EDEP BARADA Ebu Hureýradan (radyýAllahu anhu) rowaýat edilmegine görä Pygamberimiz (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdylar: „Pallamak şeýtandandyr. Eger biriňiz pallasyňyz gelse, pallamagyňyzy saklajak boluň, saklap boldugyndan. Sebäbi sizden biriňiz pallap „Ah“ diýende şeýtan şonuň üstinden güler“. (Buhary). ŞERHI: Musulman Allah (jelle jelaluhu)-yň ýer ýüzindäki halyfasydyr. Şonuň üçin onuň ahlak we edebi şol beýik mertebä laýyk bolmaly. Musulman hemme taraplaýyn adamlara gözel görelde bolmany başarmaly, şol sanda hem edepde. Edebi gatnaşyklar, hereketler bilen adamlara özüňi söýdirip hem bolýar ýigrendiribem. Adamzat diýseň synçydyr, has hem orta çykyp adamlary dogry ýola çagyrýanlara gezek gelende. Yslam gözellikdir we gözel edep musulmanyň bezegidir. Göräýmäne kiçijik hereket bolan pallama, ýöne Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şoňada üns beripdir. Pallama-ýaltalygyň, ukyny söýmäniň, öziňe erk edip bilmeýänligiň alamatydyr. Şeýtan adam agzyny açsa, agzyndan içine girýär. Gelşiksiz hereket bolan pallama ýanyňdaky adamlary äsgermezlik bolup öz derejäňi gaçyrýar, hormatyňy peseldýär. Şonuň üçin oňarsaň öziňi pallamakdan saklajak bolmaly. Aňyrujy bolmasa agzyňy pallan wagtyň eliň aýasy bilen ýapmaly. Ahh diýip ses çykarmak bolsa Şeýtana özüňiziň üstinden güldürmekdir, sebäbi ol size biedep we gelşiksiz hereket etdirýär. Ol her ýeňişine begenýär. Musulman şeýle zatlara „Aý ownuk mesele“ diýip äsgermezçilik etmeli däldir. „Dama-dama köl bolar“ diýilişi ýaly şu gelşiksiz hereketler birigip, uly günä, haýasyzlyga eltýär. Edil şolar ýaly musulman her hereketine üns bermeli. Iýip-içeňde şarpyldadyp iýmek, burnyňy-gulagyňy dörjeläp durmak, nahar başyna eliňi ýuwman oturmak, nahar başynda dişiňi dörjeläp oturmak, eliňi ýuwaňsoň silkelemek, oturaňda aýagyňy-aýagyň üstinde goýup oturmak we ş. m kän edepsizlikleri etmeli däldir. Şularyň hemmesi daş-töweregiňdäki adamlara sizi ýigrendirer, sizde edepsizligiň häsiýet-endik bolup galmagyna sebäp bolar. Edep-musulmanyň bezegi we nadan adamlardan tapawutlandyrýan tarapydyr.
HADYS 20 (yigirminji)
-
kaya tm
13 years ago
- hakyky dogry aydylan sozler.
-
ependi
13 years ago
- Alla razy bolsun yslam, sheyle zatlar paylashyanyn ucin!
-
muzazzi
13 years ago
- kop sag bol alla senden razy bolsun
-
makez
13 years ago
- gowja yazypsynay
-
nejepturkmen
13 years ago
- sag bol yslam.alla razy bolsun
-
betyigit
13 years ago
- YSLAM SAG BOL DOST!ELLERINGE GULLER BITSIN!BUNY YSLAMYNG OZI YAZMADY TEMANG ADYNDAN BELLI BOLSHY YALY HADYSDA BAR BULAR.BARIK OZ DINIMIZ BARADA HADYSLAR YAZYP BOLYAN BOLSA MENEM OZ BILYANJE HADYSLARYMDAN YAZSAM BOLARMY?SIZ RUGSAT BERYANGIZMI AGZALAR WE ADMINLER?OZ DINIM MUSULMANDYR!BIZ MUHAMMET RESUL ALLAHY(sallallahu aleýhi we sellem)SOYYANDIRIS,SOYMELIDIRIS
-
ependi
13 years ago
- yaz inim
-
yslam
13 years ago
- Alla hemmamizden razy bolsun!
betyigit | 2011-04-19 03:48:00
elbetde yazyp bilersin!
-
betyigit
13 years ago
- ependi men seng nirede ining bolyanay?:Dindi ulular kicheelip kichilerem ulalaydymyka?:Dhay korpeje agzyndan suydi ysy gitmedik:D:P
-
betyigit
13 years ago
-
nejepturkmen
13 years ago
- menä begenerdim hadyslardan yazsanyz!
-
makez
13 years ago
- menem gaty hoshal bolordym
-
DG
13 years ago
- Alla razy bolsun yslam aga!
Betýigit senem ýazyber,okamak,öwrenmek bizden.
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bolung yslam aga. Alla sizden razy bolsun bize hadyslardan, dini hekayalardan yetirip duryanynyza. Indiki hadysa garashyas.
littil 13 years ago- yslam dogry aýdýaň. sen ýaman akylly oglan (ýalňyşmasam oglan gerek?) seň adyňam aýdypdur hemme oglanlar sen ýaly bolsa gowy bolardy.