Dünýäde baýlygyñ näme diýseler,/ Seniñ adyñ tutup, bagtym diýerin./ Senden aýra salyp, çetde goýsalar,/ Bilip goýgun bu janymdan geçerin.& Ýyllarym unutmaz, öçürmez ýeller,/ Kalbymda ýashaýar soñsuz, päk söýgim,/ Gelsene bagryña meni basyplar,/ Gülgün ýañagyñda galdy nazarym.& Söýen gözleriñde keshbimi gördüm,/ Kalbyma siñipsiñ eräp yshkymda./ Söýgi hakyndaky aýdymyn aýtdym,/ Düshäpdir zerlerin güýzem zeminde.& Gyzgyn gursagyñda gözlerim ýumsam,/ Ýüregim sen diýp urýar her demde,/ Ykbal bile. Bolup bilmeýir aýra,/ Alyp git gussamy, öýkämi gelde.
Diñe sen.
-
Friendship
13 years ago
- Gaty gowy, ayjagash! Elleriñe saglyk!
-
Ayazdayy
13 years ago
- Gaty gowy goshgylar tapyp yazyan yigidin barmy
-
Friendship
13 years ago
- Beý, ayazdayy, birhiliräk sorag boldulaý munyñ! :-):-)
-
Ayjagash
13 years ago
- Way hokman yigidin bolsa yazylyamy. Goshgy okamagy gowy goryan, ichinden halanlarymy sizede yetirayeyin diyan. Indi goshgy yazsanam bir zatlar diyayaniz. Yada yigidin bolmasa goshgy yazmak bolanokmy. Nahili biderek sorag.
-
Servi
13 years ago
- Berekella Ayjagaz!Yene-de şular ýazyp dur!
Ayjagash 13 years ago- [BAGTLYLYK HAKYNDA] Seniñ bilen geldi güýzüm, baharym,/ Gushlaryñ sesine sesimi goshdum./ Gyzgyn göge siñsin bagtly säherim,/ Iki ömre ajaýyp döwran gelsin.& Tämiz baharymda elwan bägülim,/ Suwda tutdurmadyk tylla balygm,/ Hyjuw, shatlyk, höwes bilen geldiñde,/ Bagt ýyldyzym solan ömrüm gül etdiñ.& Sandyrady ene ýerem mähriñe,/ Gözlem didaryña satashan bada,/ Ymgyr daglaryma aýyñ nury sen,/ Sheýdaýy bilbiller saýrar bagymda.& Wagtam gechip barýar, ajaýyp ömrem,/ Dyñzap duran durmushyma girsene,/ Ýadan ýüregimi ýashaýsha dolap,/ Üýtgeshik ýañ bilen dolup gelsene.& Gysh gelmese ýazyñ gadyry bolmaz,/ Aýralyk bolmasa, söýginiñ güýji,/ Perishan kalbyma sütemin goýmaz,/ Köñül ummanyma ak bagtym geldi.