Ynsan söýeni bilen bile bolmak islär. Söýeniniñ ýagdaýy bilen dertlener… Söýüp bilşiçe söýeni bilen ýashar! Söýgüniñ nämedigini doly bilmeýänligimiz üçin köplench “simpatiýa” bilen “söýgini”, biri-biri bilen çalyşýarys. “simpatiýa” öz ýanynda “eýe bolmak” arzuwyny bile getiryär. Bir närsäni halanyñyzda göwnüñize ýaran shol zada eýe çykmak we ony aýamak arzuwy bilen ýasharsyñ! Bu ähli janly-jandarda giñ ýaýran bir duygudyr! Kimsi halanyny jübisine salar; kimsi halanyny tumar edip dakyp, ýanynda göterip, onuñ bilen öwünmek islär! Her janly-jemende öz zandyna görä öz halan zadyny özi üchin aýamak islär.“Söýmek” bolsa, mundan örän tapawutlydyr. Söýeniñde diñe söýeniñ üchin ýashamak islärsiñ. Diñe onuñ ýanynda bolmak, diñe onuñky bolmak, diñe onuñ halaýan zadyny halap, halamaýanyndan gachmak islärsiñ. Söýýäniñ aklyñy-hushuñy, ruhuñy sheýle bir eýeläpdir welin, ähli zat saña ony ýatladar, hat-da ýanyndakañ hem onuñ ichinde bolasyñ geler! Ýakynlygam uzak görüner saña! Sen ýitersiñ, söýýäniñ galar diñe beýniñde! Onuñ bakyshy bilen bakarsyñ, onuñ baha bershi bilen baha berersiñ, ähli zada onuñ dili bilen gürlemäge bashlarsyñ! Gözüñ ondan bashgasyny görmez, gulagyñ ondan bashgasyny eshitmez, eliñ ondan bashgasyna uzamaz! Her pursat saña eýe chykmagyny, seni aýamagyny, seni gujaklamagyny islärsiñ! Beden ýakynlygy hem saña elhench uzaklyk ýaly görüner we onuñ bilen bir jan, bir ten bolmagy dilärsiñ! Söýgi zandyñda bar bolsa, söygüliñ-de ýok eder derejede ýakar seni, gün geler, gashyñda-gözüñde, ýüzüñde-diliñde söýgüliñi görerler-de, “sen shol bolaýypsyñ-la!” diýerler… Halan eýe bolmak islär, söýen bolsa söýeninde ýok bolup gider, hemme zady söýeni üchin pida eder! Käbirlerinde söýgi ysy urar üstüne; “aşyk” hasaplar özüni! Emma söýeni üçin nämedir bir zady pida etmeli bolanda, ol ys öz-özünden ýitip gider, “aýrylmazlyk” sabyny bilen! Pulundan aýrylyp bilmez... Wezipesindn aýrylyp bilmez... Ýakynlaryndan aýrylyp bilmez... Ichinde ýashap ýören töwereginiñ gözelliklerinden aýrylyp bilmez. Sheýdip söýgüli hasaplanyñda aýyplar ýüze chykyp bashlar. Kemchiliklerini, ýetmezchiliklerini görmäge bashlar… Bular ilki “ýüregi awamak” duýgusyna öwrüp tashlar söýgüsini, dashdan ýüregi awap seretmäge bashlar. Soñ ýakymly bir ýatlama öwrüler söýgi hasaplaýan duýgulary! Bu tejribe onuñ zandynda söýgi programmasynyñ ýokdugyny görkezer. Diñe simpatiýany söýgi hasaplapdyr. Dashlashmak oñ özünden gelmän, garshysyndakydan gelen bolsa, bu gezek simpatiýa “ýigrenje” öwrüler, ondan ar almak hyjuwy oýanar ichinde we wy£dan bilen ar almak tolkunlary arasynda bir o ýana, bir bu ýana chaýkanyp durar, terk edilmegi, dashlashmagy, nälaýyklygy bashdan gechirmegiñ oý-pikiri ichinde, hakykatda weli, ol zandynda ýok hakyky söýgüniñ netijesini bashdan gechirýändir. Baýlygy, owadanlygy üçin, özüne ýaraýan gylyk-häsiýeti üçin, wezipesi üçin, bilimi üçin halandyr, söýýändirin öýdendir, eýe bolup bilmänsoñ arzuwyna ýetip bilmezligiñ göwnichökgünligine düshüp diñe peýdasy üçin ýashamagy saýlandyr! Söýen kişi bolsa ähli zady göz öñünde tutandyr; puldan, baýlykdan, at-abraýdan, dost-garyndashdan alysda galmagy… Zandynda bardyr söýgi! Söýmek üçin ýaradylandyr! Ýaradan ony söýýäni bilen söýgini ýashamak isläni üçin ýaradypdyr! Shonuñ üçin aýrylar ene-atadan, dünýäden, puldan... Söýen garşylyksyz söýer! Halan garşylygyny islär! Söýgi soñunda ýanmagy getirýändir, simpatiýa bolsa gachmagy… Käwagt ömürboýy dowam eder, käwagt birnäche ýyl, käwagt birnäche aý… Söýgi bir ömürboýudyr! Gutarmaz, tükenmez, käwagt durar, käwagt joshar, emma hich yza gaýtmaz…

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir