Salam gadyrly agzalar, dost-doganlar! Ähliñize berk jan-saglyk, uzak imanly ömür arzuw etmek bilen şu mowzugymyza başlamakçy. Bu mowzuk elbetde gadyrly we hormatly agzamyz MTS33 bilen giñişleýin we ýakyndan söhbetdeşlik geçirip, tanyş bolmaklygymyz üçindir. Menä onda gepi uzaldyp oturman başlaberjek söhbetdeşlige. Biiir, ikiii, üüç, ana başlady multifilm... 1. Doglan wagtyñ we adyñ, familiýañ? 2. Ýaşaýan ýeriñ? 3. Okaýañmy ýa işleýäñ, eger howwa bolsa nirede we haýsy ugurdan? 4. Öýlenenmi? 5. Durmuşda esasy maksadyñ? 6. MTS33 lakamyñy nämä esaslanyp ýazdyñ? 7. Durmuşyñda ýatdan çykmajak iñ ýakymly pursatlaryñdan birini gürrüñ beräýseñ!? 8. Adamda halamaýan häsiýetiñ? 9. Adamyñ haýwandan tapawudy nämesinde diýlen soraga jogabyñ nähili? 10. Öz umumy we doly sypatyñ, keşbiñ? Sen entek şu soraglara jogap beriber. Soñra ähli agzalarymyz garaşyp otyr sorag bermäge. Hormatly agzalar MTS33'e nähili soraglaryñyz bolsa beriberiñ, doly taýýar diýýä jogap bermäge!

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir