10-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler H.Saparlyýew bilen T.Japarowa ýurduň orta mekdepleriniň 1-nji klasynda okaýan okuwçylarynyň ählisini okuw kitaplary bilen birlikde şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün etmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy. Prezidentiň mejlisde aýdan bu sözleri indiki ýyl birinji klasa gitjek çagasy bar bolan ene- atalary begendiren bolsa, ýurduň bilim işgärleriniň köpüsini oýa batyrdy. Her bir başlangyç klas okuwçysyna berilmeli diýlen şahsy kompýuterler nähili görnüşde bolmaly? Bilim işgärleriniň çaklamalaryna görä, olar netbuk bolmagy mümkin. Sebäbi personal kompýuterleriň birinji klas okuwçylara paýlanmagynyň özi ýerliksiz boljak. Çünki çagalar, ýurt baştutanynyň geçirmek isleýän reformasyna görä, mekdepde-de, öýde-de kompýuterden peýdalanmaly. Şu nukdaýnazardan çen tutsaň, çagalara ol ýerden bu ýere geçirmesi aňsat bolan kompýuterler berilse has ýerine düşjegi görnüp dur. Eger-de hökümet ýolbaşçylary maliýe tygşytlylygy göz öňünde tutsalar, onda çagalara laptoplar däl-de netbuklar paýlanylyp berilmegi mümkin. Hytaýda öndürilýän «Dell», «HP» markaly netbuklar Türkmenistanda häzirki wagtda gitdigiçe meşhurlyga eýe bolýar. Bu netbuklaryň bazardaky bahasy 360-400 amerikan dollaryna barabar. Elbetde, bilim işgärlerini birinji klas okuwçylaryna paýlanjak kompýuterleriň görnüşi alada goýmaýar. Bu ýerde gürrüň şol kompýuterleri nädip çagalara problemasyz ulandyrmakda. Häzirki wagtda okuwçylara mekdebe mobil telefonly ýa-da gymmat bahaly bezeg şaýlaryny dakynyp gelmek düýbünden gadagan edilen. Bu gadagançylygyň sebäbi mobil telefonly ýa-da gymmat bahaly bezeg şaýly okuwçylaryň köplenç ýagdaýda neşekeşlerdir ogrularyň hüjümine sezewar bolýanlygy bilen baglydyr. Bahasy 360-400 amerikan dollaryna barabar netbukly birinji klas okuwçysynyň öňünden ogrudyr kezzabyň çykmajagyna kepil bolup bilmejegi öz-özünden düşnükli zat. Ine, bilim işgärlerini ilkinji nobatda alada etdirýän zat şundan ybarat. Eger çagalaryň her birine berilmeli kompýuterler mekdepde galdyrylmaly edilse, onda ol hem islenilýän netijäni bermeýär. Okuwçylar öý işlerini öýlerinde kompýutersiz etmeli boljaklar
Kop okan kop biler
-
kritik01
14 years ago
- zumerchi bilen ylalashyan??? 1-nji synpa kompyuter hokman dalmika diyyan.
-
AHAL
14 years ago
- 1 njy synp okuwchylan anynyn in arassa wagty!! shotayda kellesine guylan zatlar in mohum zatlar!!
paylanyn bilen uytgan zat bolmaz yone sholary dogry ulansalar gowy bolarmyka diyyan
!!!
-
nurgozel
14 years ago
- menem shalyn gurrunine goshulyan!chaga kop kompyn bashynda otursa gozine erbet ,men oz bashymdan gechiremson bilyan shumat gozim dashdan gorenok.ozime diyyan ejem kakam mana shol wagt name uchin gyzym kompyn bashynda kop oturma diymedika diyip,okuwa girdim welin leksiyalarda gaty kyn dushya
-
ependi
14 years ago
- ona sen gunakarow name goni eje bilen kaka gorgulileri gunakarleyan adam dalay, ogurlyk eden utanmaz, ustune gelen utanar diyilshi yaly etdinay
-
AHAL
14 years ago
- hahhahha senkem dogry ependi!)))))
-
nurgozel
14 years ago
- ol aytyanynam dogry diyenime gaty okunyan ,dogry guna mende
-
AHAL
14 years ago
- yalnyshy gorup boyun alyp bilmegem bir bagt!!
-
nurgozel
14 years ago
- shu sozina gaty dogry aytyan
-
Ayjagash
14 years ago
- Entek harpy bilmeyan chaga kompyuter nama gerek. In bolmanda bashlangyc klasdan son owretseler gowy bolarmyka diyan. Yagny 4-nji klasa bir baransonlar.
-
ependi
14 years ago
- dogry gowsy mekdeplere informatika sapaklaryny hepdede 3, 4 gezek goymaly beydip kompyuter paylaman
-
zumerchi
14 years ago
- chagada informatika akyl yetirip bilermay? Natdinay ependi dost.
-
ependi
14 years ago
- men cagalary goz onune tutmadym hemme synpdakylary goz onune tutupdym!
-
floralis
14 years ago
- 1 synp okuvchylar ol kompyuteri ele alarlar, kompyuterler olar uchin oyunjak! olar ilki harplary bir owrensinler...
zumerchi 14 years ago- menem shony azathabarda okadym, hali 1klas okuwcylara netbuk gerekmezmika diyyan sebabi chagalar 1nji ilkibashlangych bilim almaly.