Her gezek men saña "söýýän seni!" diýemde, sen "hany aýt, söýgi näme?" diýen soragy berýärsiñ, "nädip söýýäniñi dü$ündir-dä!" diýýärsiñ. Men seniñ bu sowalyña kän wagt jogap gözledim. Dürli kitaplary okap gördüm. Deñ-du$laryma sorag berip gördüm. Ýa$y menden has ulurak adamlardan hem sorap gördüm. Hat-da, filosofiýadan, psihologiýadan sapak berýän mugallymlardan hem maýyny tapyp soradym. Emma geñ galmaly, men söýgi hakda hiç ýerden-de, hiç kimden-de özümi kanagatlandyrýan jogaby alyp bilmedim. $oñ üçinem, men bu sowala anyk jogaby diñe öz ýüregimden gözlemegi makul bildim. Ýüregimde bolsa diñe sen, sen, sen... Men hemme ýerde jübi telefonumy ýanymdan aýyrmaýandygymy, hat-da, ýatamda-da ba$ujumda goýup ýatýandygymy bilseñ, gülmegiñem mümkin. Sebäbi, men sen jañ edeñde, e$itmän galaryn öýdüm gorkýan. Belki, $undan soñ sen meñ nähili söýýändigime dü$ünersiñ! Men seni söýýän, gülüm! Goý, biziñ ykbalymyz bir bolmasa bolmasyn! Men saña elmydama bagt dilärin: ömrüñ menzillerden menzile gitsin! Men senden öñürti süýneýin sessiz. Gara habar güni gara gözüñden- bir gara ýa$ damsa,$ol maña besdir!
Ýene-de söýgi!
-
palta
13 years ago
- ertekiler dünyasi. aranyzda erteka ynanan barmy
-
Friendship
13 years ago
- Ha-ha! Salawmaleýkim, halta, wi-i-iý, palta! Barmyñaý, ýitdiñ-le!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Friendship, berekella dost! Umuman söýgi atly belent duýgynyñ öñünde bash egmedik ynsan az bolsa gerek. Beýik Allanyñ adamzat ähline peshgesh beren bu ýakymly duýgusyna ählimiz diýlen ýaly mätäçdiris. Ählimiz bu belent söýgi bilen shu dünýä inýäris ýashaýarys we dem alýarys. Durmushda bolup geçýän zatlaryñ 70%-i söýgi bilen baglanshyklydyr.
Shular ýaly mowzuklaryñ höwri köp bolsun Friendship!
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, adgjmptw! Nesip bolsa!
-
mirasymyz
13 years ago
- friendship sagja bol. ýazyp dur.
-
Bahbit
13 years ago
- Örän oñat friendship. Sag bol eline güller bitsin
-
palta
13 years ago
- bu temany açana yüzlenyan .1 den senin saylan lakamyn afrikada tezek iyyan tomzaklaryn bir görnüşi. 2 den menin jogaplarym ensane gaty giryan bolaymasa. götberen sen dine öz pikirini dogry hasap edyanmi. ey bok senin pikirini dine sinekler kabul eder. söygi- pöygi diyyan. emma türkmen jelepleri türkde senin söygi temany durmuşa geçiryarler. ey guşkelle garnyn aç götün yalanaç hemde barde duygudan tema açyan. türkmen jelepleri t-ny spidden ekleyar.ey mal bize akyllysyran bolma.
-
Friendship
13 years ago
- Sagja bol maslahatlaryñ, owadanja sözleriñ üçin, palta! Men señ derejäñde däl, beýle sözleriñe jogap berer ýaly. Menden gaty görme ýöne jogap bermedi diýip!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Palta aga, näme boldy saña? Näme Friendshipde aryñ barmydy? Ähli ynsanlar sen ýa-da men ýaly bolup bilmeýär elbetde. Her kimiñ bir hili durmuşy, häsiýetleri, pikir aýratynlyklary, maksatlary bar-a. Mundan başga-da biz özümizi özümiz adam etmesek daşyndan gelip hiç kimem etmez. Türkmeni türkmen etmeli özümiz ahyryn! Daşary ýurtlarda bozuklyk edip ýören türkmenleriñem bütin halkymyzyñ abraýyna, ar-namysyna şek ýetirýänligi ählimize mälim. Eger başarýan bolsak şol işleriñ öñüni almak biz üçin borç. Olar daşary ýurda eklenç diýip gidip ýalñyşandyrlar belki. Iş iñ bolmanda ýurtda-da tapdyrýar-a. Yhlas bilen aglasañ, sokur gözden ýaş çykar. Käbir zatlar üçin gaharlanma Palta aga, giñräk bolsana! Bir adamyñ kalby arassa bolsa, giñ göwrümli bolsa, beýleki ynsanlara-da hoşamaý bolsa menä begenýän. Ählimizem Adamatañ perzentleri, Allanyñ ýaradan gullary we ählimizem dogan ahyryn!
-
palta
13 years ago
- adgjmptw her kim sen yaly edepli bolsa köp zatlar düzelerdi.menem birinin gövnüne degmek islammok.hem men pikirim hemişe dogry diemok.t komun agzalary biri birine hormat goysa eterlikdir.
-
Diamond
13 years ago
- Inim negünlere düshüp ýörsüñaý, bashyñy dik tutsana how! Palta dost! Her gören zadyña hökmany diýip bilme, arasynda goshgy, oýlanma, hekaýa, aýdym, saz bashgada müñlerçe zatlar känä göwnüñi açar ýaly: oka, öwren, döret! Dörenñem ýene halka paýla! Ana durmushyñ manysy, giñ bol!
-
Diamond
13 years ago
- Friendship! Köp-köp sag bol! Döredijiligiñ mundanam beýläk harmany köp bolsun!
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, diamond! Nesip bolsa!
brokenheart 13 years ago- wahey soygi :-((