Hristofor Kolumb bir gün ispanlar bilen agşamlyk naharyny edinýär eken. Nahar mahaly myhmanlaryň birnäçesi Kolumbuň şöhratyny kemsidip gürrüň edipdirler. Amerika syýahaty barada söz açylanda,oturanlaryň biri belent ses bilen: – Ol ýerlere syýahat etmek kyn iş däl ahyry – diýipdir. Kolumb bu aýdylana hiç hili jogap bermändir-de, eline bir ýumurtga alyp, stoluň başynda oturanlara ýüzlenipdir: – Araňyzdan şu ýumurtgany dikeldip goýup biljegiňiz barmy – diýipdir. Ýekänme-ýekän synanyşyp görseler-de, hiç kim ýumurtgany dikligine goýup bilmändir. Şol wagt Hristofor Kolumb ýumurtgany alýar-da, ony tabaga çalaja urup, bir tarapyny ýasaldýar,soňam ony tabagyň üstünde goýýar. „Ynha, hiç kimiň dik oturdyp bilmedik ýumurtgasy dikligine dur” diýýär. Hemmeler gygyryşyp: – Bu-la itiň aňsady ahyry – diýişýärler. Kolumb bolsa: – Dogry aýdýaňyz, bu gaty aňsat. Ýöne bärde kyn zat pikirlenip bilmekdir – diýipdir.
Kolumbyñ ugurtapyjylygy
- 
                littil
                14 years ago
                
 - örän gowja.
 
- 
                angel91
                14 years ago
                
 - gowja hekaya...
 
- 
                betjebiri
                14 years ago
                
 - Edil men yaly kop bilya ekenay(gulyan smaylik) gowu hekaya
 
- 
                Friendship
                14 years ago
                
 - Elleriñe saglyk, adgjmptw!
 
- 
                p0e0r0i0j0i0k
                14 years ago
                
 - manyly hekaya. Spasibo!
 
nejepturkmen 14 years ago- ajaýyp hekayat.sagja bol adg... Dost!