Prezidentiň mobil aragatnaşyk ulgamyna üç hususy kompaniýany çekmek tabşyrygy berendigine hem-de bu pudagy tankyt edýändigine garamazdan, döwlete degişli “Altyn asyr” mobil aragatnaşyk ulgamy monopoliýa bolmagynda galýar. Ahal, Mary welaýatynda “Altyn asyryň” nomerini almak üçin her etrap merkezindäki bu kompaniýanyň edarasyna gelip, polisiýanyň gözegçiliginde ýöredilýän nobata ýazylmaly. Ilkiler nobatlar 10-15 günde ýeten bolsa, häzir nobata durýanlara 60-70 günden nobat ýetýär eken. Mysal üçin, Sakarçäge etrabyndan Azat diýen lukman 14-nji martda etrap merkezlerine baryp, “Altyn asyryň” nomerini almaga nobata duranda, bu ugra gözegçilik edýän polisiýa işgäriniň oňa 20-nji maýda gezeginiň ýetýändigi hakynda el bilen ýzylan hat berendigini aýtdy. Duşak şäherçesinden Geldimyrat mugallym bolsa Kaka etrap merkezine gelip, 24-nji martda nomer almaga nobata duranda, 2-nji iýunda nobatynyň ýetýändigini gözegçi polisiýa işgäri oňa dilden düşündiripdir. “Altyn asyr” mobil aragatnaşyk ulgamyndan özüni Gurbangeldi diýip tanadan ýokary wezipeli hünärmen: “Weaýatlarda, etraplarda biziň mobil aragatnaşyk hyzmatymyzyň örän pesdigini, nobatlaryň köpdügini müşderilerimiziň bolmalysyndan azyndan 3 esse kändigi bilen düşündirse bolar. Eger aragatnaşyk ulgamymyz gowy bolup, internetimiz kadaly işlände, bize müşderi bolmaga isleg bildirýän adamlara aňyrsy 10-15 günüň içinde nomer bermäge mümkinçiligimiz bar, ýerlerde operatorlarymyz ýetik. Ýöne internetimiziň örän haýal, kähalat öçüp galýandygy üçin her etrap günde 10-15 müşderä zordan nomer berip ýetişýär. Islegleriň kändigi, biziň mümkinçiliklerimiziň çäklidigi üçin nobatlarymyz gitdigiçe köpelýär. “Altyn asyr” aragatnaşyk ulgamynyň hilini gowlandyrmak ykdysady däl-de, syýasy meselä öwrüldi” diýdi. Aşgabat şäherine ýazgyň bolup, “Altyn asyr” nomeriň öň ýok bolsa, aňyrsy 10-15 minutyň içinde üç manada bir nomer berýärler, isleg bildirseň internete hem birikdirip berýärler. Ýöne “Altyn asyryň” müşderileri onuň hiliniň örän pesdiginden şikaýat edýärler. Mahlasy, özara söhbetdeşlikde döwlete degişli “Altyn asyryň” hyzmatyndan peýdalanýanlar onuň hiliniň pesdiginden zeýrenýärler, ýerlerde bolsa adamlar onuň elýeter däldiginden nalaýarlar hem uly umyt bilen täze bir hususy aragatnaşyk kompaniýasynyuň gelmegine garaşýarlar.
“Altyn asyr” mobil hyzmaty
-
angel91
13 years ago
- onki mts nahili gowudy!
-
Auditor
13 years ago
- Baryndan bazar eylap onushybermeli. Onkuler telefonsuzam otupdira. Zyany yok!
-
angel91
13 years ago
- :)
-
ependi
13 years ago
- auditor dogry aydyan!
-
gonurdepe
13 years ago
- Salam doslar. Ilki b.n altyn asyryn ozini duzetmeli.onsanam gunde her etraplarmyzda 5,6 nomer gunin dowamynda satylyar.her welayatda-da nace ertap bar pikir edip gorun onsan nedip bizin internetlarmyz,siwyazlarmyz hayallamasyn.men hayran name ycin shony tiz wagytda duzedip bolmayar.4 ay bari Altyn asyr kyn yagdayda name ucin duzedip bolanok yaaaa dowletin yagdayy yokmyka.
-
nejepturkmen
13 years ago
- ata babañ tilpun ulanypmy...
(Gowakdan seredip duran indey smailik)
-
Bahbit
13 years ago
- Howwalaý bizä 2005den öñ telefonsyzam gezipdirsä indem hudaýa $ükür ýokdana gowy wap$e bolmasa näme etjegaý.
-
AHAL
13 years ago
- shukur elhamduliilah!!
-
angel91
13 years ago
- hawa ata-baba gowakda yashanda tel. ulanmandyr. a hazirki dowurde tel.-siz gezmek kyn.
-
demokratiya
13 years ago
- nali gurrunay. Bey diyjek bolsanyz hickiminem ata babalary tel ulanmadyk. Dowur bilen ayakdash gitmeli. Shuwagt 21nji asyrda yayshayas. Galkynyshlar eyyamy.
-
ependi
13 years ago
- yuwash yuwash hemme zat gowlanar, amerikada 20yylda osmandira!
-
demokratiya
13 years ago
- nesip bolsa gowlanar. Yone tmcell'em gowja ishlaymelida. Borclaryny talabalayik yerine yetirmeli. Dowur bilen den gitmeli. Uytgeshik tariflerem yoga munda. Shu zatlary etmage wagt boldumyka diyip oylayan
-
Adgjmptw
13 years ago
- Nesip bolsa, ösüş şu gidişine gitse gysga wagtyñ dowamynda uly ösen döwletleriñ hatarynda bolarys. Daşyndan her hili bozuk pikirler bilen çykyş edýänler barada aýdylanda bolsa it üýrer - kerwen geçer
-
arsenm
13 years ago
- алтын асырда канал йетенок шон учинем номер проблема
-
anakkondaa
13 years ago
- altyn asyr gurruni adamlary zaybal etdi.
Bahbit 13 years ago- Altyn asyryñam barlygnada $ükür