Türkmenin ajy ykbayndan Bosgulygyň ajy günleri! «Asmandan aýroplan uçar, Köçeden awtomobil geçer, Milletiň Eýrana gaçar, Boş galar Leniniň ýurdy.» Afan şahyr. Jergelan (Eýran) Türkmenistanda bolşewikleriň zulmuna çydam etmedik halk 1928-nji ýyllarda topar-topar bolup Eýrana we Owgana syngmaga mejbur bolupdyrlar, ýöne Eýran döwleti bosa-bosluk edip özlerine sygynanlary mäherli garşy almagyň deregine olary horlamak horlapdyr. Eýrana sygnan “Garagum işanyň ogly”, bu ýerde horlanandygy barasynda Türkmenistandaky dogan-garyndaşlaryna şeýle mazmunly hat ýazypdyr: «Oturmaga ýer, tutmaga ýurt soramak üçin Gürgenden Tahrana gitdik. Münüp barýan atlarymyzy, eşeklerimizi ýolda urup-zorlap aldylar, hernä janlarymyza degmediklerine şükür etdik. Agyr ýola çydaman ýarpy menzilde ejem öldi. «Ýedi gün ýola çykanymyza» diýende olgum öldi. İkisenem ýolugra jaýladyk. Kyrk gün diýlende Tahrana bardyk. Möhümimiz bitmdi. Ýene yzymyza gaýytdyk. Şondanam «bagt alla» diýip Owgana aşdyk. Görmedigimiz görde galdy. Bizi alla gargadymy, ors sygdyrmadymy, bilmedik ne günämiz? Didarlaşmasak razy boluň, ganly gözümiz size sataşmagyň, ata ýurdy görmegiň arzuwynda.» (Ýaşlyk žurnaly 1992-nji ýyl 7-nji san: Gaplaňaganyň “Jüneýit han baradaky gürrüňi” diýen makalasyndan.)
Türkmenin ajy ykbayndan
-
Eldarado
13 years ago
- Dostjan šu jogaby mowzuk edip iberjekdim
ýone mowzyk ýerine jogap bolmak nesip etdi.
-
ependi
13 years ago
- eldarado gaty dogry bellap gecdin shunyn bilen doly ylalashyan!
-
yolbors
13 years ago
- birinji : skobelew ol ýabany gokdepede 50000 ynsanimizy oldurdi ikinji : orsiň beren medeniýeti içgi w sex bu ikisinden başga beren zati ýok biz hazir hem ol zereriň bahasini berýars .
-
zumerchi
13 years ago
- nama gerek agzalar, gadym zamanyn kelleagrysy?! Gecheni gechdi bilinda dostlar, ondan birazajyk yyrshayar yaly tema achynda!
-
Friendship
13 years ago
- Eldarado dostum, gaty dogry aýtýañ! Emma käbir adamlar gara$syzlygy alyp berip, türkmenistany orsýetiñ golastyndan çykarandygy üçin ilkinji prezidentimiz s.a.nyýazowy köteklän bolýarlar. Nämemi$, sssr döwründe bolçulyk bolupmy$. olar diñe garynlarynyñ doýanyny b a g t l y l y k hasaplaýarlar öýtýän! Adam diñe bir maddy iýmit bilen oñup bilermikä?! Elbetde,ýok! Durmu$da manyly ýa$aryn diýseñ, ruhy iýmitlerden hem ýetik paýly bolsañ gowy. Sssr wagty biziñ milli buýsanjymyzy kemsitdiler. Ne gözel taryhymyzy, ne gözel medeniýetimizi, ne gözel däp-dessurlarymyzy... Weýran etdiler. azajygam bolsa özüniñ mertebesine hormat goýýan adam $u zatlary b a g t l y l y k hasap edermi?!
-
samat
13 years ago
- eldarado nirede yaşayan
-
ependi
13 years ago
- taryhda nace ata-babalar shehit gitdi dost nadip diyip bilyan bey diymegin yalnyshyan!
-
yolbors
13 years ago
- turkmenstan baýlikda iň azindan kuweýt ýa dubai ýali bolmali ýoksa da dunýaň iň 10 guýçli ulkeleriden biri bolmali . bak ors bizi na bir duruma getribdyr bizinkiler... dubi gidýaler
-
samat
13 years ago
- şu günkü günde bilyan yazyjylarymyz,şahyrlarymyz,halypalar,sssr boyunça atly lukmanlar şo günlerde yetişipdi.
bu gün name üçin yiym pese düşdü?
-
samat
13 years ago
- rusunam günasi weli,şol wagtlaram buyrokratlar türkmendi.
-
yolbors
13 years ago
- zumerchi ! geçmişini(taryh) bilmeýan millet geljekinide bilmez . elbete skobelew wesiýet edyb dyr turkmenler oz taryhy bilmesin eger turkmenler oz beýyk taryhyny bilse milli guwanç bile ýene daýanar diybdyr
-
Eldarado
13 years ago
- Men ahaldan,ruhabatdan
gaty görme dogan özüm hakda mundan artyk maglumat aýdyp biljek däl!
-
zumerchi
13 years ago
- taryhyny bilmeyanem bir halk bolarmy elbetde bilyas yolbors aga! In esasy zat shony bilsek bolduda!
-
samat
13 years ago
- eldarado,gaty gowy.bagşla nadogry sorag beripdirin!hudaya şükür,şu günümüze.yöne şu ekzamenlerde gören günlem yadymdan çykanok!!!(her kiminem başyna gelendir)
Eldarado 13 years ago- Meniň SSSR döwri baradaky šahsy pikirim.
ol döwür išsiz adam ýok,
hemme zat bol,isle moskwa git,isle 15ýurdyň haýsysyna gitseň git,towguňa tok diýjek ýok hezillik.indi bize hezillik bolup görünýä zat üčin biz näme etmeli?men bilenlerimi sanaýyn.1-nji
synpa baraňda Magtymguly atamyza ata
diýmän ýerine lenin diýlen haramzada baba diýmeli.ol haramzadaň čagalyk döwründäki 5ýyldyzly gyzyl reňkli suratam döšüňde bolmaly.6ýa7-de kommunistlige 1-nji ädim pioner bolmaly.garaz okuwy gutaranyňda orsčany arak ičen ýaly bilmeli(türkmenče bilmek gatybir hökman däl).esasanam skobelew haramzadany ýurt gahrymany diýip bilmeli (Gökdepä čozan). biziň görmeli čeper filmlerimiz..aýgytly ädim..Eziz hany dönük we galtaman diýip bilmeli...ýuwaš gelin...dini däp-dessurlarymyzyň üstinden gülmeli.sanasaň
ýene kän.bolsada Šükür bagšyny dönük etmändirler.jaý salsaň beýik bolmaly däl,2 gat jaý salmak barada pikirem etmeli däl.howlyňda hökman üzüm ekmeli we ony čakyrzawoda tawšyrmaly,arak-wino köp bolar ýaly.ýoluň gyrasyna tut ekmeli gurčuk saklap pile almak
üčin.2 mašynlyň waý halyna,olama bir toyota ýa BMW-dä däl.garaz türkmeni išledip,türkmenistandan
čykýan bir zat bolsa hemmmmmesini orslara
ibermeli.bizde gazyň ýerine kömür ýakmaly.oz ýurtlarynda
köšük salmaly,bärde bolsa özüňiz bilýäňiz.olara garpyzyň ičini iýip pačagyny goýup
giden haramzada diýerler.iň erbet ýeri biz
öz ýurdumyzda 2 sort adam bolup galdyk.gynansamda šu döwürde-de orslaň g....ne giräýjek bolýan türkmenler bar.meniň šu sananlarym belki 100000000-dan biridir