Günüň dowamynda iş ýerimizde, okuwda ýa-da öýde birek-biregimiz bilen gürleşenimizde, hoş sözleri ulanmak adama ruhy goldaw berýär. Bilip ýa-da bilmän, göwne degýän sözleri ulanmaklyk adama erbet täsir edýär. Beýle sözler psihologik tarapdan hem oňyn bolmadyk täsirini ýetirýär. Alymlar ynjydýan sözleri ulanýan adamyň gaharyny saklap bilmeýändigini aýdýarlar. Şonuň üçin hem:“Gaharly wagtyňyz geplemezlige çalşyň!” diýen ganatly sözden ugur almak gerekdir. Sebäbi, bir adamyň ýykylan göwnüni bejermek juda çetindir. Ynjydýan sözler çagalara hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Olaryň edýän hereketlerine erbet diýilmegi, özlerine bolan ynamynyň peselmegine getirip bilýär. Şonuň üçin alymlar diňe hoş sözleriň ulanylmagy adamlaryň arasyndaky dostlugy, agzybirligi artdyrýandygyny nygtaýarlar. "zaman" gazetinden
Söz
-
palta
13 years ago
- başka nahili gazetalar okayan .
-
kepder
13 years ago
- hovva ''hoş sözlerı aydyn bırek bırege'' dıyıp goşgyda bar hoş sözden govy söz yokdur.
''garyn doyar gövün doymaz'' bilsenız
-
NMG
13 years ago
- Hoş söz yylany da hininden çykarar ...
-
bmw525
13 years ago
- bashada 1 goshgy bar ady ''gich bolar'' oran bet goshgy
-
Yazlale
13 years ago
- hawa nmg yagshy soz bilen yylany hinden chykarar,
yaman soz gylyjy gyndan chykarar...
best 13 years ago- dogry. hosh sozleri aydalyn birek birege.