Köňlüm, saňa nesihat, gezseň serbeser gezgin, Tany dosty-duşmanyň, öýňe bahabar gezgin, Ganym bilengarjaşsaň, daýym muşty-per gezgin, Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin, Kyrk ýyl maýagezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin. Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, Birisine gep berip, ol birine al berme, Owwal adamdan gaçma,gaçsaň asla el berme, “Jan aga, özüň bil” diýp, her näkese ýalbarma, Kyrk ýyl maýagezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin. Nepes, hiç bir kem durma deňi- duş-u, dost-ýardan, Pul tapmasaň göterme näkes bilen süýthordan, Herdiläňde gam basar, köňlüň dolar gubardan, Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden, Kyrk ýyl maýagezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

Köneler, Bahbit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir