Magtymguly Pyragynyň goşgularynda we käbir rowaýatlarda ady geçýän Kap dagy barada gyzyklanýardym."Bu dag hakykatdanam barmy ýa-da mifden başga bir zat dälmi,bu dag hakykatda bar bolsa,ol nirede ýerleşen?!"- diýen ýaly soraglary özüme berýärdim.

Geliň,biz Kap dagyna akyl ýetirmek üçin "Togalak dünýä" modelinden ýüz öwürüp, "Tekiz ýer" modeline salgylanalyň!Tekiz ýer modelinde Antarktida biziň daşymyzy gurşap durýar.Belki,Pyragynyň düşündirjek bolýan Kap dagy şoldur?!
Antartida baryp aýagyňyzy sallap kofe içmäge howlukmaň!Antarktidadan(Kap dagyndan)aňyrda ýene bir dünýä,biziň dünýämize utgaşyp gidýär.Ol dünýä biziň dünýämiziň daşyny gurşap dur.Şu ýerde Kap dagyny "iki dünýäň arasyna çekilen diwar,gala" diýip,göz öňüne getirmek bolýar.Başgaça aýdanda,Kap dagy bilen ikä bölünen bir dünýä...
Diwardan bärde,galaň içinde biz,aňyrda bolsa Äjit-Mäjit taýpalary ýaşaýar.Diwardan aňyry ýa-da bäri geçmek,heniz mümkün zat däl.Emma,ahyr zamandan ozal,ahyrzmanyň alamatlatynyň biri hökmünde,Äjit-Mäjitler Kap dagyny (Antarktidany) deşip bäri çozup gelerler.

Bu aýdylanlara ynanmak ýa ynanmazlyk her kimiň öz işi.Meniň özüm haçanam bolsa,bu aýdylan alamatlaryň amala aşjakdygyna ynanýan.Adam bu dünýä-de ýaşaýan barlyk eken,edil adam ýaly başga barlyklaryn ýaşamaýanlygyna kim kepil geçip biler?!

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir