Wagtynda "Gitler kaput" diýip million adam aýdypdy.Ýöne,Gitleri kaput eden adam,ýene Gitleriň özi boldy.

Bir gedaý,gysganç baýyň ýanyna dileg edip gelýär:
-Baý aga,maňa iýmäge çörek ber!
-Mende saňa berer ýaly çörek ýok.
-Baý aga,maňa içmäge suwuňdan ber!
-Mende saňa berer ýaly suwam ýok.
-Baý aga,köne-küşel,egin-eşik bereseňem alardym!
-Mende saňa berer ýaly köne-küşel eşigem ýok.
-Baý aga,onda sizde maňa berer ýaly näme bar?!
-Mende saňa berer ýaly hiç zat ýok.
-Baý aga,onda näme otyrsyňyz?Hiç zadyňyz ýok bolsa,ýörüň meniň bilen,bile dilegçilik ederis.

Täze gelin jorasynyň ýanynda zeýrenýär:Meniň baran oglanym gaty ýalta çykdy.Öýdäki musurlary köçä çykaryp dök diýsem,hiç dökesi gelenok.Erkek diýeniň şol döküp-döküp taşlasada.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir