Ertir namazy iki rekagat sünnet we iki rekagat farz bolup jemi dört rekagatdan ybaratdyr. Ilki sünnet okalýar. Munuň okalyşy şeýledir: Namazyň şertleriniň hemmesi doly berjaý edilenden soň, kybla bakyp ertir namazynyň sünnetini okamaga kalpdan niýet edilýär. Içiňden: «Allahyň ryzalygy üçin şu günki ertir namazynyň sünnetini okamaga niýet etdim» diýmek bolar. Mundan soň elleriň gulaklaryň deňine çenli galdyrylyp başam barmaklar gulagyň ýumşak ýerine degirilýär. Eliň aýasy kybla bakdyrylyp barmaklaryň açyk ýagdaýynda «Allahu Ekber» diýip, iftitah tekbiri aýdylýar. Aýallar bolsa ellerini eginleriniň deňine çenli galdyryp tekbir edýär. Tekbirden soň, erkek kişiler göbekleriniň üstünden aýallar bolsa göwüsleriniň üstünde gol gowşurýar. Mundan soň «Subhaneke» okalýar. (Subhaneke Allahumme we bihamdik we tebära kesmük we te-a ’la jeddük we lä ilähe gaýruk). Onuň yzyndan «E’uzü- besmele» (Eu’zü billähi mineş- şetanirrajiým Bismillähirrahmänirrahyým) aýdyp, «Fatiha» okalyp, (Elhamdulillähi rabbil a’lemiýn. Errahmänirrahym. Mäliki ýewmid-diýn. Iýýäke na’budu we iýýäke nesta’yýn. Ihdinessyratalmüstakyým. Syratalleziýne ena ’mte aleýhim gaýril magzubi aleýhim welez- za-alliýn.) «Ämin» diýilýär. Fatihanyň yzyndan zammy sure okalýar. Șeýlelikde, namazyň kyýam we kyraet rükünleri tamam bolýar. Kyraet gutarandan soň eller aşak goýberilip, «Allahu Ekber» diýlip, ruku ’a egnilýär. Ruku’da üç gezek «Subhane Rabbiýel-azym» diýilýär. Ruku ’dan «Semi-allahu limen hamideh» diýlip dogrulynýar. Dik durup «Rabbena lekel hamd» diýilýär. Soňra «Allahu Ekber» diýlip sejdä gidilýär. Sejdede üç gezek «Subhane Rabbiýel a ’la» diýilýär. «Allahu Ekber» diýip sejdeden dikelip, «Subhanallah» diýer salym oturylýar. Soňra ýene «Allahu Ekber» diýlip ikinji sejde edilýär. Ikinji sejdäniň tesbihleri aýdylandan soň, «Allahu Ekber» diýip, dik durulýar. Șeýlelikde , birinji rekagat tamamlanyp, ikinji rekagata başlanylýar . Ikinji rekagatda diňe «besmele» aýdylyp, «Fatiha» we zammy sure okalýar. Ýokarda görkezilişi ýaly ruku’ we sejdeler edilýär, ikinji sejdeden soň oturylýar we tahyýýat: (Ettahyýýatu lillähi wessalawatu wettaýýibatu esselamu aleýke eýýuhennebiýýü we rahmetullahi we berakätuhu esselamu a ’leýna we a’la y’bädillähis-salihyýn. Eşhedü en lä ilähe illallah we eşhedü enne Muhammeden a’bduhu we resulüh) salawat: (Allaümme salli a’la Muhammedin we a’la äli Muhammed. Kema salleýte a’la Ibrahiýme we a’la äli Ibrahiým. Inneke hamiýdün mejiýd) we: (Allaümme bärik a’la Muhammedin we a’la äli Muhammed. Kema bärakte a’la Ibrahiýme we a’la äli Ibrahiým. Inneke hamiýdün mejiýd) we dogalar: (Rabbena ätina fiddünýä hasaneten we fil ähyrati haseneten we kyna a ’zabennar) we: (Rabbenagfirliý weli walideýýe welil mü ’miniýne ýewme ýekumül hysäb. Birahmetike ýa erhamerrahymiýn) okalýar. Mundan soň sag we çep egniňe: (Esselamu aleýküm we rahmetullah) diýip salam berilýär. Șeýlelik bilen ertir namazynyň sünneti tamam bolýar. Ertir namazynyň sünnetinde kyraet, tekbir we tesbihler içiňden okalýar. Ertir namazynyň farzy hem edil sünneti ýaly okalýar. Ýöne ilki kamat getirilýär (aýallar kamat getirmezler), soň niýet edilende «Șu günki ertir namazynyň farzyny okamaga» diýip niýet edilýär. her bir owrenjek bolyan doganlarmyza peydasy deger diyip umydy blen, hemde her bir okaljak namazlaryn kabul bolmagy ucin kop dogalar blen YLMYHAL!

Köneler, ynsan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir