turkmen edebiyatykemine yaly gelin gyzlan zulpuni taryplan yok............. Aždarha dek ýassanyp, genji-nahana zülpüň, Meşhury älem olmuş, pany jahana zülpüň, Görkezmedi gül ýüzüň, bag Ispihana zülpüň, Äleme anbar saçar, degende şana zülpüň, Neýleý ki ot salypdyr, men natuwana zülpüň. Haý-haý seniň ýörişiň arslana, şire ogşar, Ala-ala gözleriň janymny iýre ogşar, Halka-halka zülpleriň kementli dara ogşar, Örüm-örüm saçlaryň owsunçy mara ogşar, Her tary başga-başga, ot saldy jana zülpüň. Ençe dessan eýlerem ýaryň çeşmi - mestine, Bir mylaýym söz bilen, gülüp baksa dostuna, Ýerden göter zülpüňi, goýma aýak astyna, Sähelçesin sypalap, goýber ýüzüň üstüne. Dökülsin zire-zire näzik nahana zülpüň. Görüp ol mahy-ruýyň, köňül her ýana ýortar, Görkezmeseň ýüzüňni, gozgalar, derdim artar, Otursaň, saç darasaň, saçyň ýüzüňni örter, Saňa aşyk bolanyň, elbetde, gany dartar, Galar her gün webala, ýüz nähak gana zülpüň. Eý doganlar, neýläýin, kine-şikesdir maňa, Dünýä baky berilmez, sen bolsaň, besdir maňa, Sen gözüňden salmasaň, bu dünýä dürsdür maňa, Meger gözüňden salsaň, bu dünýä ýasdyr maňa, Gyzyl suwun beräli, getir dükana zülpüň. Dürli-dürli iýmişiň tapylmaz her agaçda, Bäh, ne katdy-kamatyň, zülaly boýda, başda, Ýöräp-ýöräp ýetişsem, tarypyň eşde-eşde, Darap-darap goýberseň, ýüzüňden puşda-puşda, Altyn suwun beräli, getir dükana zülpüň. Hup açylmyş gülleriň, güllerden özge bolsun, Sözle, şirin tilleriň, tillerden özge bolsun, Guçam näzik billeriň, billerden özge bolsun, Biziň tutan işimiz illerden özge bolsun, Akyzyp eşki-ganym, aby-rowana zülpüň. Gel, gidäli, Kemine, seýli-çemen isteseň, Läle-reýhan açylan ter enjimden isteseň, Lagly göwher dakynyp, dürri Ýemen isteseň, Zülpüň her bir taryna ýüz müň tümen isteseň, Nagt bereýin pullaryň, bir-birden sana zülpüň.

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir