Bir gun biri oyune gyssagly jan edyar: -Alo, keywany, menin shu wagt uzak gepleship durmaga wagtym yok. Shu gun agsham bize Otuz myhmançylyga barjak diydi, tayyarlyk goreweri. -Ay-u, kakasy, çala eshidilyar, shu artyp telefonymyzam sonky dowurde gowy eshitdirenok. Çalhsay diysem, senem uzaklashdyryp yorsun. Myhman geljek diydinmi? Kim ol, naçe adam? -Naçe dal, Otuz-lay ol barjak diyen. -Bolya, otuz bolsa gelibersin tayyarlanaryn. Agshamlyk ol oyune gelyar. Gorse howluda iki sany uly gazan atarylypdyr. Gazanlaryn birinde palaw buga goylupdyr, birinde çekdirme gaynap dur, yene-de bir kiçenrak gazanda bolsa goyun kelleayagy gaynayar. Muna allaniçigsi bolup, gyzy bilen uly basga galyp ishdaaçary tayyarlap yoren ayalyndan sorayar. -Keywany, bu na bolush? -O name diydigin? Ozun aytmadynmy name "otuz myhman barjak diydi" diyip. Menem shol jan edenin bari yetishaysek bolyar diyip yorshum. Bolsada yetishaydik. Gonshulara-da ish bolduk. Ilerki gonsha bag goyny soydurdym. Ozumem gayraky gonshymyzyn uly oglunyn ulagy bilen bazara endim. Hemme zat tayyar. Uly otaga dushek atyp, saçak yazyp, ahli zatlary tayyarlap goydum. Shol otaga otuz myhmanyn arkayyn yerleshyar. Ynha, gorup dursun çekdirme-de, palawam tayyar, kelleayagam ataraydym. Nahili, bolupmy? -Bolmsyn-a bolupdyr. Yone bu zatlary etmankan men bilen habarlashaymaly ekenin. -Ay, ozun "wagtym yok, howlugyan" diyenson azar bermedim. Otuz myhmana dagy ozumen hotde gelerin. "Çagalaryn kakasyny myhmanlaryn onunde yuzugara etmerin" diyip, yenlerimi çyzgap ozum bashlaberdim. Name gownune jay dal yeri barmy? Ayt, henizem duzedip yetisheris. -Ay, nabileyin, duzedip bilaysen?! -Name duzetman, bir ayalyn elinden gelyan hyzmaty ederin menem. Seni hey, yuzugara eden yerim bolupmydy? Bu gunem myhmanlaryn onunde utanmaly bolmarsyn. Name kemi bolsa aydyber, duzederis. -Bilyan, senin hyzmat meselesinde hemme zady duzetjegini. Yone bu gunki bolan zady duzedip bilmersin. -Dushunmedim-le kakasy, o name bolupdyr, duzetmez yaly?! -Sen shu gazanlarda biship duran baggoyny yenede malap duran edip biljekmi? -Toba, on-a hiç kimem edip bilmez. Bar ony edayemde-de, myhmanyn onunde name goyjak?! -O geljek myhman uçin baggoyny dal-de, horazy soysanam bolardy-da. -Name shu wagta çenli otuz myhmany bir horaz bilen gaytaran bar diyip eshidipmidin?! -Yok, on-a eshitmedim. Yone bize geljek myhmanyn sany otuz dal-de ady Otuz. -Name-e..?. -Ikimizin synpdashymyz Otuz bar-a, shol yygnaga gitjek bolup, gyssanyp durkam "Shu gun size barjak" diyip jan etdi. Menem seni habardar edaydim. -Wiy, sheylemidi asyl...

Köneler, Diamond tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir