Salam hormatly, ýurdumyzyñ gülläp ösmekligine uly goşantlaryny goşjak, türkmen halkynyñ asuda, agzybir, parahat durmuşda ýaşamaklygyna uly täsirlerini ýetirjek gadyrly ýaşlar, agzalar, dostlar! Men siziñ ähliñize jan saglygyny arzuwlaýaryn we dostluk baradasyndaky kiçiräjik tymsaly siziñ bilen paýlaşmagy makul bildim. Bir wagtlar bir adamyň erbet häsiýetli ogly bolupdyr. Günlerde bir gün kakasy ogluna bir torba çüý alyp beripdir. Soňra ogluny ýanyna çagyryp: “Oglum, şu torbadaky çüýleri al-da, her gün, her bir erbet sözüň üçin gapa bir çüý kak. Çüý kakmaňy besedeňsoň, maňa aýt” diýipdir. Oglan birinji gününde otuz ýedi çüý kakýar. Ol muny görüp, özünden utanýar we her gün az çüý kakmaga synanyşýar. Birnäçe gün geçenden soň seredip görse, indi hiç çüý kakanok eken. Oglan gidip kakasyny çagyryp:“Kaka, men indi erbet söz aýtmamy goýdum” diýýär. Kakasy bu gezegem “Her gezek erbet söz diýmedik günüň gapydan bir çüý çykar” diýipdir. Kakasy sözlerini aýdyp gidendensoň, aradan ep-esli wagt geçipdir. Ogly gapydaky ähli çüýleri sogrup aýrypdyr. Kakasy ýene gelip: “Tüweleme, oglum. Indi hiç bir erbet söz diýeňok. Ýöne, bir gapa seretsene! Deşik-deşik bolupdyr. Edil şonuň ýaly dostlaryň kalbynda hem ýaralar galýar. Olar seni bagyşlaýandygyny aýdarlar, emma, ol ýara hiç bitmez. Oglum, gowy dost dünýäde iň deňi-taýy bolmadyk gymmat zat ýalydyr. Seni güldürýän, gerek bolsa kömek edýän, ýeri gelende diňleýän adamdyr” diýipdir. Çeşme: zaman gazeti. Ine şonuñ üçin hem geliñ ählimiz dostlaşyp, doganlaşyp agzybirje ýaşalyñ!
Dostluk
-
ahmetjan18
13 years ago
- Beeh oglanyñ kakasy gaty akylly ekeni
-
Auditor
13 years ago
- Adgjmptw Tanyr yalkasyn! Hekayanz gaty kop zady dushundryan. Hakykatdan hem wagtymz barka birek birege mahrli sozleri gysganmaly. Birek biregn gownuni tapaly. Shu gun sylalyn birek-biregi, erte belki gic bolar!
-
Maykl
13 years ago
salam adgjmptw! Öñem okapdym, ýenede okadym. Sag boluñ paýlanyshanyñ ücin!
-
Djdawid
13 years ago
- surat sekilli gornusleri yokmy bu hekayan?
-
aymelek
13 years ago
- elini carpyan smailik)))))
-
yha
13 years ago
- gowy gowy shappiiii
-
makez
13 years ago
- gowy yazylypdyr
-
lYuBiMaYa
13 years ago
- hekaya pikirlenmane mejbur edya =))
-
Stranger
13 years ago
- Оу любимая а можно познакомится
-
Auditor
13 years ago
- Beh bu oglanlaray powod tapsalar gyzlara lak atjak bolup durlar.
-
littil
13 years ago
- adgjptw dogry aýdýaň. hiçem biri-birimiziň göwnimize degmäliň. başarsak biri-birimizi gollalyň.
-
magnit
13 years ago
- ol tebigatyñ kanuny gelneje :-)
-
littil
13 years ago
- magnit gelnejeň öýüňde.
-
Auditor
13 years ago
- Dostluk diyen temada bir gyrly$malyñ. Magnit oyna du$unyan bar du$unmeyan bar. Littil gaty gorya. Diymay shona gelneje
-
magnit
13 years ago
- wii menä oyun eden bolu$ym, bagy$la littil, diymedigim (kellesini stena urup otyran smayl)
-
littil
13 years ago
- ýok auditor men gaty göremok.ýöne şolar ýaly söz eşitmek nepirýatno.
magnit oýu etjek bolsaň başga zatdan et.
-
magnit
13 years ago
- spasibo za sovet!
-
littil
13 years ago
- nezaşdo.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Hemmäñize minnetdar dostlar!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Hemmäñize minnetdar dostlar!
-
Mergen0492
13 years ago
- Doslugyn gowy saklamak barada gowy dushindirish, adgjmptw okmaga gowy zatlar yazyan,sag bol
nejepturkmen 13 years ago- ajaýyp tymsal.sag bol dostum!!!