Salam agzalar! Yany shu yazgyny gordumde size yetirayin diydim, belki peydasy deger! Eger ukusyzlykdan ejir çekyaniniz bar bolsa. Ukusyzlyga uçranynyzda, ilki bilen-a newropotologa yuz tutmagy unutman. Galyberse-de, shu ashakdaky emleri ulansanyz bolar. *** Eger yokary gan basysh keseli yok bolsa, onda yatanynyzda ellerinizi yukajyk yassygyn assagynda goyup, yuzinligine yatmaly. Yuzuni bolsa çep tarapa owurmeli. Sheydeninde bedeninini tebigy yagdayda rahatlandyryp bolyar. Sebabi kiçijik çagalar hem sheyle yagdayda yatyp uklayarlar. Ashgazanyn we içegelirin kadaly ishlemegi uçin çep gapdalyna yatmaklyk peydalydyr. *** Basym uklamak uçin in yonekeyje shertleri-kadalary berjay etmeli. Yatylyan jayy yelejiretmeli, uklamazdan on dusha dushmeli, hemishe shol bir wagtda yatmaga çalyshmaly. *** Yassygynyzyn içini narpyz otundan, lawr yapraklaryndan, gerandan, hoz agajynyn we bagullerun yapraklaryndan doldursanyz hem sizin basym, kadaly we shirin uklamagynyza hayry deger. *** 50 gram arpabadyanyn (ka yerlerde badyanam diyyarler) danesini 500 ml. kagor yada portweyn çakyrynda yuwash otda 15-20 minut gaynatmaly. Dashyny dolap, bir sagat çemesi saklamaly. Son suzup, gysyp alyp, yatmazyndan on 50-60 ml. içaymeli. *** Bir nahar çemçe derman waleriyana otunyn ustune bir stakan gaynag suw guyup, yuwash yanyan otda 15 minut gaynatmaly. 45 minut saklabam, suzup alyp, gunde uç gezek bir nahar çemçesini (çagalar uçin bir çay çemçesini) içibermeli. *** Bir nahar çemçesi arybalyny gyzgyn suytde yada suwda eredip, agshamyna yatmazdan on içseniz, sizin bedeninizin yumshap, basym uklamagynyza hayry deger. *** Agshamlaryna ayaklarynyzy yatmazynyzdan on gyzgyn suwda saklap bedeninizi gyzdyrsanyz, yadawlygynyz zym uçan yaly bolup, nerw sistemanyz oz kadasyna geler, yagny gahar-gazabynyz, aladanyz yatyshar. Agzalar sizem peydalyrak zatlar bilyan bolsanyz yazyp durun, belki bir yerde komegi deger!

Köneler, Diamond tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir