Ogrudan gorasyn diýip, maşynyň ýanyna iti daňypdyrlar. Eýesi irden turup görse, maşynyň tekerleri ýokmuş, ogurlapdyrlar... :-( Maşynyň aýnasynda bolsa: “Itiňize zat diýmäň. Ol üýrdi…” diýip hat ýazyp gidipdirler. ________________________________________ Jygyllykda bir türkmen daýzasy keçe satyn alypdyr. Moýmudyklap, zordan keçesini süýräp bir taksistiň ýanyna barypdyr. Daýza taksiste „bagažyňy aç“ manysynda şeýle diýýär: -Oglum götüňi aç, keçäni salaýyn. Taksistem garagol eken. Daýzadan kem galmandyr: -Daýza jan, keçäň sygmaz! Daýza welin ondanam ökde eken. Taksiste şeýle jogap berýär: -Sygar oglum, sygar! Keçäni eplapjik dykarynyn welin sygar ötägider. ________________________________________ Bazara barýan ogluny atasy saklap şeýle diýýär: -Oglum, puluňy gawun-garpyz diýip biderek zatlara sowaýmagyn. Nas algyn, oglum! Nas … ________________________________________ Bir ýaş ýigit yzynda ýaş gelnini we çülpe çagalaryny ýetim goýup aradan çykypdyr. Ýarym- ýaş bolup aglaýan dul galan gelni köşeşdirmek üçin molla aga şeý diýýämiş: -Goý gyzym, aglama! Seniň adamyň gowy oglandy, ol häzir Behiştde hüýr-perileriň arasyndadyr. Oňa hüýr-periler hyzmat edip ýörendir….. Mollanyň bu sözlerini eşden gabanjaň gelin, beter gygyrmaga başlaýar: -Wah, ýerçeken! Meýdi ýanan! Ol- a Behiştde hüýr-periler bilen keýpi-sapada gezmeli, men bolsa bärde görgümi görüp ýetim galan çagalary eklemelimi? … ________________________________________ Myhmanhana iki sany dost girýär. Olar ýer almak isleýärler. Elbetde, myhmanhana 5 ýyldyzly däl eken. Soraýarlar: -Bu doňuzýatakda bir otag näçä durýar? -Bir doňuz üçin 30$, iki doňuz üçin bolsa 60! ________________________________________ Molla we polisiýa ikisi durmuşdan zeýrenişip barýamyşlar. Birdenem iki sany adamyň erbet urşyp duranyny görýäler. Polisiýa bulary aralajak bolýar, emma molla: -Dur oglum, entek wagty gelenok … -diýýar we polisiýany saklaýar. Ine-de, uruşýanlaryň biri beýlekisini pyçaklap öldürdi. Şondan soňra molla: -Ine, oglum! Indi barsak bolar. Olaryň biri seniňki, beýlekisi bolsa meniňki! ________________________________________ Sirkiň direktoryna telefon jaňy gelýär: -Salowmaleykim agam! Bagyşlaň, size gepleýän at gerekmi? Direktor trubkany taşlaýar. Telefon bir salymdan ýene-de jyňňyrdaýar . -Salowmaleýkim, agam! Meni bagyşlaň , sorajak zadym bardy. Size gepleýän at gerekmi? Direktoryň gahary gelýär we ikinji gezek hem telefonyň trubkasyny goýýar. Üçinji gezek telefon jyňňyrdaýar. -Eý, haýwan, näme üçin trubkany taşlaýaň ? Maňa näme toýnagym bilen telefon etmek aňsatdyr öýdýäňmi? ________________________________________ Ependi restoranda. Ofisiant Ependiden soraýar: -Agam, name iýmek isleýäňiz? Ependi: - Şol aňyrky gyrada oturan adamyň iýýäninden iýjek. -Bu diýýäniň bolmaz, agam! Ol adam iýýänini bermez ahyry... ________________________________________ Sygyrlar barada hakykat! Sygyr bize süýt we et berýär diýýäler, emma, bu düýbünden NÄDOGRY! Adamlar ondan süýdünem, etinem soraman alýalar. ________________________________________ Bir gün Poşalagyňka telewidiniýeden reportaž almaga gelýärler. Reportýorlaram ermeni ekeni, özlerini tanadýarlar: -Wasiliý Mahçupýan we Grigoriý Lukoçýan. Biziň Poşalagam özüni tanadýar: -Men-ä Poşalak Tal çapýan, aýalymam Eneküti Nan ýapýan.
Gulelinlay
-
ependi
13 years ago
- 3. nas algyn oglum, nas algyn! hahahay
-
zumerchi
13 years ago
- hawa beti shol hahaha
-
Gapyrjak
13 years ago
- Hahahahaaaaaaaaaa! Ependi tapýañaý senem bir zat, shol itli ogurlyk diýdiñ welin meñem ýadyma bir anekdot düshdi, diñle:
Owalam biriniñ 10 sany towugy bilen 1-em horazy bar eken. Bir gije 2 sany ogry muñ towuk ketegine towuklary ogurlamaga girýärler. Towuklary halta salyp ugraýalaram welin, horaz olara topulyp hiç gün bermändir. Ahyry bir ogryñ muña gahary gelip horazy tutýarda, ketegiñ ortarasynda asyp goýýar. Ertesi irden eýesi gelip görse: towuklara ýok, horazam ketegiñ ortarasynda asylgy dur! Horazyñ döshündede bir hat ýazylgy dur diýýä, okap görse sheýle ýazgy bar eken:
Hormatly eýäm! Men seniñ günde ýumurtga berýän 10 sany mäkiýan towugyñy ogrulardan gorap bilmedim, ana shoña namys edibem özümi asýan!
-
Toty
13 years ago
- polisiya we molla gowy eken içinden
-
Friendship
13 years ago
- 1-nji bilen 5-nji anekdotyña gülüp-gülüp içim gyryldy-laý!
-
shohlejik
13 years ago
- salam agzalar! Ependi sag bol gowja degishmelera yazypsyn...keypim yokdy yuregim birhilek bolup otyrdy 1 minutda-da boljak ish bolyan eken.azajygam bolsa keypimi gowlay,hemmesem biri-birinden gowy gownume yarady sagja bol.
-
Novcha
13 years ago
- Ependi dogan hakyt ependi diysen ependi ekenin sena. gowy degishmeler yazypsyn. ayjagash ikimiz ichimiz gysyp oyi yatlap gynanyp otyrdyk, sen degishmelerini okap gownumiz galkyndy gülüp-gülüp ichimizi gyryldy. Köp sag bol.
-
ependi
13 years ago
- menem turkmen doganlarym ucin yazdymda!
ependi 13 years ago- nacenji gowy?