Salam hormatly agzalar! Men bu günki mowzugymda dünýä belli türkmen alymy Magtymguly Pyragynyñ "Bu işi" atly goşgusyny okap, düýpli many-mazmun çykarmaklygymyz üçin ýazdym. Siziñ arañyzda belki-de bu goşgyny ýatdan bilýänler bardyr, öñ okap görenler bardyr. Ýöne şonda-da geliñ, ýene bir gezek goşgyny ünslije gözden geçireliñ we goşgudaky alnyp barylýan hakyky adam bolmak barasyndaky dini we dünýewi syýasatlary, ideýalary barada az wagtlyk hem bolsa pikirlenip göreliñ... BU IŞI Bende, sen bet işe batyrlyk etme, Alnyňda goýarlar ol gün bu işi! Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme, Hajalata goýar, bilgin bu işi! Nebsiň aýdar: “Urgun bu bir hözirdir!” Janyň aýdar: “Haý, dur, Taňry häzirdir!” Sen görmeseň, ol-ha saňa nazyrdyr, Utangyn, eýmengin, goýgun bu işi! Bir ýolda güňä bar, bir ýolda sogap, Arasatda senden istärler jogap, Halala hasap biýr harama-azap, Şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi! Ömrüň geçip bargan ýazdyr bir sagat, Ne bolar, bu ýazda eýleseň tagat, Sogaba şatlyk bar, jürme – hyjalat, Boýnuňa almagyn, gelgin, bu işi! Başyň göge, göwsüň ýele göterme, Köňlüňe gorkyny çala getirme, Ýürekde ýok sözi tile getirme, Yhlas gulagyna çalgyn bu işi! Mysapyr sen, mukym işin gurar sen, Bibaky dünýäde niçe durar sen, Munda ne iş etseň, anda görer sen, Ýagşydyr, ýamandyr ol gün bu işi! Şeýtan aýdar: “Şirin işdir, azagoý!” Rahman aýdar: “Nebs umydyn üzegoý!” Magtymguly: “Tur, goluňny köze goý, Eger dözebilseň, kylgyn bu işi!”

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir