S-harpy sensiñ Ö-harpy özüm Ý-harpy ýüregim G-harpy gözüm I-Intizar gözlerim bakýandyr saña, Shu bäsh harpy jogap ýaz maña, Janym gurban bolsun, gül didaryña, Gijäni atyryp daña, garashýan jogabyña! Derweze uzyndyr boyuñ ýetmesin, Menden özge ýigide gozüñ gitmesin, Menden özge ýigide gözüñ gidäýse... Söýshüp toý etmek nesip etmesin. Men ýatyryn gül ýassykda har bolup, Sen geleñok derdim sorap zar bolup. Men giderin gara guma garylyp, Sen galarsyñ bir görmane zar bolup. Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän, Soñky günler maña bir zada bolýar. Begenmesiz zada begenip ýörün, Hemem sähel zada keýpim bozulýar. Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän, Göwnüme sen meni söýmeýän ýaly. Juda uly saýyp ýören bu bagtym, Birden iññä dönüp ýitäýjek ýaly.
...geliñaý goshgy aýdyshalyñ!
-
Yegen
13 years ago
- Sag bola!
Gyz nalasy!
Men seni söýmändim, sen meni söýdüñ,
Gözlem üçin kaýyldyñ sen bar zada.
Sho sebäpli söýemok diýip bilmändim,
Menden özge gyz ýok ýaly dünýäde.
Sen meni sheýlebir görýärdiñ eziz,
A men bolsa söýgi diýlen duýgynyñ,
Neneñsi güýçdüginem görmändim heniz...
Meger duýduñ meniñ söýmeýänimi.
Meniñ didelemden gitdiñ bir salym,
Shonda duýdum seni çyndan halanym.
Ol söýmedik günlerime ser salyp,
Bir gün geldiñ çaldym söýgi mukamyn.
Arman ýöne meniñ söýen shazadam,
Gosha gözi dört bolupdyr ekeni...
Men seni soýäýdim sen bolsa indi
Özge gözel bilen ýashashyp ýörsüñ.
Seniñ üçin ähli zada kaýyl men,
Meñ naçar dünýämde diñe sen barsyñ!
Ne üçin indi meñ ýanyma geleñok?
Ozal saña söýemok diýip bilmändim,
Bu gün bolsa söýýän diýip bilemok...
*****
Çagyryldym bardym seniñ toyuña,
Men barmasam bu gelshiksiz boljakdy.
Gutlamaly boldum deñ-dushlam bilen,
Ýöne diýiljek söz bagrymy diljekdi...
Bokurdakda bir uly dash doñup dur,
Bir söz diýsem eräp ýash bolup damar.
Emma, gutlamaly syrym bildirmän,
Gözlerimden añar dostlaryñ senin...
Senem otyrsyñ maña seredip,
Ýekeje söz diýsem gapyp alarsyñ.
Onsoñ señ ýüregñe ýyldyz göz dälde
Ýyldyrym göz bilen talañ salarsyn...
Ýylgyrdym geçmishi undup biraz,
Hem özümi ýitirip tolgundym asha.
Gara gözleriñe göni seredip
Diýdim gelniñ bilen bagtly ýasha!
Dört sözde gutlagyñ baryn jemledim,
Bu sözüm gollady töwerek dashym.
Ýok men aglamadym söýgümiz ýatlap
Ýöne señ gözüñde göründi ýashyñ...
-
asiya
13 years ago
- tuwelemeee.... sahyrlarymyza kopelya)))))))))
gowy yazypsyn yegen. sagja bol bizin bn paylashanyn un..
-
ADALATLY
13 years ago
- Sag boluň.gošgudan bašym čykanokda.ýogsama.......:-)
-
asiya
13 years ago
- yogsamy name ka............?
-
magnit
13 years ago
- güzürdetjekdir saylama go$gulardan :D))
-
Romantik
13 years ago
- ayyyyyyy talyp com-y gyzyklyrak edayinda, bolmasa giresinem gelenok...
-
Yegen
13 years ago
- Giderin men mundan, indi eglenmen,
Unutmagyn ýatlamalañ bardygyn.
Ak shäherde seni söýen oglan men,
Kim bilýär täleýde nämäñ barlygyn.
Ýazyñda sizem, birzatlar çyrshasañyz bolar, esasy zat goshgy aýdyshmak!
-
Abadan
13 years ago
- SÖYGİdiymek name,''AÇIŞ''
diymekmi?
Yada ganat baglap uçuş
diymekmi?
Kalbyndakya bar
arzuwym,umydym,
Şonungüçin jandan geçiş
diymekmi?
==
SÖYGİname yürekdaki owazmy?
Yada joşgunduryan aydymmy-
sazmy?
Gülzarlygy mydam yadyna
salyan,
Sowulmaz bagülli Baharmy-
yazmy?
==
SÖYGİname Adamdaky
arzuwmy?
Yada könlündaky hyyal-
hyjuwmy?
Ony oda oklap,son suwa
Zyngyan,
Oya batryp,horlap yören ejirmi?
==
Şeydip,öz özüme sorag berip
men,
SÖYGİN namedigni bilmekçi
boldum.
SÖYGİdiyen zada düşünmani
hiç..............,
YENE,şol soragy jogapsyz
goydum...!!!
-
Yegen
13 years ago
- Görmekçidim bagtymy,
Gysh günüdi, gushlukdy,
Gyshda söýgiñ wagtymy
Ah ýashlykdy, ýashlykdy.
Ne gysh güýzi bilýär ol,
Ne gündizi bilýär ol,
Diñe gyzy bilýär ol,
Giden göwni hoshlukdy.
Saldyñ basha nä gün gyz,
Nirä barýañ sägin gyz,
Bägül gabak,bägül gyz,
Göz ümledi dash çykdy.
Ene gyñyr bakmady,
Myhman diýip çaklady,
-Ýumurtgañyz ýokmudy?!
-Wah, ketegmiz bosh çykdy!
Çyn ashykdym höçjetdim,
Shol gyz diýip ötçekdim,
Ýumurtgany nätçekdiñ,
Jübüñema boşlykdy.
"Ýokmy" diýip eglendim,
Ýokluguna begendim,
Bir garypja oglandym,
Bar baýlygym ýashlykdy.
Diýdim: "ertir nemede,
Geläýerin ýenede,"
Öýden çykdym kümede,
Gara gözler gash kakdy.
Hatym berdim geregme,
Aram girdi ýüregme,
Agsham iýjek çöregmem,
Peshgesh berdim, açlykdy.
Nan-iñ uly sowgatdy,
Tutdurmazak tez atdy,
Gije geçdi, dañ atdy,
Shol–iñ belent bushlukdy.
Çykmalydyk kenara,
Geldi meñzäp çynara,
Näm bolduka ýanwara,
Tokaýlykdan gün çykdy.
Görejiñe garadym,
Alyn saçyñ daradym,
....Üç ay geçdi aradan,
Gyzyñ ýeri bosh çykdy.
...Shahyr sesin kes indi,
Söndi otly kesindi,
Ýañrap ýörme bes indi,
Agtygyña dish çykdy!
sahett 13 years ago- gijäni atyryp daña, garashýan
jogabyña!
yegen gowy gosgy eken gijen yat dan atyanca oturma,