Ak guş bolup uçsamdym, Öz ilime düşsemdim, Öz ilimiñ suwundan Ýatyp-ýatyp içsemdim! Howasyndan alsam dem, Ýüregime bolar em, Ýatdan çykar aýralyk, Başym sypasa enem. Örtensem, oda ýansam, Öz topragma daýansam, Jar çekende dañ horaz, Öz ilimde oýansam. Geçip depe-düzleri, Görsem mährem ýüzleri, Diñlesem men her günde Doga dilde sözleri. Geçmişiñde öwüt kän, Eziz mekan, höwürtgäm, Unutmaz señ görküñi Suwuñdan bir owurtlan. Ak dañlar – şirin sazdyr, Agşam şapagy közdür, Her pasyl öz ýerinde: Gyşy – gyş, ýazy – ýazdyr! Adyn her dem tutanym, Yhlasymdan gatanym, Meniñ dogduk topragym – Türkmenistan Watanym. Türkana gözel görküñ, Agrasdyr asyl durkuñ, Köküñ gara ýerdedir, Gökdedir seniñ örküñ.

Köneler, aynash tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir