Gözle meni! Bir gün ähli zatdan ýadasaň,gam-gussaňy paýlaşmak isleseň,çagyr meni.Nirede bolsam-da,gelerin. Bir gün çynyň bilen aglamak isleseň,gözle meni...Belki,seni güldürip bilmerin,yöne seniň bilen deň aglaşjakdygyma söz berýärin... Bir gün başyňy alyp,alyslara gitmek isleseň,meni gözlemäge ýaýdanma...Belki,seni saklap bilmerin,ýöne seniň bilen gidip bilerin... Bir gün daga çykyp,özüňi oklamak isleseň,çagyr meni!Seniň bilen bile böküp bilerin diýjek däl.Emma aşakda durup seni gapyp bilerin... Bir gün haýsy-da bolsa,bir meselede çözgüt tapyp bilmän,kelebin ujuny ýitirseň,gözle meni...Sen hakda özüňden köp pikir edip,saňa maslahatçy bolup bilerin. Bir gün hiç kimi diňlemezligi äht etseň,şonda-da gözle meni...Birjikde dil ýarman,hatda seniň aýtmadyk sözleriňi-de diňlejegimi bil. Bir gün meni öýkeledendirin,gynandyrandyryn öýtseň-de,hiç çekinme,gözle meni.Görersiň saňa dözmerin,şol öňküligimdir. ...Bir gün meni gözleseň,emma hiç jogap alyp bilmeseň...Söz ber...Ana,şonda,sen ýetişmelisiň dadyma... çünki,şol pursat bir halas ediji perişdä mätäçdigimi duýmalysyň! Dostuň!
Gozle meni!
-
ADALATLY
15 years ago
- sag bol gaty gowy eken
elleriňe saglyk.
-
serkangaharjan
15 years ago
elleriňe saglyk.
ellerine saglyk, esasanam sag eline.
-
enka6868
15 years ago
- Servi salam gowy goşgy ekeni ellerińe gúller bitsin! Köp nokat goyulgy yerde nahili soz barka şony bilip bolmazmyka!?
-
Cwetocek
15 years ago
- onem kop okapdm minnetdar!
-
Bibisara
15 years ago
- onem bir gazetde okapdym. juda gowy gorupdim gaytadan okanyma begendim sagbol
-
Servi
15 years ago
- Nesil gazetinden
-
Ayjagash
15 years ago
- Gowy eken. Sag bolun. Yene yazyp durun.
-
NMG
15 years ago
- Eline saglyk diyip dyr etyami o
-
Bahbit
15 years ago
- Nmg sen gowlyga ýor dine erbetler erbetlige ýoryandyr. Sagja bol dost go$gy ücin
-
BATYRAVALON
14 years ago
- Servi bu 100 luge urupsun emma beyle adam galdymyka? yene yekeje sorag sen oglan my yada gyz adynyndan bilip bilmedim
-
beyonce
14 years ago
- tuweleme diysen gowy setirler.okap egnip jyglap gitdi))).koprak yazyp durun okamak diysen gyzykly
-
beyonce
14 years ago
- tuweleme diysen gowy setirler.okap egnip jyglap gitdi))).koprak yazyp durun okamak diysen gyzykly
kakamyrat2010 15 years ago- bet