Gözleriñe bakamda garagyñ görünmese, oña göz diýseñ hem, diýmeseñ hem bor. söhbetiñde ýüregiñ duýulmasa, oña söz diýseñ hem, diýmeseñ hem bor. ... gülüñ güle mahsus ysy bolmasa, oña gül diýseñ hem, diýmeseñ hem bor. gollarda jerenleñ yzy bolmasa, oña çöl diýseñ hem, diýmeseñ hem bor. atan oky sowa geçse nyşandan, pähim diýseñ hem bor, diýmeseñ hem bor. nesibi bolmasa şöhratdan-şandan, tohum diýseñ hem bor, diýmeseñ hem bor. şemal öwsüp tukat sazyn çalmasa, oña güýz diýseñ hem, diýmeseñ hem bor. edebi, ekramy, näzi bolmasa, oña gyz diýseñ hem, diýmeseñ hem bor. ejize germese golun-ganatyn, bürgüt diýseñ hem bor, diýmeseñ hem bor. ýowuz günde görkezmese gaýratyn, ýigit diýseñ hem bor, diýmeseñ hem bor. geleninde gopdurmasa kyýamat, oña sil diýseñ hem, diýmeseñ hem bor. bir-birine eýlemese hemaýat, oña il diýseñ hem, diýmeseñ hem bor. ...owlajyklañ ahy-zaryn duýmasa, tüpeñ diýseñ hem bor, diýmeseñ hem bor. diline, däbine hormat goýmasa, TÜRKMEN diýseñ hem bor, diýmeseñ hem bor. içimde bir ýangyn tüsseläp, öçmese, kömür diýseñ hem bor, diýmeseñ hem bor. öz halkyna hyzmat edip geçmese, ömür diýseñ hem bor, diýmeseñ hem bor. şu dünyäde özüñ bolup ýaşamak agyr diýseñ hem bor, diýmeseñ hem bor. çyrşaşdyran şu setirlerime şygyr diýseñ hem bor, diýmeseñ hem bor. 02.04.2008. Sungat Gurbangeldi

Köneler, shohlejik tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir