GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) #1
Enkaň haýyşy boýunça...
Öl agaçdan hasyl öner,
Gury agaçlar ýanar-söner!
Däli döwran kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler!
(Aýdymdan)
Jemile üýtgeşik bir düýş gördi. Düýşünde ol otly torbasyna ýaplanyp, baýryň gyrasynda dynç alyp otyrmyş. Ondan taýak atymlykda klasdaşlary-da barmyş. Olaryň käsi al-ýaşyl bolup açylan güllerden çemen bogup ýörmüş. Käbiri bolsa dynç alyp otyrmyş.
Şol wagt pel-pelläp, asmandan bir ak guş uçup gelýärmiş. Ol guş şeýle bir tämiz, şeýle bir arassamyş welin, reňki gözüň ýagyny iýip barýarmyş.
Klasdaşy Gunça gygyrýar:
—Eý! Hana, serediň! Bagt guşy!
—Bagt guşy?! —diýip soraýar-da, hemmeler ör turýarlar hem-de çemen bogmalaryny-da goýup, geň galyp, guşy synlaýarlar.
Ak guş pel-pelläp, hemmeleriň depesinden aýlanyp, hiç bir ýere gonman, ganat kakyp durýar. Birdenem ol özüne geň galyp seredişýän ýaş juwanlara ýüzlenip, adam dilinde gürläp başlaýar:
—Näme? Geň galdyňyzmy? Hawa, men Bagt guşy!
—Bagt guşy!—diýip, Jemiläniň klasdaşlary ýene jem bolup seslendiler.
Jemile welin geplemän, elini gözleriniň üstüne kölegeledip, bolýan hadysa aňk bolup seredip otyr.
—Bagt guşy kimiň başyna gonsa, ol dünýäde iň bagtly adam bolýar!—diýip, Gunça ýene seslenýär. —Geliň, oňa ýalbaralyň! Goý, ol hemmämiziňem başymyza gonup çyksyn!
Hemmeler Gunçanyň diýenini edýärler:
—Bagt guşy! Başymyza gonaý! Bagt guşy! Başymyza gonaý!
Bagt guşy pel-pelläp uçup ýörşüne jak-jaklap gülýär hem-de ýene adam dilinde gepleýär:
—Siz köplük, men bolsam, ýeke ahyry! Men siziň haýsy biriňiziň başyňyza gonaýyn!
—Herimiziňkä birje gezek gonup çykaý!—diýip, ýene klasdaşlar jem bolup gygyryşýarlar.
Bagt guşy ýene gülýär:
—Ho-ho-ho-ho! Ýok! Onyňyz bolmaz! Men käte bir adamyň başyna gonup bilýän. Hemmäniň başyna gonup bilemok.
—Wah-eý!—diýşip, hemmeler gynanýarlar. —Hany, gon-da onda, kimiňkä gonsaňam—diýýärler. —Göreli!
Bagt guşy pel-pelläp, her kimiň ýanyna bir baryp çykýar. Iň sonuňda-da Jemiläniň-de golaýyna gelýär. Şol wagt oglanlardan biri:
—Gon, şoň başyna gon!—diýip gygyrýar. —Ol ýetim gyz! Şol bagtly bolsa bolýa!
Jemile: «Gygyran kimkä?» diýip, elini gözleriniň öňünden aýryp seredýär. Bagt guşuna Jemiläniň başyna gonmagy salgy berýän klasdaşy Ýusup eken. «Ýusup!» diýip, içinden gaýtalaýar-da, Jemile onuň öz aladasyny edenine begenýär. Hem Bagt guşuna seredýär. Bagt guşy depesinde pel-pelläp aýlansa-da, Jemiläniň başyna gonuberenok.
Birden Jemiläniň nazary klasdaşy Soltangüle düşýär. Soltangül niredendir bir ýerden-ä gelýär. Ol hiç kime goşulanok. Gül ýygýanlara-da, dynç alýanlara-da goşulanok. Jemiläniňem ýanyna gelenok. Baýryň aňyrsyndan mytdyldap gelýär. Mydama bolşy ýaly, başyndaky ýaglygy-da gyşyk, saçlary tozgalap dur. Özem ho-ol, birinji klasa barandakylary ýaly, eliniň ýeňsesi bilen zol burnuny süpürip goýberýär. Soň bolsa ony köýnegine sürtýär. Zol şeýdip, «Ýöresemmikäm-ýöremesemmikäm?» diýýän ýaly, dähedem-dessem basyp gelýär.
Soltangülüň bolup gelşini soň beýlekilerem görýärler. Onuň bolşuna ýylgyryşýarlar.
—Soltangül! Hana, ýokaryňa seret! Bagt guşy bar!—diýip, Gunça oňa gygyrýar.
Soltangül Bagt guşuna tarap seretmegem islänok. «äý!» diýýär-de, elini geleňsizlik bilen silkip goýberýär hem-de endigi boýunça ýene burnuny süpürýär. Soň burnuna süýkän elini köýnegine çalýar.
Şol pursat hem Bagt guşy pel-pelläp, Jemileden daşlaşýar-da, Soltangülüň başyna gonýar.
—Hih!—edip, bu bolşa hemmeler içlerini çekip, gynanýarlar hem-de geň galýarlar.
Oglanlar bolsa Bagt guşunyň beýtmesine hahaýlaşyp, barmak çommaldyp gülüşýärler:
—Eý, onuň gonýan ýerine serediň-eý!
Batly ýaňlanan gülki sesi Jemiläni ukudan oýardy. Ol oýanyp, gören düýşüne aňka-taňka boldy oturdy. Düýş şeýle bir aýdyňlygy bilen onuň aňyna siňdi welin, misli, düýş däl-de, kino görüp turan ýalydy. Özem özüni diýseň keýpsiz duýdy.
Daşarda kakasy Abdy aga loh-lohlap, bir zada gülýärdi.
«Gijä galdym öýdýän, gelnejem bir oýanmadyk bolaýbilseýdir!» diýip, içini gepletdi-de, Jemile hasanaklap galdy. Düşek-ýorganyny ýygnap, öýüň töründäki öňi demir nagyşly agaç sandygyň üstüne atdy. Penjiräniň öňünden iki tarapy dişli agaç daragy bilen aýnany alyp, alyn saçlaryny timarlady. Soň goşa örülen saçyny kellesine orap, onuňam üstünden ýaglygyny daňdy. Dessine-de daşaryk çykdy. Bolsa-da, gelnejesi turman eken. Kakasy turupdyr. Ony-da goňşulary Gurban aga turzupdyr.
Jemile erkek kişileriň gürrüňine gulak gabardyp durmady. Ýöne ötüp-geçende Gurban aganyň mal bazara mal almaga barýanlygyny çala eşidip galdy.
Jemile el-ýüzüni ýuwup, erik şahasyndan asylgy duran bedräni alyp, sygyr sagmaga gitdi. Sygry sagyp gelip, süýdüni gazana guýup, süýt bişirdi. Ojagyň gapdalyndaky kiçijik çaý ojagyna daşy hüýt gara kitiri suwdan dolduryp goýdy-da, çaý gaýnatdy. Çäýnek-käseleri ýuwup, çaýy demledi. Irden kölege bolansoň, öýüň günbatar gapdalyna düşek atdy. Saçak getirdi.
Gyzynyň çaý demlänini gören Abdy aga düşege geçip, öz çäýnegini öňüne çekip, çaý içip başlady.
Jemile içerik girip, gelnejesini oýaryp gaýtdy.
Abdy aganyň Ogulnäzik atly diýseň gowy aýaly bardy. Oba arasynda-da onuň sylagy diýseň uludy. Toý bolsun, üýşmek bolsun, Ogulnäziksiz geçmezdi. Toý çelpegem Ogulnäzige ýapdyrardylar, toý çöreginem. Ogulnäzigem il hyzmatyndan gaçmazdy. Çagyrylan ýerine barardy, buýrulan işi ederdi.
Il bilen şeýdip, sylaşyp ýören gelniň başyndan betbagtçylyk indi duruberdi. Ol Jemile dünýä inende ýaş üstünden ýogaldy.
Abdy aganyň Jemileden uly Döndi atly gyzy-da bardy. Ol Ogulnäzik ýogalanda üç ýaşlyja çagajykdy.
Goňşy-golam kömek etse-de, Abdy aga iki sany ýaş çaga bilen galmak diýseň hupbat berdi. Şeýle bolansoň, ol Ogulnäzigiň ýylyny sowandan, goňşy obadan bir dul aýala öýlendi. Dul aýal ýany bilen bir oglanjygam getiripdi. Öweý eje bu gapa gelen pursadyndan Abdy aganyň gyzjagazlaryna mähir bermek islemedi. Yzyna tirkäp gelen öz ogluny welin, bagryna basdy. Abdy aganyň gyzlaryna özüne «eje-de» diýdirmedi. «Gelneje» diýdirdi.
Abdy aga ilki kiçi gyzy Jemiläni öňki aýaly Ogulnäzigiň aýal doganyna äkidip berdi. Soň ese-boýa galansoň, alyp gaýtdy. Dogrusy, Ogulnäzigiň aýal dogany Jemilä-de, Döndä-de seretmegi kyn görenokdy. Ýöne Abdy aga gyzlaryny oňa mydamalyk bermedi.
Ogulnäzigiň aýal dogany ilki-ilkiler Döndi bilen Jemiläni görmäge ýygy-ýygydan gelerdi. Ýöne Abdy aganyň täze aýalyndan ýüz tapmansoň, ol soň-soňlar gelmesini seýrekletdi. Gyzlar ese-boýa galan döwri bolsa ol görgülem ýogaldy oturyberdi. Şeýdip, iki gyz «Enesiz günde ýetim» diýenleri bolup galyberdi.
Dogrusy, Abdy aga gyzlaryny erbet görenokdy. Ýöne duýgusyny daşyna çykarman saklaýardy. Täze aýalyndan çekinýärdi. Dulluk derdini çekip görensoň, täze aýaly onuň gözüne eletmez bir zat bolup görünýärdi. Ony elejiredýärdi, diýseň sylaýardy. Edenine-diýenine «däl» diýenokdy. «Gyz maşgaladyr, ulalansoňlar çykar giderler. Men munuň bilen ömürlik galmaly» diýip, pikir ederdi-de, Abdy aga mydama aýalynyň tarapynda bolardy. Aýaly gyzlaryna käýäende-de, oňa hiç zat diýip durmazdy. Abdy aganyň täze aýaly Täçjemal hem adamsynyň özüne edýän sylagyny duýdy. Öe han boldy. Ol Abdy aganyň gyzlaryny urmady. Ýöne degerlije sözler bilen mazalyja eýlerini ýetirýärdi. Ertirden agşama çenli olary öz hyzmatynda ylgadýardy. Özem Abdy aga çaga dogrup bermedi. Abdy agadan onuň çagasy bolmady.
Döndi bilen Jemile işe ýaran uçurlaryndan tomusda arkalary bilen ot çekmelidiler, güýzde pagta ýygymyna gitmelidiler, gyşda çölden odun daşamalydylar, ýazda ekinleriň otuny aýryp, gurçuk tutmalydylar. Garaz, görgülijiklere dynç ýokdy. Bu işleriňem üstesine, nahar, kir-çäk, gap-gaç ýuwmak, öýüň syrym-süpürimi, sygyr sagmak, süýt bişirip, gatyk basyrmak, garaz, bar zat şolaryň başynady. Öweý eje Täçjemal bolsa, mydama Abdy aganyň gozakly motoryna atlanyp, ýa ol toýa, ýa beýleki toýa barýandyr, ýa garyndaşlarynyňka, ýa ýene başga ýere şaýlanandyr. Yzyna tirkäp gelen ogly Goşanam alyp, ondan-oňa at salýandyr. Ol kaňkap gelen wagty gyzlar öz etmeli işleriniň ýekejesini edip ýetişmedik bolsalar-da, Täçjemal uly gykylyk turzardy. «Bular hiç wagtam adam bolmaz. Bularyň depgisi ýetenok» diýip, töwerege ýaň bererdi.
Tomusda daň bilen turup, sowuk suwly joýa girip, ýetişen hyýarlary ýolup-ýuwup, kakalaryna bazara taýýarlap bermegem Döndi bilen Jemiläniň boýnunady. On-ýigrimi joýanyň hyýaryny ýolup, ýuwup, kakalaryny ugradanlaryndan soň, olaryň biri öý işi üçin galardy, biri ota giderdi. Tä gün günorta bolýança, günorta çaýyndan soň hem agşama çenli ot çekerdiler. Öýde galmagy-da, ota gitmegi-de gezekleşerdiler.
Täçjemalyň yzyna tirkäp gelen ogly Goşa Jemileden birki ýaş ulam bolsa, Täçjemal oňa bir işem buýurmazdy. Ol ulalansoňam uzakly gününi oýun bilen geçirerdi. Ýa tuda, ýa-da erige çykyp, keman bilen Jemiläni keseklär oturardy. Atan kesegi Jemilä degäýse, hezil edip ýyrşarardy. Jemile onuň bolşuny ejeligine-de aýdyp gördi. Täçjemal şonda ölen öküziňki kimin gözlerini agdaryp:
—Kesek degeni bilen öläesiň ýok! —diýip, Jemiläniň ýüzüni aldy. Ogluna bolsa hiç zat diýmedi.
Jemile Goşanyň bolşuny kakasyna-da diýip gördi.
—Hymm... —edip, kakasy gözlerini bir nokada dikip, ilki ony diňledi. Soňam —Oýun edýändir-le—diýip, gelmişegiň nakyslygyny gowa ýordy. —Gaýdyp keseklemez.
Öz gyzyny kesekleýäni üçin Abdy aga Goşa welin hiç zat diýmedi. Ol aýalynyň birden öýkeläp gidäýmeginden, öz başyndan ýene dullugyň betbagt günleriniň inäýmeginden öler ýaly gorkýardy.
Täçjemal gyzlara okuwlaryny-da doly okatmady. Sekizinji klasy gutaranlaryndan mekdepden alyp galdy. Olary eşek ýaly işledip, özüne hyzmat etdirýärdi. Üst-başlaryna derekli egin-eşigem etmezdi. Gyzlar üst-başlaryndan utanyp, ne toýa çykardylar, ne ile. Öýdeçi boldular galdylar.
Döndini on sekiz ýaşy dolandan durmuşa çykardylar. Döndi çykansoň, öýüň işem, meýdan işem Jemiläniň başyna galdy. Hem öý işi, hem meýdan işi Jemiläniň aňkasyny aşyrýardy. Ony obadaşlary mydama arkasy otly haltaly görýärdiler. Ýa-da eginleri güne solan eşikli içde-daşda düwdenekläp, iş edip ýörkä görerdiler. Hiç kim Jemiläni ýa toýda, ýa-da öz deň-duşlary ýaly oba klubuna kino, teatr gelen wagty görmezdi. Özüni bileli bäri öweý ejäniň iňirdisi bilen işden başga zady görmedik Jemile toýa, kino, oýna gitmäge, täze eşik geýmäge özüniň haky bardyram öýdenokdy. Özüni toýa-kino gidýänlerden pes saýardy. Onuň göwnüne bezenip-beslenýänler, toýa-kino gidýänler dünýä üýtgeşik adam bolup inýän ýalydy.
Ol sekizinji klasa çenli okuwa çit köýneklije gatnady. Illeriň gyzy okuwyň soňky günlerinde dürli-dümen eşikler geýip barsa-da, onuň şol bir çit köýnegidi. Gyzynyň şeýdip ýörşüne kakasy-da üns berip duranokdy.
Jemile klasdaşlary bilen sekizinji klasda şol çit köýneklijeligine hoşlaşdy. Klasdaşlary şondan bärem ony diňe çit köýnekli görerdiler. Özünem diňe pagta ýygymynda ýa-da ýegşerilip, ot getirip gelýärkä görerdiler. Jemile oty göterip gelýärkä gabadyndan geçýänleriň kimdigine ünsem bermezdi. Onuň bar aladasy niredenem bolsa köpräk ot tapyp, haltasyny doldurmakdy. Şeýtmese, oňa öýde bir topar mal garaşyp durdy. Getiren oty azrak dagy bolaýsa, öweý ejesi gygyryp-gygyryp, demi tükenýänçä Jemilä gargynardy.
—Munuň meýdanda näme edýänini Hudaý bilsin! Geçene öwelip durýandyr ýa-da «ota» diýip gitse-de, başga zatlara güýmenýändir bi ganjyk—diýip, hüňürdemek hüňürdeýärdi.
Abdy aga aýalynyň gyzyna sögýänlerini eşitmedik bolardy. Başyny aşak salyp, aýaly Jemilä sögüp bolýança sesini çykarman, mellegiň aňry başlaryna giderdi.
Jemile ilki-ilkiler öweý ejesi käýände kakasyndan haraý isläp, oňa delmuryp baksa-da, soňy bilen kakadan özüne hiç hili hemaýatyň bolmajagyna düşündi. Muňa öwrenişmeli boldy.
Klasdaşlarynyň özi ony görenlerinde: «Jemile!» diýip gygyrardylar. Öz ady tutulansoň, Jemile egninden haltasyny düşürip, bir dem dynç alardy hem klasdaşlary bilen derdinişerdi. Gyzlar käte onuň gününe ýüreklerini awadyp, gözlerini ýaşlardylar.
Heniz süňňi bekemedik çepiksije gyz üçin pagtadan doly fartuklary ýegşerilip gyra çykarmak, tä daň atandan gün batýança bilini büküp, pagta ýygmak hupbatly bolsa-da, ýygym döwri Jemile heziller ederdi. Sebäbi pagta ýygymynda ol ot daşandaky ýaly ýalňyz bolmazdy. Pagta köplük bolup ýyglansoň, daşynda il-gün, klasdaşlar, obadaşlar bardy. Üstesine-de, onuň öweý ejeden hupbat görýänini bütin oba synlap ýörensoň, hemmeler Jemilä hemaýata ýetýärdi. Il-gün: «Jemile-de-Jemiledi». Onuň her salkynda ýüz kilony tegeleýän äpet ganaryny göterişip, maşyna ýükleşerdiler. Maşyndan düşürişip, gapana goýşardylar. Ölçelensoň, dökmäge kömek ederdiler. Pagtalar ölçedilip, gaýtjak bolnanda maşynyň üstünden oňa-da ýer tutardylar.
—Jemile, bärik geläý!
—Jemile, gel, saňa ýer belledik—diýen sesler ümsümje gyz tekere münüp, maşynyň kuzowasyna göz aýlandan, çar ýandan eşidilerdi.
Jemile obadaşlaryndan, hemmelerden razydy. Diňe öweý ejesi Täçjemal bilen kakasyndan närazydy.
Öýde mydama ýüzi alnyp durlansoň, ol il içinde-de kän geplemezdi. Mährem ejeleriniň mährinden ganyp, öýüň bol höreginden iýip-içýän beýleki deň-duşlary aýdym aýdyşyp, gülşüp-degşip, ala-wagyrdylar. Olar käte Jemilä-de her zat diýip degerdiler. Lak atardylar. Şonda Jemile soralan zada gysgajyk jogap berip oňardy, degişmä-de çalaja ýylgyrardy. Jakgyldap gülmäge onuň ýüregi-de galanokdy.
Öýleriniň gabat garşysyndaky däl-de, mellekleriniň aýak ujy tarapyndaky goňşulary Gülsoltan daýza Jemilä aýratyn-da mähir berýärdi. Ol pagta ýygymyna çagalaryna kömekleşmek üçin barardy. Jemilä-de paýy mydama öz ýanyndan alardy. Jemile klasdaşy Gunça bilen paýdaş bolardy. Gülsoltan daýza dagy köplük bolansoň, paýlaryny derrew bolardylar. Soň ol Jemiläni ýanyndan goýmajak bolup, oňa kömek ederdi.
Jemile dolan fartuklaryny gyra daşajak bolanda-da Gülsoltan daýza çagalaryny kömege ylgadardy.
—Ýusup, Ahmet, baryň, Jemilä kömek ediň!—diýip, biri-biriniň yzyndan ýetişip barýan ogullaryna gygyrardy.
Gülsoltan daýzanyň ogullary-da ejeleriniň diýenlerini iki gaýtalatmazdylar. Derrew kömege ylgardylar. Jemiläniň: «Özüm daşaryn» diýen sözüne-de bakman, derrewjik pagtaly fartuklaryny daşap bererdiler. Ahmet fartuklary gyra eltenden, ganaryň ýanyna oklar gaýdardy. Klasdaşy Ýusup welin beýle däldi. Ol Jemiläniň özem ganaryň ýanyna gelýänçä garaşardy. Ganaryň agzyny Jemilä sakladyp, onuň pagtalaryny ganara özi gapgarardy. Soňra pagtadan boşan fartuklary Jemiläniň inçejik biline, birgeňsi daňşyna-da syn ederdi. Ol ähli fartugyny daňyp bolansoň, onuň bilen bileje ýöräp gaýdardy.
Jemiläniň maňlaýlary bilen sümrüp daňan ak ýaglygynyň aşagyndan gam-gussa bilen bakýan okara gözleriniň owadanlygyny, gyýma gaşlarynyň ähli gyzlaryňkydan gelşiklidigini, Jemiläniň kirpikleri kimin ok ýaly kirpikleriň, onuň syraty kimin gamyş ýaly syratyň hiç kimde ýokdugyny diňe Ýusup bilýärdi. Hiç bir gyzyň Jemile kimin ýygymçy däldigini Ýusup bilýärdi. Sebäbi kä kişiler bir salkynda zordan dört-bäş, aňry gitse, alty fartuk pagta ýygardy. Jemile bolsa on fartugy doldurýardy. Onuň elleri maşyn kimin işleýärdi. Onuň öýünde-de ylgap-ylgap gapy süpürişini, sygyr sagşyny, mellekdäki ekinlere ideg edişini Ýusup ençe wagt bäri synlaý-synlaý gelýärdi. Jemiläni ol hyýrsyz ýüzli öweý ejeden dyndarmak isleýärdi. Ýöne ýetginjek beýtmäge bialaçdy. Ol Jemilä diňe sessiz duýgudaşlyk edip ýördi.
Hiç wagt adamyň ýüzüne seretmeýän Jemile klasdaşynyň özüne bolan içki duýgusyny aňanokdy. Onuň özüne edýän kömegine diňe goňşulyk üçindir öýderdi. Hamala ýetginjek diňe ejesiniň buýurýanlygy üçin özüne kömek edýän ýalydy. Onsoňam öweý ejäniň sowuklygy sebäpli, ýüregi ir ölen gyzda ýigit hakda pikir öwürmäge duýgam ýokdy.
Jemile klasdaşlaryny diýseň gowy görýärdi. Olary görende hossarlaryny gören ýaly bolýardy. Käte hem dogany Döndiniňkä gidip, derdinişip gaýdardy.
Durmuşa çykansoň, Döndiniň güni gowulaşdy. Ony gaýynlary diýseň gowy görýärdiler. «Senem bir basymjak ýaşyň dolup, öe düşäýsediň» diýip, Döndi gözüni ýaşlap, öweý ejäniň hyzmatyndan ýegşerilýän jigisiniň aladasyny ederdi. «Ýagyr bolduň sen, jigim jan. Öweý ejeden ýedi ýatlaram gowy eken».
Döndi özlerine şeýle jebir berýän öweý ejä zat diýmeýäni üçin kakasyny-da ýigrenerdi.
—Sag-aman senem bir durmuşa çyk bakaly. Soň şol öe barjak däl. Kakamyňam ýüzüni görjek däl—diýip, Döndi aglamjyrardy. —Doňbagyr adam eken ol. Bizi nähili hupbatlara dözýär.
Dogany: «Senem biri ýygnaýsa» diýse-de, Jemile özüne durmuşa çykmak diýen ykbal ýazylandyram öýdenokdy. Doganynyň diýýän sözleri oňa erteki ýaly bolup duýulýardy. Göwnüne bolmasa, bu ot daşamalar bilen pagta ýygmalar ölýänçä onuň başyndan aýrylmajak ýalydy. «Kim meni başyna ursun» diýip, ol içini gepledýärdi.
Onuň ýanyna käte klasdaşy Gunça oturmaga gelerdi. Öweý eje gyzy jorasy bilenem gürleşmäge goýmazdy. Gunça gelenden Jemilä ýumuş buýrup başlardy.
Käteler Gunça el işini alyp, gije gelerdi. Şonda hezil bolardy. Öweý eje Jemilä buýurmaga gije iş tapmazdy. Jemiläniň bolýan jaýy-da öweý ejeden aýrydy. Täçjemal gelenden, Abdy aganyň öňki aýaly bilen ýaşan jaýyny ini alman, täze jaý saldyrypdy. Ol Abdy agadyr öz yzyna tirkäp gelen ogly bilen şol jaýda bolardy. Jemile bolsa dogany Döndi bilen köne jaýda galypdy. Döndi çykaly bäri ol köne jaýda ýeke-ýalňyz ýaşaýardy. Gyz ilki-ilkiler ýeke ýatyp-turmaga gorkanam bolsa, soňabaka öwrenişdi. Özem şeýdip ýaşamagyň özi üçin kem däldigini bildi. Öweý ejeden iň bolman gije bir daşrakda bolanyny kem görenokdy.
Gunça gelensoň, iki jora ümmüldeşip, tikin iş ederdiler, iç döküşerdiler. Gunça ilki bilen klasdaky täzelikleri gürrüň bererdi. Soň bolsa birinji klasdan bäri gülki ýassygyna öwrülen Soltangül bilen baglanyşykly wakalary aýdyp bererdi. Gunça Soltangül hakda gürrüň berende iki jora jykyr-da-jykyr bolşup gülşerdiler. Jemiläniň göwni açylardy.
Soltangül birinji klasa gelen gününden bäri oňaýsyzlygy, gowşajyklygy bilen özüni tanadypdy. Özi etli-ganlyjady. Pökgüjedi. Sapag-a bir bilenokdy. üstesine-de, iýmän oturýan wagty-da ýokdy. Özem iň yzda, bir özi oturardy. Mugallym käemedik wagty çöregi açyk iýer oturardy, käese-de, partanyň aşagynda bukup iýerdi. Käte iýmäge getiren pomidory elinden gaçyp, öňdäki hatarlara tigirlenip giderdi. Klasa gülki bolardy. Agzynyň hyllygy akar giderdi. Onuň parta kellesini berip, uklap ýatyşyna, düýş görüp, dodaklaryny müňküldedişine hemmeler gülşerdi.
—A gyz, indi dagy onunjy klas ahyry. Henizem iýýä-dä utanman—diýip, Gunça bir gelende Soltangülüň komissiýanyň öňünde bolşuny gürrüň berdi. —Komissiýa girdi klasa. Soltangülem bufetden bulka alypdyr-da, iýen bolup otyr. Utananogam. Mugallym ahyry: «Soltangül, çörek iýme!» diýip, duýduryş berdi. Ol bolsa, iýmesini goýandan-a geçen, gaýtam ýüzüni kürşerdip, öýkelän bolýar. «Çörek iýemok men, bulka iýýän» diýýä...
—A gyz, göwresi dagy çişip-çişip, näteňet bolaýypdyr, hakyt ejesiniň yzyndan ýetäýipdir, azrak iýende bolmaýamyka, gyz!—diýip, Gunça Soltangüli geňläp, ýakasyna tüýkürdi. —Tüf, tüf, daş edewersin.
—Bolýan däldir-dä!—diýip, Jemile gysga jogap berdi.
—Şol bolşuna öýünde hiç hili işem etmeýän eken. Şol, ondan-oňa söw-söwläp ýör. ähli işi ejesi edýän eken. Iň bärkisi, uly iliň gidýän pagta ýygymyna-da baranog-a. Ne çaý-suwa kömek edýä, ne mellege.
—Ejesi läliksiredýändir-dä.
—Hawa-da. Ýeke çagasy. Läliksiredýän bolmagam mümkin.
Soltangülden soň Gunça ähli klasdaşlary, gören kinolary hakda aýdyp çykardy.
Soňy bilen Gunça Soltangülden soň gürrüň etmäge has üýtgeşik tema tapyldy. Ol bir gün agşam Jemilä özüne klasdaşy Allamyradyň hat ýazandygyny gürrüň berdi. Şondan soň ol her gezek gelende wagtynyň köpüsini Allamyrat hakda gürrüň edip geçerdi.
Jemiläniň klasdaşlarynyň onunjy klasy tamamlamaly ýylynyň bahary Jemiläniň-de bagt ýyldyzy şugla saçdy.
Ene bir gün agşam Gunça Jemiläniň ýanyna oturmaga geldi. Şonda ol has-da üýtgeşik habar getirdi. Ol birsyhly ýyrşaryp, geleli bäri Jemilä gözlerini güldürip seredýän-de bolsa, ejesidir kakasy daga çaý-nahar daşajak bolup, Jemile jorasynyň üýtgeşik bolşuny duýmady. Ahyry ol çaý-nahar daşama işini birýüzli edip, gap-gaçlaryny ýuwuşdyransoň, jorasynyň ýanynda çökdi. Eline tikin işini aldy.
—Nädýäň? Bukjaňy dolýaňmy?—diýip, Gunça ýene jorasyna ýylgyryp bakdy.
—Bukja dolma näme işlesin!—diýip, Jemile uludan dem aldy. —Bir zat tikip ýetişsem, derrew gelnejem geýip ýetişýär.
Dowamy bar.
GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) #1
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Salam TrustORG, gowumy ýagdaýlaryňyz?!
Meň nikimiň üstünde kän eserler bardyr, arkaýyn goýuberiň, özüme degişli, ýagny, öz awtorlyk bloglarymdan başga ählisini kopýalap goýuberiň. Menem saýtyňa agza boldum, özüme degişli bloglarymy saýtyňda ýakynda paýlaşyp başlajak.
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Öz içki pikirleriňi erkin ýazmaga rugsat berýänsiňä?!
-
Ahmedik_97
2 years ago
- We birem ýene bir zat, saýtyňda başga saýtlaryň adyny agzamaga hem rugsat berewergin)))
-
yyldyz.
2 years ago
- şuñ başyndaky 1setir aýdymdan bölek, hiç ýadymdan çykmaýa, aglap aglap okapdym, we okan birinji eserim şul. gynanýan aşa gynanýan Jemiläñ ýagdaýyna
-
Nätänyş adam
2 years ago
- Asyrweb.com mende islanok. Vpnlymy
-
TrustORG
2 years ago
- Nätänyş adam, asyrweb.com açmasa sahypa.ru diýip giriň, ikisi hem bir zat.
-
TrustORG
2 years ago
- Ahmedik_97, saýtda täzelik bardyr baş sahypada, şonda ýazdym saýdyň maksady we kime nähili pikir erkinligi berilýändigini. Okap gör we arkaýyn paýlaşywer ýazgylaryňy.
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Bolýa. Ýakynda paýlaşyp başlajak... Saýtyň gutly bolsun, saýtyňy ömürligä diýmäýin, ýöne uzak ýyllary arka atar ýaly mümkinçilik döredersiňä?!...
-
TrustORG
2 years ago
- Ahmedik_97, 1 yylyna toledim, galanynam yene 10 aydan gorerisda.
-
Gözellik.
2 years ago
- Agza bolmak bolumi yapyk oytyan @TrustOrg
TrustORG 2 years ago- Ahmedik_97, kopyalap asyrweb.com da goysam bolyarmy? Ya ozuñ goyjakmy?