Gözel gyzy kim alar
Bir obada adatdan daşary görmegeý,göreni öz owadanlygy bilen haýran edýän gözel gyz ýaşapdyr. Ýöne onuň ne adamsy ne-de söýgülisi bolupdur. Onuň sebäbi bolsa şol töwerekde ýaşaýan garry akyldaryň aýdan şu sözi bolupdyr:
—Kim bu gözel gyzy öpse—öler !
Hemmeler ol akyldar garryny örän oňat bilýärdiler we onuň aýdan her bir zady hökman bolýardy.Şol sebäpli obanyň batyr ýigitleri ol gözel gyzy daşdan synlap oňýardylar,hiç biri ol gözel gyzyň ýanyna golaýlaşmaga hem milt edip bilenokdylar,diňe uzakdan armanly seretmeli bolýardylar.
Ine bir gün bolsa bir ýigit ol gözel gyzy görüp şol bada hem oňa aşyk bolupdyr. Ol şolbada haýatdan aşyp baryp ol gyzy öpüpdir.
—Wah ! —diýip beýleki ýigitler ony görüp gynanypdyrlar—Häzir ol ýigit öler indi !
Ýöne ýigit ol gözel gyzy gaýta-gaýta öpüpsede oňa hiç zat bolmandyr we ol gyz hem oňa durmuşa çykmana razy bolupdyr.
—Bu nähili beýle bolýaraý—diýip,beýleki ýigitler nägile bolup akyldardan sorapdyrlar:
—Aý,akyldar ýaşuly sen kim ol gözel gyzy öpse öler diýipdiňä ?
—Şeýle hem bolar elbetde—diýip akyldar aýdypdyr:—Ýöne men edil şol öpäýen badyna öler diýp hiç wagt aýtmadym,ol haçan hem bolsa bir wagt öler,köp wagt bagtly durmuşda ýaşandan soň ajaly ýetende öler. Men ýöne şeýle diýmek bilen şol gözel gyz üçin janyndan geçjek oňa mynasyp ýigdiň tapylmagyny isledim .
Awar tymsaly
Rusçadan terjime
Gözel gyzy kim alar
-
Nätänyş adam
2 years ago
- Oran manyly hekayajyk su. Onem okapdym. Yene yetirenin ucin sag bol
-
BeZZaT.
2 years ago
- safiýa like+ basda
-
yyldyz.
2 years ago
- ana ana
Real.123. 2 years ago- 👍👍👍👍