Salam azalar! Her aýdymyñam öz döreýish taryhy barmyka diýän mena. Shu taýda meni bir aýdym özüne çekdi, bu aýdymy belli aýdymçylarymyz Atabaý Çarygulyýew, Akysh Saparow, Suhan dagy hem aýdýar. Aýdymyñ ady Ýaman ykbal, shu aýdymyñ taryhy hakynda bir tanshym sheýle gürrüñ berdi: "oglan bilen gyz söýshüp durmush gurýarlar, oglan gyz bilen bir gije ýashashýar. Öýlenen gününiñ ertesi oglany agyr jenaýatda aýyplar tussag edýärler we 25 ýyl azatlykdan mahrum edýärler. Oglan 25 ýyl oturýar, gelni bolsa oña shonça wagtlap didaryny görmän garashýar. Ýañky adam 25 ýyl tussaglygyny dynyp öýne gelýär, ýöne ol gijä galýar. Aýaly shol gün amanadyny tabshyryp, ony soñky ýoluna ugratjak bolup duran ekenler. Ol adam bu ýagdaýa hushy bashyndan uçup gaty erbet hapa bolýar. Shondan soñam shu aýdymy döredýär", diñläñ: Ýaman ykbal Ak ýaýladan geçdi göçüm, Kül boldula gara saçym. Bir göreýin ýüzün açyñ, Aý gyz ykbal ýaman eken. Saçyñ bardy nogta ýaly, Dishleriñ dürden mysaly, Näzik teniñ pagta ýaly, Aý gyz ykbal ýaman eken. Suw güzerden göçüm gördum, Içinde bir laçyn gördüm, Wah çalaran saçyñ gördüm, Aý gyz ykbal ýaman eken. Uzak ýoldan aryp geldim, Aýra düshüp aglap galdym, Men bir däli-telbe boldum, Aý gyz ykbal ýaman eken. Ine shu aýdymyñ döreýish rowaýaty! Çynmy-ýalanmy ýöne bolandygna welin shübhe ýok. Agzalar sizem aýdymlaryñ döreýish taryhy hakynda bilýäniñiz bar bolsa ýazyp duruñ. Hatlaryñyza garashýan!
Aýdymlaryñ döreýshi!
-
Friendship
13 years ago
- Yegen, sagja bol! $ul aýdymyñ sözlerini öwrenip bilmän ýördüm. Gaty gowy aýdym!
-
Yegen
13 years ago
-
Yegen
13 years ago
- Sag boluñ sizede! Meni köp aýdymlañ döreýis taryhy gyzyklandyrýar, elbetde aýdymlaram ýöne ýerden döräýenok! Keç ykbal, keç söýgi, durmush wakalary esasynda döreýär!
-
santosh
13 years ago
- menem bir aydymyn doreyish chala gulagma degipdi.Ol aydymy Hajy Ýazmämmedow aydyar.Ol aýdymyn adyny dogra bilemok,yone"men yandymmykan"diyan.Bu aydymyn manysy obada biri oz ogly u/n guda bolyar,toy guni yanky oylenyan oglan gelin mashyna munup gyza almaga baranynda,gyz toy gununin on yan gun agshamsy gachyp gidyar,oglan namys edip agsham lul piyan bolup,toya gelen myhmanlary gorkuzman,gaty gownuachyklyk b/n toy adamlara toyun gelin toy daldigni,tersin doglan gunudigni aydyar,hemen shu aydymyn sozlerini doredyar.In gowy zadam oglan oz janyna kast etmandirde,yuregindaki hapalygy beyan edipdir.Aydymyn sozlerini doly bilemok,esasy bir yeri yadyma dushya,"Nache yigide gownuni berdin,Nache yigidin oynuna girdin,Aytsana gyz sen kime bardyn,2 yuzli biwepamyn sen. Saman boldy soygunin guyji,Boldy yarym durmushum ajy,Bosh gaydandyr sizden gelinalyjy,2 yuzli biwepamyn sen"ine men eshiden gysgacha aydymymyn taryhy,hormatly agzalar.
-
Yegen
13 years ago
Sag bol Santosh! Shol aýdymyñ taryhyny menem eshidipdim, aýdymyñ ady Gelnaljy bolmaly. Sözleri ýadyma düshýär çalarak:
Sizden bosh gaýdandyr gelnaljy,
Iki ýüzli biwepamyñ sen.
-
tihiy
13 years ago
- Dostlar "deniz gushum" diyen aydymyn taryhyny aydyp berayinda bilyaniniz bolsa.
-
tihiy
13 years ago
- Dostlar "deniz gushum" diyen aydymyn taryhyny aydyp berayinda bilyaniniz bolsa.
-
tihiy
13 years ago
- Dostlar "deniz gushum" diyen aydymyn taryhyny aydyp berayinda bilyaniniz bolsa.
-
tihiy
13 years ago
- Wi bagshlak kopurak gidayipdir.
-
vesna87
13 years ago
- gaty gowy sag bolun. Yone mena dogrym hich zat bilemyok.
-
vesna87
13 years ago
- gaty gowy sag bolun. Yone mena dogrym hich zat bilemyok.
-
Yegen
13 years ago
Shu aýdymam bir Murgaply oglanyñ öz söýgülsine ýazan aýdymy, diñläñ:
Murgap lälesi
Murgap gülleriniñ sensiñ lälesi,
Meger dünýä gelmez seniñ ýalysy.
Meni bu gün etdiñ aý gyz, yshgyñ dälisi,
Adyñ Altyn, ozüñ bägül parasy, Murgap lälesi.
Ýagmyr ýagýar anha älemi buýup,
Sen otyrsyñ anha kalbymy dilip,
Bilýärin, gezýänsiñ ýürekden söýüp,
Sen bir bagda biten, bägül parasy, Murgap lälesi.
Men saña birje söz, aýtmak isledim,
Emma aýdabilmän, hergiz pesledim,
Eý näzenin bu aýdymy, saña besledim,
Sen bir bagda biten bägül parasy, Murgap lälesi.
Muhammet seslendi, men seni söýýän,
-Eý näzigim diý senem, "men seni söýýän",
Ajy ykbal diýdi bize: "men aýra goýýan",
Ajap birikmäniñ ýokmy çäresi, Murgap lälesi!
Bu aýdymy bashda aýdymçy Hommat Gara aýdypdyr!
-
Bagyr
13 years ago
- Yegen gowy tema acypsyn sagja bol! Men basgarak estdim has dogrusy her hili gornusde aydylyar! Yone men esdenimi yazayyn mumkin gyzykly bolor! " Garaz sol oglan gyz bilen durmys guryar yone toy guni agsam daje gelninin yanyna girmanka gije oylernin yanynda goh bolyar onsan bulam oyunden cykyp gorse Gapysynda birini oldirip zynyp gidyarler! Garaz sol oglany pastawa goyyarlar! SSSR wagty kanun hem berk tutylan bolmalyda ony goni Sibire surgune ugradyarlar! Bilemok nace wagt turmede bolonyny yone bosap gelen guni gelni yogalypdyr! Bilemok oza su gyzlar gelin bolondan son bir zadyna uytgetyarler namelerini uytgetyanlerini bilemok oylenmamson! Mumkin yalygynymy yada sac oruslerinimi garaz son gelinligi edil gyzlarynky yalak sacy orulen eken onam gelen guni goryar yogalandan son! ((((
-
Yegen
13 years ago
Sag bol Bagyr maglumatyñ üçin! Elbetde señ aýdýanyñ dogrudyr! Shu aýdymyñ taryhy köpden bäri dilden düshürilmän gelýär! Ýöne bular ýaly ykbaly hiç bir ynsanada görkezmesin ALLAJAN!
-
Yegen
13 years ago
Ýene bir aýdymyñ taryhy. Bu aýdymy Aganyýaz, Nurmuhammet Meredow aýdardy. Bu aýdymda bir oglanyñ (ol oglan sazanda bolan öñ) öz biwepa gelnine düzen aýdymy. Nurmuhammet Meredow-albom 34.
Gunça
Diýmän galsam düwün galjak göwünde,
Bashda neçün söýýän ýalydyñla Gunça.
Nä hal urdy horluk çeken günümde,
Ir dälmidir, basym doýduñla Gunça.
Eýle diýdiñ, saña bahana näme,
Ar-namys nirede sygmady dine,
Tyg ýarasyny salan bolsañ bu jana,
Wepaly ýarlardan borduñla Gunça.
Maña tiken boldy gül diýip tutanym,
Betbagt eken bagt diýip tutanym,
Öñden barmy biwepalyk sütemiñ,
Ýüzüñden perdäni syrdyñla Gunça.
Ýenede bir aýdym! Munam Nurmuhammet Meredow aýdýar. Albom-34 Bir Ashgabatly oglanyñ düzen goshgusy!
Gülälek
Göwün berip söýen gülüm, göz oñüme getirýän.
Shol günler gaýdyp gelse, diñe bagtym sen diýerdim.
Göwün berip söýen gülüm, göz öñüme getirýän,
Keç ykbalym meni allap, armanymy ýitirdim.
Günäkär bolsamda, seni küýseýän läläm,
Indi giç bolsada, seni küýseýän läläm,
Soñky aýdan sözüñe, ýüregim meñ paralandy.
Özgäñ ýary bolañsoñ, kalbym yshka ýaralandy.
Ýusup aýdar namany, ýüregim meñ paralandy,
Özgäñ ýary bolañsoñ, kalbym yshka ýaralandy.
Gülälek bagyshla,
Gülälek bagyshla.
-
asiya
13 years ago
- gynancly aydym ken(((((
-
asiya
13 years ago
- gynancly aydym ken(((((
-
Yegen
13 years ago
- Hawa Asiya, her aýdymam bir taryh!
-
asiya
13 years ago
- :( :( :(
gynanyan((((
-
asiya
13 years ago
- :( :( :(
gynanyan((((
-
Yegen
13 years ago
-
enesh91
13 years ago
- Her aydymyn ayratyn taryhy manysy bar. mena koplenc halk aydymlary dinleyan
-
asiya
13 years ago
- mena diñe gynançly, yada medlyak diñleyan...
-
Abadan
13 years ago
- Men duyn palwanyn $u aýdymyny dinlap gynandym.öñ dinlap görmandim.
oýnap yören cagajyk, ykbalyndan bihabar,
turma dusdi kakasy,ejesinden al habar.
Guni gecyar $atlykda,eli yetenok arine,
oýna$ tapdy dessine,baslady bet kärine.
===
haram keype bulasyp,yatdan cykdy ojagy,
uklap galyar gul caga,kuysap mahrem gujagy.
Masyn gelyar yzyndan alyp gidyar ejesin,
yene-de ol ejesiz gecirmeli gijesin.
===
du$unerden ýa$ bolýar,neresseje cagajyk,
bilerdi,sorardy akyly yetse azajyk.
Solup baryar gul caga,duyyan yok halyny,
iyip otyr ir ag$am suwa basyp nanyny.
===
gunler seydip gecip dur,biri-birine seplenip,
cagajygam ulalyar,biler indi geple$ip.
Bo$ap geldi kakasy,gurrun berdi balasy,
özelenip ýalwardy,diýdi ejem gelmesin.
Abadan 13 years ago- Gynancly waka eken yegen.menem yazardym welin bilemokdaDine aýdym dinleyana