Ýalñyz bolsañ, ýetişerin ýanyña, Seni ýeke goýman – diýen sözüñ bar. Ýatlamalañ dumanyndan çyk-da gel, Alyslardan alyslarda galan ýar. Söýgiñ bilen derýa bolup joş-da gel, Öñküñ ýaly gyz juwanlyk ýaşda gel, Gaýalardan gaýalara aş-da gel, Goja daglañ añyrsynda galan ýar. Tapyşýan ýerinde ýer bilen gögüñ, Her gün saña garaşaryn intizar. Gün doganda, gün içinden çyk-da gel, Uzak ýollañ añyrsynda galan ýar. Men henizem öñkim ýaly bisabyr, Ýürek şindem öñküsi dek bikarar. Uzak ýyllañ örtügini serp-de gel, Uzak ýyllañ añyrsynda galan ýar.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir