Stata: "Zamanda zamanada bolmadyk zatlar bolýar" Zamanda işleýän bir ýaşulynyň gürrüniňden. Gürrüňini edýän gazetimiz Zaman-Türkmenistan barada.Gazet hepdede bir gezek çykýar.Baş redaktory Jemil Ýyldyz.Milleti türk.Jemi işgär sany 40 töweregi.Umuman şeýleräk... Şu ýerde men size bir edara 6 aýyň dowamynda 40 işgärinden 30 syny çalşypdyr diýsem "eyy toba beçlede zat bolarmy diýersiňiz".Ýöne şula bolýa eken.Ine Zaman-Türkmenistan gazeti.Baş redaktor Jemil Ýyldyz.Ol ilki bada beýlede däl eken.Indi ol türkmen intelgesiýasynyň arasyna börü kimin giripdir.Nirden ýöremeli bilipdir deýýus.Onsoň islänini edýamiş.Howwa howwa hatda ol atly jurnalistleri,ýazyjylary hem işden kowmany hiç zatça görenokmyş.Hatda Hemra Hudaýguly Meret Hanmämmet we ýene ýeneler... dagylar hem kowlanmyş bu gazetden. Goşgam barmyş bie sany Jemil ajdarha dek agzyň açypdyr, Hemra Hudaýgulam ondan gaçypdyr, Meret Hanmämmedem ondan gaçypdyr, Başka bir ýazyjy gorkagrak eken Gorkynjyndan balagyna syçypdyr.... Ine şeýle galannam näme galannam näme zaman gazetinden okaň. Men ýene bu hekaýamy şol ýaşulynyň sözleri bilen gutarýan "Zamanda zamanada bolmadyk zatlar bolýar"

Köneler, Durdygylych tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir