bu günler, hyýalymda, gülüm, saña garashýan! Ýatlama öwrüldi häli hem düýnler, hyýalymda, gülüm, saña garashýan! hazan geldi gül ýüzümiz saraldy, ýalñyz galdym, dünýäm sheýle daraldy, diñe gaýgy maña wepadar boldy, hyýalymda, gülüm, saña garashýan! talyp bolup gitsem-de men ýurt ashyp, chilleler gechirdim saña garashyp, sabadan hem bulutlardan sorashyp, gülüm, hyýalymda saña garashýan! aýralyk derdi bir ýaman, eý, aman! ashygy öldürer gelse her zaman, bashyma dolsa-da umman deý güman, gülüm, hyýalymda saña garashýan! gysh geldi-ýer ak köýnegin geýindi, gara bulut goja daga söýendi, seni ýatlap ýash ýüregim elendi, gülüm, hyýalymda saña garashýan! men garashýan, gam ýagyp dur üstümden, shonda-da dönmerin eden ähdimden, köp jepalar cheksem-de men ykbaldan, diñe! Diñe! Diñe saña garashýan!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir