yaponiyada ogry tutyan robert yasapdyrlar. Yaponiyada 1 sagatda 500 ogry tutupdyr, amerikada 1 sagatda 300 tutupdyr, russiyada 1 sag 250 tutupdyr. Turkmenistana getirseler 1sagadyng ichinde roberting ozuni ogurlap gidipdirler...
Anekdot
-
muzazzi
13 years ago
- bir gun arnold shwarsnegir jygyllyga gelyar.1 dayza armatur satyp otyr. Arnold eline 1 armatur alyp boynuna gysyp gysardyar . Dayza arnoldyn elinden armatury alyp ''almajak bolsan nama gysardyan'' diyip dayza ozi eli bilen armatury goneledyar.arnoldyn gulagy galyar.''bularyn ayallary seyle bolsa.erkekleri nahilika '' diyyar.
-
ozik
13 years ago
- ha ha ha :-)
-
ozik
13 years ago
- bir gun dalihanadaky dalileri howa gyzgyn bolanson, dasharyk chykaryp dashlaryndan setka aylapdyrlar ( reshotkan ichinee salypdyrlar) dalilen biri setkadan barmagyny chykaryp shey diyya.
- owfey dasharyn sowukdygyny
-
ozik
13 years ago
- bir gun atakopek heleyi b.n futbol gorup otyr. Telewizorda futbol oynap yorenler topy depenlerinde auta gidip topy tapyp bilenoklar, pursatdan peydalanyp krawadyn ashagyndan bir adam shortiklyja chykyp ,
-shu tak top (pokgi) dushmedimay? Shey diyip bahana b.n komnatdan chykyp gidya.
Ertesi gun atakopek bolan yagdayy gonshysyna aydyp berya.
Atakopek- duyn futbol gorup otyrkam top (pokgi) yiten wagty ,futbalistlan biri krawadymyn ashagyndan chykyp , shutak top (pokgi) dushmedimi diyip sorap gitdi.
Gonshysy- men krawadymyn ashagyndana butin kamanda chykyp top (pokgi) gozlap gitdi
-
Farabi
13 years ago
- robert name?
-
idealman
13 years ago
- robert diydigi robot diyjek bolany oydyan!!!
-
Toty
13 years ago
- berekella.esasanam jygyllykdaky dayza bet edipdir
-
Balmyrat
13 years ago
- Bir adam dälihana öz garyndashyny görmäge barýar. Seretse, ähli däliler jaýyñ depesinden ashaklygyna krowata münüp bökýärmishler. Hälki adam bular bilen gürrüñe girishýär:
-siz o taýda näme ishleýäñiz?
-"samolýot-samolýot" oýnaýas.
-hany wraçyñyz nirde?
-biz ony birinji reýs bilen iberdik.
-
Balmyrat
13 years ago
- -Goñshy, señ sygryñ çilim çekýämi?
-Ýok. Näme bolupdyr?
-onda, señ mal ýatagyñ ýanýar.
-
Balmyrat
13 years ago
- Bir tagtabiti gyrmyldap barýarka poluñ üstünde diriñ-diriñ bökjekleýän büräni görýär.
-ýeri-how, büre dost. Bökjekleýärsiñ, ashyr atýarsyñ, kelläñ üstünde aýlanýarsyñ. Näme "breýk" tansyny öwrenjek bolýañmy?
Kakynyp, silkinip ýören büre zordan:
-di-hlo-fos...-diýmäge ýetishýär.
-
mahremchynar
13 years ago
- hihi oran gowy degishmeler
-
Balmyrat
13 years ago
- Sudýa sorag berýär:
-arzañyzdan mälim bolshy ýaly, goñshyñyz size samsyk diýipdir. Shu dogrumy?
-hakyt dogry.
-onda näme arz edýäñiz?
-
Balmyrat
13 years ago
- -bagyshlañ, siziñ kakañyz öz ajalyna öldümi?
-ýok. Onuñ ýanynda wraç bardy
-
Balmyrat
13 years ago
- Iki sany awçy ullakan ýolbarsyñ aýak yzlarynyñ üstünden barýarlar. Olaryñ ýeserrägi ýoldashyna teklip edýär:
-sen onuñ nirä gidenini barla, men bolsa nirden gelenini yzarlaýyn.
-
Balmyrat
13 years ago
- Iki sany eshek keýpine otlap ýören keýigi görýärler.
-gel, onuñ üstünden güleli - diýip, bir eshek teklip edýär.
-nädip?-diýip, ikinjisi gulaklaryny dikgerdýär.
-ine, sheýdip. Biz ondan äriniñ bar-ýoklugyny sorarys. "hawa" diýse, "äriñ tüýs samsyk ekeni. Señ ýaly owadan zady çöliñ içinde ýeke gezdirip" diýeris. Egerde "ýok" diýäýse, "señ ýaly çöp injik kime gerek-läý!" diýeris.
Olar keýigiñ ýanyna barýarlar-da:
-keýik, sen äre bardyñmy?-diýip soraýarlar.
Keýik hem:
-dash-töwerekde diñe eshekler gezip ýörkä, kime baraýyn?-diýip, jogap berýär
-
DG
13 years ago
- Cyber ,Ozik ,Muzzazi,Balmyrat gowy degi$meler gúlùp hezil etdim hi hi hi duruñ entek gùlùp bolaýyn.......
-
meysn
13 years ago
- karoci dalihanada bir giden dali !son olary barlap goryarler bulan icnde sagalany yokmyka hey bir diyip! son stenan yuzune motoryn suratyny cekyarler,sonam dalilere aydyarlar egerde kim shul matory otlap bilse oyune ugradyas diyyaler. Yanky dalilerem muna begenip hemmesi cekilen matoryn ustune ylgap ,yokoryk cykyp hayatdan ozuni oklayan haysy-stenany depyan haysy otlajak bolup yanky motory , birazdan dalihanan baslygy seretse cunkde bir dali otyr sesini cykARMAN EYLEKI DALILERE GOSHULMAN .son bulam pikir edya sul dala sagalan yalyla diyp, son yanky dalin yanna baryp aydya ey sen oyune gidesin gelenokmy diyp ? bar otlajak bolda matory diyse ? son yanky dali yuvasjadan yanka yuvash yuvash matoryn acary jugidelay diypdir!!!!!!!!!!!!
-
Bayja
13 years ago
- :):):):):):):):):):):)
-
Balmyrat
13 years ago
- Öý eýesi elektrige telefon edýär:
-men sizden düýn ishigimiziñ jañyny bejerip bermegiñizi haýysh edipdim-ä. Näme üçin gelmediñiz?
-men bardym-la! Ýöne jañyñ düwmejigini näçe bassamam hiç him çykmady.
-
Balmyrat
13 years ago
- -Sen puluñy haýsy bankda saklaýañ?
-üç litrlikde.
-
Balmyrat
13 years ago
- Agyr hassanyñ ýatan palatasyna egni ak halatly biri gelýär-de:
-boýuñ uzynlygy näçe? - diýýär.
-bir metr ýetmish, dogtor jan.
-men dogtor däl, men tabyt ýasaýan.
-
Balmyrat
13 years ago
- Bir adam her holtugynda bir garpyz göterip gelýär. Bashga biri ony saklaýar:
:bagyshlañ, teke bazary haýsy tarapda bolýar?
-bir minut shu garpyzlary tutup dur.
Sorag beren kishi garpyzlary alýar. Elleri boshan adam gollaryny iki tarapa uzadyp, egnini gysýar:
-bilemok.
-
Balmyrat
13 years ago
- -eje komediýa, drama, tragediýa diýen sözleri düshündirsene - diýip, edebiýatdan sapagyna taýynlanýan ogly soraýar.
-ynha, seniñ kakañ günde-gunasha lülgammar bolup öýe gelýär. Bu goñshular üçin komediýa, biziñ üçin drama, onuñ özi üçin bolsa tragediýa.
-
Balmyrat
13 years ago
- Dostalar arasynda güler ýaly birküç sanjak anekdodam ýazaýyn diýdim diñläñ:
wraç narkozdan açylan näsagyñ üstüne egilýär.
-operasiýa gowy geçdi. Tolgunmañ. Ýöne opesiýadan öñ özüñizi alyp barshyñyz gowy däl. Ýoldashyñyz-a tüýs topalañ baryny turuzdy!
-dagy nädeli? Bizi bu taýyk oknolaryñ aýnalaryny yuwmaga iberipdiler-ä! Siz bolsa operasiýa...
-
Balmyrat
13 years ago
- Bir ishgär öz naçalniginiñ kabinetine kürsäp girýärde, onuñ kellesine kofe gapyrjagy dökýär. Soñam stoluñ üstüne çykýar-da, tans etmäge bashlaýar. Shol pursatda onuñ ishdesh ýoldashy gapyny açyp sheýle diýýär:
-goý how, Aman! Biz oýun etdik, sen hiç hili bir million dollar pul utañok.
-
Balmyrat
13 years ago
- Içi haýwanlardan doly samolýot uçup barýar. Garga kabina girýär-de, lýotçikleriñ uklap oturandygyny görýär. Samolýot awtomatik uçush düzgüninde barýan ekeni. Göreniñ garagol garga-da. Dürli düwmejiklere, ryçagjyklara basyp towsaklap bashlaýar.
Kabina towshan girýär.
-sen näme ishleýäñ, garga?
-jiñkildik oýnaýan.
-menem oýnaýaýyn-da.
-gözel göwniñ.
Towshanam dürli abzallary oýnap bashlaýar. Soñra möjek gelýär. Yz ýanyndan beýleki haýwanlaram üýshüp, kabinany doldurýarlar. Samolýot shaglap ashak inip bashlaýar. Ýere ýetmäge sähelçe galanda garga:
-bolýa-da, siz jiñkildik oýnaberiñ, men-ä gitdim - diýýärde, uçup ötägidýär.
-
Balmyrat
13 years ago
- Awtobus duralgasynda pensioner bilen okuwçy dur. Birden pensioner güýçli asgyrýar:
-häp-pish-shä!
-sabyr ediñ.
-sag bol, oglum.
-minnetdar.
-bash üstüne.
-hökman däl-le.
-akyllysyramasana.
-güm bolsan-aý!
-
fistik
13 years ago
- :)
-
catgirl1993
13 years ago
- heheheh chok komik! :)
mahremchynar 13 years ago- bu hakykatmy ya degishme