Apple ilkinji bolup öz önümlerine täze innowasion prosessorlary ornaşdyrar
Apple TSMC-niň geljekki 2-nm tehnologiýa prosesi boýunça döredilen çiplere eýe boljak ilkinji kompaniýa bolar. Bu barada DigiTimes-den taýwanly analitikleriň hasabatyna salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär. TSMC-niň 2025-nji ýylyň ikinji ýarymyndan başlap 2-nm çipleri öndürip başlamagyna garaşylýar diýip, gazeta.ru habar berýär.
Tehnolo...
99 ýaşly kanadaly suwda ýüzüji üç dünýä rekordyny täzeledi
99 ýaşly kanadaly suwda ýüzüji Betti Brýussel öz ýaş toparynda (100-104 ýaş) üç dünýä rekordyny täzeledi. Rekord Kanadanyň Saaniç şäherinde geçirilen ýaryşda goýuldy. Ol 400 metr aralygy erkin usul bilen öňki rekord eýesinden tas dört minut çalt ýüzüp geçdi. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanyp, championat.com habar berýär.
Şeýle-de,...
Höwesjeň futbolçylar Angliýanyň Kubogynyň 1/8 finalyna çykmagy başardylar
Futbol boýunça Angliýanyň Kubogynda garaşylmadyk waka boldy. Derejesi boýunça ýurduň altynjy diwizionyna degişli bolan «Meýdstoun» höwesjeňler kluby ikinji diwiziona degişli «Ipswiç Taun» toparyny ýeňip, ýurduň Kubogynyň 1/8 finalyna çykdy.
Duşuşyk «Ipswiçiň» stadionynda geçirildi we 2:1 hasabynda «Meýdstounyň» peýdasyna tamamlandy. Topara ý...
Belorussiýaly Arina Sobolenko Australian Open – 2024-de ýeňiji boldy
Belorussiýaly tennisçi Arina Sobolenko Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň (Australian Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda Hytaýyň wekili Çžen Sinweni utdy. Bu barada Ren.TV habar berýär.
Oýun Sobolenkonyň peýdasyna 6:3, 6:2 hasabynda tamamlandy.
Belorussiýaly tennisçi üç gezek eýs etdi, hiç hili iki gezekdäki ýalňyşa ýol bermedi, şeýle-de...
HP emeli aň bilen enjamlaşdyryp, kompýuter pudagyny düýpgöter üýtgetmek meýilnamalaryny yglan etdi
Şu ýyl satuwa çykjak HP personal kompýuterleriniň täze kategoriýasy ýöriteleşdirilen emeli aň çipleri bilen enjamlaşdyrylar. Bu barada HP-iň baş direktory Enrike Lores Bütindünýä ykdysady forumda aýtdy diýip, Inc. habar berýär.
Lores: "Bu 20 ýyl mundan ozal oýlanyp tapylandan bäri kompýuter pudagynda bolup geçen iň uly üýtgeşmeleriň biri bol...
IPhone smartfonlaryna emeli aň giriziler
«Apple» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ortalarynda «iPhone» smartfonlaryna emeli aň girizer. Bu barada Financial Times (FT) habar berýär.
Söhbetdeşlik geçirilen hünärmenleriň bellemegine görä, korporasiýa emeli aňy öwrenmek bilen meşgullanýan taslamalary we kompaniýalary köpçülikleýin satyn alýar. «Apple» 2017-nji ýyldan bäri emeli aň tehnologiý...
Microsoft oýun bölüminiň işgärleriniň 8%-ini azaltmak kararyna geldi
Microsoft korporasiýasy özüniň Microsoft Gaming-iň wideo oýun bölüminiň düzümine girýän Activision Blizzard, Xbox we ZeniMax kompýuter oýunlarynyň döredijilerinden 1,9 müň işgäri azaldar. Munuň kompaniýanyň işgärleriniň umumy sanynyň 8 göterimidigini The Verge portalyna salgylanýan TASS habar berýär.
“Microsoft Gaming-iň we Activision Blizza...
Apple iPhone üçin App Storede-den başga programma dükanlaryny döretmäge resmi taýdan rugsat berer
Apple mundan beýläk iOS-da iPhone üçin del programma dükanlarynyň döredilmeginiň öňüni almazlyk kararyna geldi. Şeýle-de bolsa, olar häzirlikçe diňe Ýewropada elýeterli bolar diýip, “Çempionat” portaly habar berýär.
Indi Ýewropadaky ulanyjylar programmalary diňe App Store-dan göçürip almak bilen çäklenmezler. Apple üçünji tarap dükanlarynda...
NASA Marsdaky dikuçarynyň missiýasynyň tamamlanandygyny habar berdi
Amerikanyň NASA kosmos gullugy Ingenuity Mars dikuçary missiýasynyň tamamlanandygyny habar berdi. RBC NASA-a salgylanyp, 18-nji ýanwarda düşürilen we Ýere iberilen suratlar dikuçaryň gonanda göteriji wintiň bir ýa-da birnäçe perini zaýalandygyny görkezýär.
Ingenuity-niň ölçegleri bary-ýogy 20 santimetr, perleriň aralygy bolsa 120 santimetre...
UFC-iň öňki çempiony Makgregoryň surata düşen filminiň treýleri çykdy
«Amazon» kompaniýasy meşhur aktýor Jeýk Jillenholyň we irlandiýaly garyşyk söweş sungaty (MMA) söweşijisi Konor Makgregoryň surata düşen «Ýoldaky jaý» filminiň ilkinji treýlerini paýlaşdy.
Söweş filmi 21-nji martda striming ulgamynda görkeziler.
Makregor 35 ýaşynda. Ol karýerasynda 22 ýeňiş gazandy we 6 gezek ýeňildi. Irlandiýaly türg...
Google mekdepler we mugallymlar üçin täze emeli aň aýratynlyklary görkezdi
Beýik Britaniýadaky Bett çäresinde Google kompaniýasy emeli aňyň kömegi bilen okuw işini dolandyrmak, elýeterlilik we soraglary hem-de sapak meýilnamalaryny döretmek üçin birnäçe täze aýratynlygy hödürledi. Olaryň hemmesi Google Classroom-da we Youtube-da işleýär diýip, Inc. habar berýär.
Google eýýäm mugallymlara Google Classroom -yň bir bö...
Marsdaky Ýezero kraterinde iki kölüň bolandygynyň subutnamasy tapyldy
Marsdaky Ýezero kraterinde dürli geologiki döwürlerde iki kölüň bolandygyny görkezýän subutnamalar tapyldy. Bu radar ulanyp, krateriň düýbündäki çökündileriň gurluşyny öwrenen Perseverance mars roweriniň kömegi bilen anyklandy diýip, Los-Anželesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň metbugat gullugyna (UCLA) salgylanýan TASS habar berýär.
"Perseve...
Turba şekilli beden agzalary ilkinji gezek 4D bioçap arkaly kosmosda çap ediler
2024-nji ýylda Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) bortunda 4D bioçap tehnologiýasyny ulanmak bilen dünýäde ilkinji synagy geçirilmek meýilleşdirilýär. Hünärmenler bu tehnologiýany ulanyp, turba şekilli beden agzalarynyň ekwiwalentini almak isleýärler diýip, Roskosmos-yň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko aýtd...
Google Pixel 8 Pro bedeniň gyzgynlygyny ölçemek aýratynlygyna eýe boldy
Google özüniň Pixel 8 Pro smartfonyna bedeniň gyzgynlygyny ölçemäge mümkinçilik berýän täze aýratynlyk goşdy diýip, PhoneArena-a salgylanýan Ferra habar berýär.
Bu täzelik Pixel Feature Drop täzelenmesinde elýeterli boldy.
Enjamyň içindäki termometr indi ulanyjynyň bedeniniň gyzgynlygyny ölçäp biler. Ölçemekligi telefony ulanyjynyň ma...
Dünýäde ilkinji gezek gen terapiýasy arkaly ker oglanyň eşidişi bejerildi
Filadelfiýanyň Çagalar hassahanasynyň (CHOP) hünärmenleri 11 ýaşly Aýssam Damyň eşidişini bejermek üçin gen terapiýasyny ulandylar. Bejergi dünýäde ilkinji bolup, genetiki mutasiýa sebäpli eşidiş ukyby pes bolan näsaglara umyt döredýär diýip, Nýu-Ýork Taýms gazetine salgylanýan Inc. habar berýär.
CHOP-nyň Otolaringologiýa bölüminiň kliniki g...
Hawi möwsümiň ahyrynda «Barselonadan» gider
«Barselona» futbol klubunyň baş tälimçisi Hawi möwsümiň ahyrynda wezipesinden aýryljakdygyny habar berdi.
Şenbe güni Ispaniýanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň oýnunda katalon kluby öz meýdançasynda «Wilýarrealdan» 3:5 hasabynda ýeňildi. Klub çempionatyň sanawynda üçünji orunda barýar we birinji orundaky Madridiň «Realyndan» 10 utuk yza gal...
Nokia 1100 taryhda iň köp satylan telefon boldy
Düwmeli «Nokia 1100» taryhda iň meşhur jübi telefony boldy. «Visual Capitalist» portaly iň köp satylan enjamlaryň sanawyny düzdi.
Çeşmä görä, sanawyň birinji ornuny 2003-nji ýylda çykan «Nokia 1100» eýeledi, alty ýylda onuň 250 million nusgasy satylypdyr. Ikinji orny 248 million enjamdan biraz pes görkezijisi bolan, bu brendiň ýene bir düwme...
Köp sanly tehnologiýalary bolan täze Volkswagen Golf modeli hödürlenildi
FAW-Volkswagen bilelikdäki kärhana iki sany komplektasiýada satyn alyp boljak täze Volkswagen Golf modelini hödürledi: Enjoy Edition we Expert Edition. Awtoulaglar Hytaýda degişlilikde 21 müň dollar we 21,3 müň dollar bahadan hödürlenýär diýip, autohome-e salgylanýan IXBT.com habar berýär.
Awtoulagyň iki görnüşi hem rahatlyk we tehnologiýa,...
Apple ýazda täzelenen iPad Air-i, iPad Pro-ny we MacBook Air-ni çykarar
Apple iPad Air we iPad Pro planşet kompýuterleriniň täze wersiýalaryny, şeýle hem MacBook Air noutbugyny şu ýylyň mart ýa-da aprel aýlarynda çykarmagy meýilleşdirýär. Ondan soň kompaniýa iýun aýynda her ýyl geçirilýän işläp düzüjileriň WWDC konferensiýasynda hödürlemegi meýilleşdirýän tehnologiýalaryna ünsüni jemlär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalis...
FIFA-nyň başlygy Infantino janköýerleriniň jynsparazlygy üçin toparlara ýeňliş bermäge çagyrdy
Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino janköýerleri jynsparazlyk görkezen toparlara tehniki ýeňliş bermäge çagyrdy. Bu barada guramanyň «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda (öňki Twitter) habar berilýär.
«Janköýerleri jynsparazlyk görkezen we özüni alyp barşy oýnuň kesilmegine ýa-da togtadylmagyna sebäp bolan topara g...