SABYR HAKDA Enes ibn Mälik (radyýAllahu anhu) rowaýatyna görä Pygamberimiz (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýtdylar: „Hakykatdan hem sabry iň köp adam başyna kynçylyk gelen wagtynda sabyr eden adamdyr“. (Buhary rowaýat edýär). ŞERHI: Musulman - ahlak göreldesidir, onuň her bir hereketi Allahyň (jelle jelaluhu) halyfasy derejesine mynasyp bolmalydyr. Durmuşda Allah (jelle jelaluhu) musulmany her hili synaglar bilen synap biler. Mu'miniň iň gözel ahlak häsiýeti-sabyrdyr. Mu'min hiç wagt öz agraslygyny, mertebesini, edep-ahlagyny gaharlanyp ýitirmeli däldir. Sebäbi şeýtanyň iň uly maksady mu'mine ahlaksyzlyk etdirip bilmesidir. Gaharyny getirder, haram söz etdirer, kalbynda bolgusyz iş etdirip ýaman amal işleder. Şonuň üçin mu'min sabyr bilen ýaraglanmaly. Adamyň başyna musybet-kynçylyk gelende ilki bilen başda kyn bolýar. Şonuň üçin iň kyny başda sabyr etmekdir, erkiňi ýitirmän ahlakdan çykmazlykdyr. Sebäbi synaglar gelip-geçuwjydyr, emma amal galyjydyr we depderiňe ýazylýandyr. Sabyr bir bada gazanylýan ahlak häsiýeti däldir. Ol iman, takwa, yhlas, adamyň ylym we hikmeti bilen baglanyşyklydyr (ýagny şoňa baglydyr). Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) bir hadysynda „Sabyr imanyň ýarysydyr“ diýýär. Sabyrlylyk-Allahyň (jelle jelaluhu) guluna bagyş edýän iň gözel häsiýetidir. Sabyr-amallaryň dowamatynda, günälerden saklanmakda we Allah (jelle jelaluhu) ýolunda başyňa gelýän kynçylyklarda gerekdir. Mu'min şu üç ýagdaýda hem ilki babatda sabyr etmeklige üns bermeli. Wagtyň geçmegi bilen adam sowaşýar, köşeşýär we özüňi erkde saklamak aňsat bolýar. Şonuň üçin iň başdaky nebis urgysyna we şeýtan waswasasyna garşy saklanmak iň kyn sabyrdyr. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) gaharyň gelende täret almany, kynçylykda Kuran okap Allah (jelle jelaluhu) töwekgellik etmäni, Allahdan (jelle jelaluhu) sabyr dilemekligi ündeýär. Bir gezek ahlak perdesini öziňe erk edip bilmän ýyrtansoň, ol adamyň ruhynda yz galdyrýar. Kalbyňyzy we musulman şahsyýetiňizi goramak iň möhim işdir, has hem öňde baryjylar üçin zerurdyr.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir