Salam hormatly agzalar we dostlar. Menä özbolu$luja bir täze saýt tapdym we $oña gaty gyzygdym. Egerde edebiýat bilen me$gullansañyz size maslahat berjek saýtymyñ ady www.turkmenedebiyaty.com ine bu go$gynam $o taýdan $u wagtjyk ogurlap gaýtdym swejije entek. GSM Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda. Giripdir düýşüme mojuk* bir ahwal: Bir äpet maşyn dur redaksiýada. Aşagynda bolsa – üç aýak stol. “Bu niçiksi maşyn?” Berdim men sowal. Diýdiler:“Goşgyny saýlaýan maşyn” Her anna gününde indiden beýläk Näçegoşgyň bolsa getirber, şahyr!” …Ynha ýetip geldi arzyly anna. Şahyrlar üýşüpdir uludan-kiçä. Nobatyň bir ujy – maşynyň ýanna, Beýleki bir ujy syganok köçä. Gara saçlymysyň, Ak saçlymysyň, Ýa-da saçlaryňdan ýaşy çal sepen Şahyrlar asuda garaşyp durlar. (Bularam asuda boljaklar eken). Nobatyň ýetdimi - gapagy göter. Naçe goşgyň bolsa – içine okla. Çilimiň otlada bäş minut garaş Onsoň oklan zatlaň täleýi hakda Özünüň pikirin aýdyp dur maşyn. Birin saga zyňýar, birini çepe. Saga giden – düşýär hapa ýaşşigne. Çepe giden – düşýär gös-göni çapa. Eýýäm bir dostumyň eli sandyrýar. Meniňbolsa eýýäm sandyrýar beýnim. Sandyrap başlady ýene bir dostum – Ýaş dostum – wah, seňki nämedi, inim! Seniň bar geljegiň öňüňde entek. Seniň maňlaýyňa ýazlypmy şygyr? Şahyrlyk bolmasa - ýene-de bir kär. Emma kyrk ýaşdan soň biz üçin agyr!.. Gelip dur ýigitler. Gelip dur gyzlar. Barha uzap barýarnobatyň yzy. Hanha, ajap bir gyz belläp dur nobat. Tanyşol: TDU-nyň student gyzy. Gözleride ajap, ýüzi-de ajap. Alkymna nur saçýarköýnegniň nagşy. Ýöne alyp gelen goşgulary hem Özi ýaly ajap bolaýsa ýagşy. Ýogsa bu maşynda sylag-hormat ýok. Ýigitmiň, perimiň – bolaý sen her kim – Görküňe, boýuňa seredip däl-de, Şygryňa seredip kesýärdi höküm. Lenin baýragynyň laurýeatmyň, Pyragy baýragnyň laurýeatmyň, Halk şahyry diýen uly atlymyň, Ylymlar doktory, kandidatymyň – Seniň kimdigiňe bakanokdy ol, Bolsa-da egniňde her niçiksi çin, Ol hyzmat edip dur çin üçin däl- de, Ýalňyz, ajap, uly Poeziýa üçin. Goşgynyň yzyndan oklanýar goşgy Hordaň – saga gidýär, oňadyň – çepe. Çep tarapda diňe bäş sany kagyz, Sag tarapda eýýäm giden bir depe. Sandyrapbaşlady ýene bir dostum. A-how, töweregmiz gyz bilen gelin. Birdensandyrýanyň duýaýmasynlar Walla,kisäňe bir salsana eliň. Aýby ýok, gardaşym, şahyr bolmasak Goý, bolman geçeli. Ýöne weli biz Gyzlaňýanynda bir beýdip durmaly. Edil polat ýaly bolsun elimiz… Men diýen şahyrlar ýaýkaşyp başyn, Gaýdyşyp barýarlar ýüzlerin sallap. Özlerem bilenok nirä barýanyn. Göýä polklaryndanazaşan soldat – Herisi öz polkun gözläp barýardy. Ne gykylyk bardy, ne-de bir gybat… GSM” işläp dur. Nobat ýöräp dur. Bir görsem ýetipdir Maňa-da nobat. “Geçiber, geçiber, geçiber uýam!” Nobatymy berdim yzdaky gelne. (Hormatlanym üçin şeýtdimmikämmen, Ýok gorkanym üçin etdim men şeýle). Ol gitdi. Ýene-de nobatym ýetdi. “Geçiberiň”diýdim yzdaky gyza. (Hormatlanym üçin şeýtdimmikämmen, Ýok, ýok gaçjak bolup çekildim yza). Emma gyz hilämedüşünen eken. “Howlugamok” diýip, ýylgyrdy hötjet. Öz-özüme diýdim: “Bar, gaçdyňam sen, Ykbalyňdan gaçyp sen nirä gitjek?” Pedalyň üstüne aýagym atdym. Ryçagy çekdim. Açyldy gapak. Bir papkagoşgyny içine atdym. Hopugyp oýandym… Akmak men, akmak! Şomahal oýanmak nämäňe gerek- Ýene bir minutjyk ýataýan bolsaň, Seniňem kimdigiň belli bolardy Belki, çyrşamaňy goýardyň onsoň :))
Edebiýat barada mümkin men ýaly bilmeýänleriñiz we tapsañyz gyzyklanjaklarñyz bardyr.
-
Bahbit
13 years ago
- Ahmal servi
-
Bahbit
13 years ago
- Ahmal servi
-
littil
13 years ago
- bahbit gowy goşgy. ogurlasaňam seňki halal.
-
Bahbit
13 years ago
- Bäh görýän welin edebiýat barada gyzyklanýan az öýtýän. Aý borda
-
turkmenntug
13 years ago
- govuja goshgy. kerim aga g.s.m.(goshgy saylayan ma$yn)
Sag bol bähbit dost.bu yerdäkilen köpisi edebiyata gyzykyamyka diyyän menä...
-
Abadan
13 years ago
- Yok bahbit,nejeptm ýalny$yanyz edebiyat bn gyzyklanyan kandirle,menä gyzyklanýan.O saýtam men önden barem girip ýörün,gogledan G. Ezizowyn go$gularyny tapmak ucin gözlamde tapytdym.Menem $u ýerik yazyan go$gulammyn köpusini $o saýtdan alýanda.Gowy saýt bahbit,agzalammyza ýörüte aýdanyn ucinem minnetdar.:-)
-
turkmenntug
13 years ago
- men "köpüsi edebiyat bilen gyzyklanyandyr"-diyjek boldum...
-
Abadan
13 years ago
- Ha nejeptm bagy$la ýalny$ okap,ters du$ünipdirin.
-
turkmenntug
13 years ago
- zyýany yokla.siz bagy$lañ.men dü$nükli yazyp bilmedim!
-
Bahbit
13 years ago
- Öz halaýan sahyrlarnyzy taparsynyz. Ine su ýere basyñ Ine su ýere basyn
-
Bahbit
13 years ago
- Bolmady. Ýalñys boldy
-
Bahbit
13 years ago
- Bolmady. Ýalñys boldy
-
RADO
13 years ago
- Talyp talyplygyn cyn bolyan bolsa, carelere cumup cykyp cumup git, gowy okajagyn cyn bolyan bolsa dekanlardan yanyp bisip yanyp git. Basaran carelen icine garys talypdan dos tutun dekandan tanys rektorat icinden gozleme durmus kopluk bilen aktiw zala sinip git. Talyplar aydayyn kyyamat nedir, dekanlar ownasa kyyamat sodur, her bir dekana goymagyn gadyr on dekany bir talyba danyp git. EDEBIYATDAN BIR PARCA. TDU.RADO.
-
samat
13 years ago
- dogry nahili agyr rado! yas sahyrlarmyzdan we yazyjylardan tamamyz uly...
Servi 13 years ago- Bu meniň iň gowy görýän goşgularymyň biri.
K.Gurannepesow bu goşgyň üsti bilen manysyz zatlary ýazýan ýazyjylary we şshyrlary tankytlan bolsa gerek...