hanymlar we jenaplar!!! siziň köpiňiz talyp. käbiriňiz hem daşary ýurtda okaýansyňyz... men dogrusy şu wagt talyp däl, emma uly yhlas bilen talyp bolmak isleýärin! nesip bolsa (siziň kömegiňiz bilen - daşary ýurtda) talyp bolaryn! esasy mazmun: sizden etjek haýyştym - maňa uly hem bolsaňyz, kiçi hem bolsaňyz siziň maslahadyňyz, kömegiňiz, pikiriňiz gerek! men şu wagt 22 ýaşymda, daşary ýurtda okamak arzuwy orta mekdebi gutaranym bäri meni yzarlaýar, entäk arzuwyma ýetmedim, ýetesim gelýär. häzirki ýagdaýym - bir-az tapawutlyrak, meniň öýlenmekçi bolýan halaşýan bir gyzym bar, onuň ugry - fizika-matematika, meniň esasy ugrym - diller (iňlis, rus, türk dilleri). şu ýyl nesip bolsa biz "täze" maglumatlary toplap, bile taýýarlanyp - okuwa girmäge synanyşarys, esasy - indiki ýyla batlanyp okuwa girmek niýetimizde!!! ýöne okuwymyzy ikimizem daşary ýurtda okamagy niýetlenýäris!!! biz hemişe her-ýerde bile bolmagymyzy isleýäris, şonuň üçin ikimiz hem bile bir ýere okuwa girmegi isleýäris! ýöne! ýigitler hem gyzlar, meniň bir gorkym bar, gyz bilen daşary ýurda gitmesem has-da gowy bolarmy-ka diýýärin. özüme hem gyza ynamym bar! ýa-da bolmasa "öýlenip, soň bile gitsek" hem diýýärin, ýöne käwagt käbir eşidýän zatlarymy siz hem eşitseňiz meniň bilen razy bolarmykaňyz diýýärin! meselem: işdeşimiň biri daşary ýurda öz halaşyp öýlenen aýaly bilen gidip, birnäçe wagtdan soň tötänleýin aýalyny başga birisi bilen ýatak jaýynda üstlerine gelýär, başga-da ş.m. her dürli wakalary eşidýärin... gorkunç... aýdyň bakaly: "çykgynsyz ýagdaý bolmaýar" - diýenim bilen ylalaşyarsyňyzmy? maslahadyňyzy, pikiriňizi aşak ýazyp maňa kömek ediň!... haýyşt!...
Ylym-bilim almak isleýärin (ýarym bilen) daşary ýurtda, maslahadyňyz?
-
IRON25
13 years ago
- dogry ahal dost, "goralan göze çöp gaçar" diýýärler-dä...
-
myratmeredow
13 years ago
- menem ahal bn ylaalasyan
-
IRON25
13 years ago
- şondan gorkýan
-
IRON25
13 years ago
- ýagny, nakyldan gorkýan =), nähili gülkünç bolsa hem...
-
myratmeredow
13 years ago
- bir zatdan gorkup yasap bolmazmyka diyyan dos kim bilya boljak bolsa goyup gidndede bolup biler
-
IRON25
13 years ago
- rast aýdýaň halypa!
-
lulu
13 years ago
- salam iron25! mening pikirimche sen halashyan gyzynga ynamyng yok yaly?! men yalngyshyan bolmagymam mumkin,yone ozungem oylanyp gor,sen ona ynansang beyle pikirler seni gorkuzmaly dal,sende asla beyle pikir bolmaly dal! soygude esasy zat bir-birege ynam bolmalymyka diyyan,sen onga ynanmasang,govnunge her durli erbet pikirleri getirseng,geljekde ong bilen yashashyp bilmersing!!! tak chto ne unyvay,esli ona tya lyubit,to ne budet delat te vesh'i ili pakosti posle kotoryh vy possorites a v itoge rastanetes! lyubi i bud lyubimym!!! glavnoe doveryayte drug-drugu! schastya vam i uspehov v vashih nachinaniyah!!! izvinite chto na russkom,prosto mne tak legche)))
-
IRON25
13 years ago
- thanks
-
ependi
13 years ago
- oz dilinde yazmaly! Mitis!
-
IRON25
13 years ago
- ependi, dost, gyzykly bolsun diýän, onsoňam men mitis däl, göwne degişmäli
AHAL 13 years ago- ay doss halashyanyna ynamyn bar bolsa yanynda akit!! shondan gowsy bolmazmyka diyyan!!