Säher şemaly bilen oýandym ýene, ala-baharyñ iñ asuda gününde. Saçymy sypalap geçýän bu tämiz şemal, hamala, içimde könelişen öñki duýgusyz umytlaryma gaýtadan jan berýän ýalydy. Meni, dünýä ýañy gelen päk çaga dek duýdurýan bu şemal täze söýgümi habar berjek, daýawdan gelen uzyn, nurana aksakgal sypatynda, ýene-de öñki ýalan duýgulary getirjek ýalydy. Pany dünýede ýalandan doýan bu ejiz ýüregim, hemişeki ýaly ýene-de aldyrdy özüni o ýalan şemala. Heniz ýürek ýarasy bitmedik men, ne ýüregimi diñlejegimi, ne-de aklymy diñlejegimi bildim. Ikirjiñlenip durkam, birden ýüregime gelen ylham bilen düşegimden nädip bökenimi bilmän galypdyryn. Şemalyñ güýjüne açylan penjirämden gelen nur saçyp duran ak kepderini görüp ýüregim ynjalyberdi. Duýýady, her näçe aldananam bolsa, kepderiñ agzyndan çykjak buşluga garaşyp, begenjinden iki bolup bilenokdy ýüregim. Bu gezek öñküden üýtge$ik boljagyny syzdy we ruhuma: "Eý, meni men edýän söýgüniñ Piri! Meni, hanha, şol görýän kepderime elt!" diýdi. Göreliñ hany, bu gezekki synagda öñküleri ýaly puç bolarmy ýa bu gezek, hakykatdanam, bagt-perisini görkezýän kepderä ýetip bilermi.....

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir