Salam hormatly agzalar! Men bu mowzugy aramyzdan juda ir giden, biwagt saýtdan çykarylan, könelmedik täze agzamyz Serkanyñ ejesi adyny göterýän dostumyzyñ ýagty ýadygärligine bagyşlap ýazýaryn. Ol menden haýyşt etdi, men bolsa onuñ haýyştyny bitirýärin. Ine onuñ aýdan sözleri: "Salam talyplar.com'yñ mähriban agzalary. Men siziñ ähliñize jan saglyk, uzak ýaş we egsilmez kuwwat, iman we bagt arzuw edýärin. Howwa dostlar. Men bu saýtyñ manyly we gyzykly mowzuklaryny her gün okaýardym, maña bu mowzuklar uly gollanma bolýardy. Ýöne biziñ aramyza Serkanyñ gelmegi bilen ýagdaýlar düýpgöter üýtgäp ugrady. Men bu bolýan zatlara çydam edip bilmän, saýta Serkanyñ ejesi atly lakam bilen girmeli boldum. Bolgusyz ýazylan sözler üçin elimde baryny edip göreşmeli diýen karara geldim. Ýöne Serkanjanyñ biedepligi aşa ýokary derejede ösüpdir. Ýörite biedeplik kursundan okadylan ýalydy. Onda-da men göreşdim, nähili göreşdim, diñe söz bilen. Ol hem täsir etmeýärdi oña. Men şonda-da elimden gelenini etdim, etjekdimem, ýöne maña bu zatlar başartmady. Serkanjan admine sögüp ýazan wagty men oña gowja jogap taýýarlaýadym. Ine birden eşegiñ suraty çykdy ekranyñ ýüzüne, aşagynda-da "Seni Gunça eşek kowdy" diýlen ýazgy çykdy. Ine şeýdip men bu saýtdan kowuldym, Muli diýlen admin tarapyndan. Aý bolýa, men kowuldym, ýöne men indi gaýdyp gelmerin, elbetde meni hiç kim islemeýän bolsa gerek. Men ony bilýän. Ýöne men birinji bilen ähli agzalardan ötünç soraýan eger göwnüñize degen bolsam sesleniñ, men sizi her zat ederin, razy ederin! Ikinji bilen men Serkan senden ötünç soraýan! Men saña ýamanlyk islemedim. Seniñ edil öz bolşuñ ýaly bolup, biedeplik, ruhy gowşaklyk, durnuksyzlyk ýaly we şuña meñzeş ýigrenji häsýetleriñden saplanmaga çagyrjakdym. Serkan, men senden ýene-de ötünç soraýan dost! Göwnüñe gatyrak degen bolsam bagyşla! Eger razy bolmasañ seslen, her zat ederin, razy ederin. Üçinji bilen bolsa Muli admin, sen gowy admin boljak bolsañ kimiñ kimdigini tana dost! Agzanyñ anketasy bilen tanyş bolup gör, meni keýpine kowdyñmy ýa-da... Bolýa, zyýany ýok Muli. Ýöne indikiñe sapak edin-de goýaý. Zyýan etmez. Dördünji bilenem Adgjmptw agzamyza meniñ şu ýazgymy size ýetirenligi üçin köp-köp sagbolsun aýdýaryn. Janyñ sag, görjegiñ diñe gowluk bolsun Adgjmptw! Bäşinjiden bolsa, agzalar! Gerçek türkmen ýigitleri, asylzada türkmen zenanlary. Zaýa ýazgylara, moral bozuklyklara garşy berk duralyñ, göreşeliñ! Haramzadalyklara ýol bermäliñ, geçmişde haramzadalyga ýol beren ynsan nesliniñ başyna gelen betbagtlyklar geljekgi neslimiziñ bir başyna geläýmesin. Beýik Alla sizi şul işlerde goldar, enşalla. Arkañyzda Alla bar, gorkmañ, çekinmäñ, sebäbi olañ arkasynda şeýtan bar. Diñe geljegimiz üçin, ahyrýetimiz üçin, Beýik Allanyñ razylygy üçin göreşeliñ!!! Üns berip okanyñyz üçin minnetdar!" ine, şeýle diýip ol sözüni tamamlady, a men bolsa mowzugy tamamladym.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
    zumerchi 13 years ago
  • birinjiden men zumer dal zumer name edipdir bolup bolman? wobshe gitdinlay gurleme diyen bolup! senden soramalamy men ey chotga adam dilinde aytyan sen yaly akyllylar bn sowushesim gelenok. men goremok dine sen sowunclerine dushyan shondan aytdym adyna eye bolup akmaklygyny ediber bolyamy kop gurlemede
    Alasamsyk 13 years ago
  • Ooow jan dogan dushuna bir zada yatyp-turup gelip bilman zat aytma diyip yanan aytdym sana, hol yokarda serkanyn sogunchleri bolmaly, ony ayrypdyrlar, galanynam goyupdyrlar, ana dushdunmi indi! Dine biz sogunyan yaly shu tayda, namuchin serkana diyman mana diyyan shony aytsana, ya menden sana gaytawul bolmajagny bilyanmi? Hana yokarda biri sen yalylar uchin goreshdi, sagbolsunynmy shol, ilki bilen yazjak zadyny oylanyp yaz!
    zumerchi 13 years ago
  • bolya men dushunyan menem aydyp otyryna o dalboyobyn yazanyny goremok diyip bolya bagyshlarsynda!
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri