Pes pälli bol, ynjytmawer, kemsitmäwer hiç kimsäni, Synaýandyr, bu bäşgünlik synaw dünýäsi, ynsany. Haýyr işe gümra bolgyn, çykmanka bu teniň jany Hasapsyz zat ýokdyr asla, myhmanysyň bu dünýäniň! Ýagşa ganat ýaýar derwüş, yrsgyn saklar alsaň gargyş, Galdyryp git bir haýyş iş, myhmanysyň bu dünýäniň! Ýamanlara ýanaşmawer, ýokmasyn oň hiç garasy, Esli menzil, uzak durmuş, haýyr bilen şer arasy. Munda gaty görülýändir, ýamanlaryň, wah çäresi Sogabyňa sogap bardyr, myhmanysyň bu dünýäniň! Halal ýaşa, halal işle, halal gazanjyňy dişle Ýaman zada diýme "hiçle", myhmanysyň bu dünýäniň! Ýa Allahym, jan Hudaýjan, geç günämi, ähli hatam Bolmasyn närazy menden, käbäm enem, kyblam atam Gam laýyna batýan käte, oturýaryn bolup matam Sanalgyja ömür bardyr, iman gazan bu dünýäde! Bu dünýäge gelen, geçer, jan bir guşdyr, birgün uçar Hossarlaryň göz-ýaş seçer, myhmanysyň bu dünýäniň!
MUHAMMET BAYRAMOW Myhmanysyň bu dünýäniň
-
Ayjagash
13 years ago
- Mura92 gowy goshgy. Sagja bolun.
-
jeyn91
13 years ago
- gowja goshygy eken
-
makez
13 years ago
- betje goshgy ekenay
-
Auditor
13 years ago
- Mura tùweleme! Gaty manyly temalary acyanz, kop sag bolun!
-
samat
13 years ago
- gosga gosgujan eken.tuweleme.yone agzalar,gosgy.com saytyny acmakcy bolyan yokmy,yas sahyrlar ucin?elimizden gelen komegi ederdik.
-
aynash
13 years ago
- goshgy gaty gowy,manyly eken
Ýa Allahym, jan Hudaýjan, geç günämi, ähli hatam
Bolmasyn närazy menden, käbäm enem, kyblam atam---goshgynyng shu setirleri hasam gownume yarady sag bolung mura92 biz bn paylashanyngyz un!!!
-
aynash
13 years ago
- goshgy gaty gowy,manyly eken
Ýa Allahym, jan Hudaýjan, geç günämi, ähli hatam
Bolmasyn närazy menden, käbäm enem, kyblam atam---goshgynyng shu setirleri hasam gownume yarady sag bolung mura92 biz bn paylashanyngyz un!!!
-
Auditor
13 years ago
- samatyn teklibine goshulasym gelya
-
Gurban93
5 years ago
- Myhmanysyň bu dünýäniň
Pes pälli bol, ynjytmawer, kemsitmäwer hiç kimsäni,
Synaýandyr, bu bäşgünlik synag dünýäsi, ynsany.
Haýyr işe gümra bolgyn, çykmanka bu teniň jany
Hasapsyz zat ýokdyr asla, myhmanysyň bu dünýäniň!
Ýagşa ganat ýaýar derwüş, yrsgyn saklar alsaň gargyş,
Galdyryp git bir haýyş iş, myhmanysyň bu dünýäniň!
Ýamanlara ýanaşmawer, ýokmasyn oň hiç garasy,
Esli menzil, uzak durmuş, haýyr bilen şer arasy.
Munda gaty görülýändir, ýamanlaryň, wah çäresi
Sogabyňa sogap bardyr, myhmanysyň bu dünýäniň!
Halal ýaşa, halal işle, halal gazanjyňy dişle
Ýaman zada diýme "hiçle", myhmanysyň bu dünýäniň!
Ýa Allahym, jan Hudaýjan, geç günämi, ähli hatam
Bolmasyn närazy menden, käbäm enem, kyblam atam
Gam laýyna batýan käte, oturýaryn bolup matam
Sanalgyja ömür bardyr, iman gazan bu dünýäde!
Bu dünýäge gelen, geçer, jan bir guşdyr, birgün uçar
Hossarlaryň göz-ýaş seçer, myhmanysyň bu dünýäniň!
Okaýan Muhammet Baýramow.
muzazzi 13 years ago- sagja bol .oran manyly goşgy!