Neneñ oñat! Şol ýagyşlar ýagyp ýör, Şol güller gülleýär türkmen düzünde. Şahyr söýgi setirlerni ýazyp ýör, Senem ýaşap ýörsüñ ýeriñ ýüzünde! Neneñ oñat! Bu säherde gussam ýok, Güllerde damjalar– misli bir dürler. Men saña ýer-gögi peşgeş beremok, Geçdi oña ynanylýan döwürler. Men diñe ýagyşmy, tupanmy, duman, Parhy ýok, şadyýan, gussaly günde, Minnetdar, Minnetdar saña sag-aman Ýaşap ýöreniñe ýeriñ ýüzünde. Güýz donun geýipdir türkmen düzleri, Baglaram sypaýy– miwe bişende. Barha az aýdylýar söýgi sözleri, Barha köp oýlanýañ iñrik düşende. Neneñ oñat! Täze güller açylsa, Güle yhlas eden türkmen düzünde. Hüwdi bolsa, çörek bolsa, gün bolsa, Senem ýaşap ýörseñ ýeriñ ýüzünde.
G.Ezizowyñ $ygyrlar hazynasyndan
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol friend dost.
-
littil
13 years ago
- gowja goşgy bize ýetireniň üçin spasiba.
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- $u $ahyr baradaky temajyklary söyyändä. Sag bol friendship
-
Auditor
13 years ago
- In sonky setirlerä hasam ajayyp..
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- auditiya ajayyp diylenok bet diyilyär
Servi 13 years ago- Guyz paslyny soyen shahyra sag bol,ony paylashana-da!