Salam gadyrly we gadyrsyz hormatly agzalar, dostlar! Äleme belli türkmen alym şahyry Magtymguly Pyragynyñ aýdyp geçmedik sözi ýok bolsa gerek. Bu şahyryñ esasy dünýewi maksatlarynyñ biri-de, ýolundan azaşan ynsanlary yslam dini ideýasy bilen dogry ýola, dogry durmuşa çagyrmak bolupdyr. Ynsanlaryñ arasynda özüniñ kimligini, näme maksat bilen bu dünýäde ýaşap ýörenligini, bu dünýäde özüni nähili alyp barmalydygyny we ýene-de birnäçe durmuş meselelerine nähili çözgüt tapmalydygyny bilmän mal janawerler ýaly gezişip ýörenler hem gyt däl. Ine şol ynsanlaryñ hem okap, birazajyk pikir edip, oýlanyp many-mazmunly netije çykarmaly goşgularynyñ biri hem şu aşakdaky setirlerdir. Söwdagärlik kylyp bazar gezenden, Alsam nesihatym, gymmat ýagşydyr. Hatam bolup, günde gyzyl berenden, Köňülde edilen hümmet ýagşydyr. Bir mert ýagşy muhannesiň ýüzünden, Söweş güni sanjar ganym gözünden, Her kim tapylmasa aýdan sözünden, Dine müňkür bolan ýezit ýagşydyr. Haýr işin terk edip, bet iş yzlandan, Dost bolup, dostundan syryn gizländen, Hudany unudyp, ýalan sözländen – Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr. Kadyr Eýäm jismimizi bar eden, Biakyldyr hak işine ar eden, Bimahal salyngan bozuk köprüden, Jähennem üstünde syrat ýagşydyr. Bäş wagty berjaý kyl, musulman bolsaň, Bilip ahyrýetiň, gamyny iýseň, Janyň barlygynda haýyr gazansaň, Rahat ýatjak ýeriň – kümmet ýagşydyr. Söz manysy çykar bir ýagşy jaýdan, Bihabarlar aýra düşer Hudaýdan, Bäş wagty bilmegen bihabar baýdan, Ärsiz, pirsiz loly arwat ýagşydyr. Magtymguly, gördüň ýagşy-ýamany, Ýalançynyň bolmaz anty-imany, Bir ak öýe barsaň, almaz myhmany, Her kimiň öz ili – ymmat ýagşydyr.
Gymmat ýagşydyr
-
Adgjmptw
13 years ago
- Düşünmeseler düşündiräýmeli bolar-da! Hany garaşyp göreli!
-
mirasymyz
13 years ago
- belki....
-
Auditor
13 years ago
- Adgjmptw Alla razy bolsun sizden. Yone olar dushunmezlermika diyan. Girer yaly etmediler sayda. Gul yaly gurleshp dostlashp yorduk. Bashymzdan bela bolup inaydi Haramzadalar
-
iwanguly
13 years ago
- agajanyn ejeleri kop ekenay bah
-
Adgjmptw
13 years ago
- Alla sizdenem razy bolsun, garaşyñ bakaly, han-ha ejesi gelipdirle häzir ýygnarlar ony!
-
Auditor
13 years ago
- Kim bolsanzam Allajan yalkawersin sizi. Bir onki gunumize dolanp gelsedik. Sizem gowja ozunize mynasyp atdan girersnz dip umyt etyan. Allajan bir dyndarmazmka shulardan
-
Friendship
13 years ago
- Salam, adgjmptw, mirasymyz, auditor! Gowumy ýagdaýlaryñyz?
Mirasymyz dogry aýtýañ, tüýs ýerine dü$en tema! Sagja bol, adgjmptw!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Ähliñize-de minnetdar dostlar!
-
Auditor
13 years ago
- Shukur Allaha ozunz gowmy? Friendship sizin adynzda giryan bar freindship diyip. Sizmika diydm men o Haramzada
-
Friendship
13 years ago
- Auditor, meñem ýüregim ýaryldy. Ýazylan zatlary özüm ýazdymmykam diýip:-):-):-)
-
Toty
13 years ago
- Her kim tapylmasa aýdan sözünden,
Dine müňkür bolan ýezit ýagşydyr
hakykat su wagtyn adamlary hakda
-
Auditor
13 years ago
- Friendshipjan sizi komyn agzalary tanayara. Arkayn bolun size shubhe gtmez
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, auditor!
-
idealman
13 years ago
- sapa beyle zatlar yazmazla.yone bir idiot bar,shol yazar hokman
-
Auditor
13 years ago
- Batya sapa dala ol twar
-
idealman
13 years ago
- hawa,bildimlay ony audit gelneje.gowjamyn?
-
Auditor
13 years ago
- Hudaya shukur. Ozun gowmy batya
-
idealman
13 years ago
- hawa.perijigem giren bolupdyrow.sögunch,gyrlyshyk gutaranson geldi)))
mirasymyz 13 years ago- adgjmptw! sagjabol dost. ýerine düşen tema ýazypsyň, düşünseler...