2023-nji ýylda iň köp satylan awtomobil belli boldy
JATO Dynamics we Car Industry Analysis kompaniýalary awtomobil bazarynyň seljermesiniň deslapky maglumatlaryny hödürlediler, oňa laýyklykda 2023-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtomobil Tesla Model Y boldy. 2023-nji ýylda tutuş dünýäde şeýle awtomobillerden jemi 1,32 mln sanysy satyldy diýip, championat.com belleýär.
2022-nji ýyl bilen deň...
çagalar TikTok-da YouTube-a garanyňda, 60% wagtyny köp sarp etdiler
2023-nji ýylda 4-18 ýaş aralygyndaky çagalar TikTok-a her gün ortaça 112 minutyny sarp edip, bu bir ýyl mundan öňki 107 minut bilen deňeşdirilende köpdür.
Şeýle-de bolsa, dünýädäki 400 000-den gowrak maşgalanyň we mekdebiň endiklerini öwrenen, ene-ata gözegçiligi üçin programma üpjünçiligini öndürijiniň hasabatyna görä, YouTube bu d...
Dubaýda bahasy 2,7 million dollardan 10 million dollara çenli bolan öýli kaşaň Mersedes-Benz Places ýaşaýyş diňi gurlar
Mersedes-Benz Emiratyň Binghatti jaý gurluşyk şereketi bilen bilelikde Dubaýda başy gökdirän Mercedes-Benz Places ýaşaýyş jaýyny gurar, ondaky öýleriň hersiniň bahasy 10 million dollar bolar diýip, Inc. habar berýär.
Kaşaň diňiň gurluşygyna 1 milliard dollar sarp ediler.
65 gatly bina Dubaýyň gyzgalaňly şäher merkezinden, takmynan, 34...
Jennifer Lopeziň kompaniýasy Mattel kompaniýasynyň täze multfilmine prodýuserlik ede
Jennifer Lopeziň Nuyorican Productions kompaniýasy Bob the Builder (“Gurluşykçy Bob”) çagalar multserialynyň esasynda dörediljek animasion doly metražly multfilme prodýuserlik eder. Baş gahrymana aktýor, ses režissýory we “Gremmi” baýragynyň eýesi Entoni Ramos ses berer diýip, Mattel habar berýär. Muny life.liga.net ýetirýär.
Asyl nusgadaky...
Ýaponiýada Fudzi dagyna çykmak üçin töleg giriziler we syýahatçylaryň sany çäklendiriler
Ýaponiýada Fudzi dagyna çykmak üçin töleg we syýahatçylaryň sanyna çäklendirmeler giriziler. Bu barada Yahoo! salgylanyp, rbclife.ru ýazýar. Şeýle çözgüt Ýamanasi prefekturasynyň hökümeti tarapyndan kabul edildi. Täze talaplar 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan, daga çykmak üçin 70 günlük tomusky möwsüm başlanda güýje girer.
Ilkinji nobatda, bu...
Altaý Baýyndyr “ManÝunaýtedde” oýnan ilkinji türkiýeli futbolçy boldy
Türkiýäniň milli futbol ýygyndysynyň derwezebany Altaý Baýyndyr taryhda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubunda oýnan ilkinji türkiýeli oýunçy boldy. Report agentliginiň habar berşi ýaly, derwezeban Angliýanyň Kubogynyň 4-nji tapgyrynyň “Nýuport Kaunti” toparyna garşy oýnunda başlangyç düzüm bilen meýdança çykdy.
Oýun Baku wagty bilen 20:3...
Polşanyň ýaşaýjysy buzda üç sagatdan gowrak wagt geçirip, rekord goýdy
Polşaly Katažina Ýakubowski buz kubiklerinden doldurylan gutuda üç sagatdan gowrak wagt saklanyp, aýallaryň arasynda sowuga çydamlylyk boýunça rekord goýdy. 48 ýaşly türgeniň netijesi 3 sagat 6 minut 45 sekunt boldy. Bu barada MIR24 habar berýär.
Erkekleriň arasynda rekord onuň watandaşy Kşiştof Gaýewskä degişlidir – ol buzda 3 sagat 11 minu...
Aziýanyň Kubogynyň 1/8 finaly: Iordaniýa soňky goşmaça minutlarda kam-bek etdi. Katar Palestinany utdy
Iordaniýanyň milli ýygyndysy 2023-nji ýylyň futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň 1/8 finalynda Yragyň toparyna garşy oýunda ýeňiş gazandy. Duşuşyk Kataryň Doha şäherindäki “Halifa Interneýşnl” stadionynda geçdi we 3:2 hasabynda tamamlandy. Oýnuň esasy wagtyna goşulan ýedi minutdan dördünji minutda iordaniýalylar 2:1 hasabynda utulýardy, ýöne soňky sek...
Suratkeşleriň hukuklaryny goramak üçin emeli aň tarapyndan döredilen suratlary zaýalaýan programma döredildi
Çikago uniwersitetinden amerikan hünärmenleriniň topary suratkeşleriň asyl eserlerini emeli aň arkaly göçürilmekden goramak üçin niýetlenen «Nightshade» atly programma guralyny döretdi. Bu barada gazeta.ru Techcrunch portalyna salgylanyp habar berýär.
«Nightshade» şekilleri «kölegelemek» diýlip atlandyrylýan usul bilen üýtgedýär. Ol şeýdip f...
ABŞ-da gidrogelden elektron «deri» döredildi
Adam derisi – adamyň daşarky dünýä bilen baglanyşygyny üpjün edýän iň uly organdyr. Ol galtaşyga, temperatura we basyşa duýgurdyr. Bu häsiýetleri emeli materiallarda dörettmek örän kyndyr.
ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň alymlary bu meseläni nanoinženerlik gidrogellerini peýdalanyp çözmäge synanyşdylar. Olar 3D çap enjamynda çap edilen gyjyndy...
Wengriýada geçen ýyl otlular jemi 5 ýyl 8 aý gijä galyp geldi
2023-nji ýylda Wengriýadaky ýolagçy otlulary jemi bäş ýyl sekiz aý gijigip geldi. Şeýle maglumatlary Wengriýanyň MAV demir ýol kompaniýasy getirýär diýip, Telex internet neşirine salgylanýan TASS ýazýar.
Ýolagçylar ulagyň gelmegine jemi 3 million minut garaşmaly boldular, bu bolsa, takmynan, bäş ýyl sekiz aý diýmekdir.
Şeýle-de bolsa,...
Tesla Buffalo zawodynda Dojo superkompýuterini gurmak üçin 500 million dollar maýa goýar
Tesla kompaniýasy Nýu-Ýorkuň Buffalo şäherindäki Gigafactory klasterinde Dojo superkompýuterlerinden birini gurmak üçin 500 million dollar maýa goýýandygyny ITHome-e salgylanýan IXBT.com habar berýär.
Taslama üçin ýer saýlanda kompaniýa döwletiň ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň, köp sanly zehinli hünärmenleriniň we taslama üçin elýeterli ýe...
TikTok platformanyň beta görnüşinde 30 minutlyk wideolary synagdan geçirýär
TikTok ulanyjylara synag režiminde 30 minutlyk wideo ýüklemäge mümkinçilik berdi. Platforma meşhurlyk gazanan gysga wideo formatyndan kem-kemden daşlaşýar diýip, TechCrunch-a salgylanýan Inc. habar berýär.
Täze wariant Angliýa üçin programmanyň beta wersiýasynda bellendi.
TikTok deslap 15 sekuntdan köp bolmadyk gysga wideolar bilen me...
IOS 18 Apple-iň taryhynda operasion ulgamynyň iň uly täzelenmesi bolar
Apple operasion ulgamynyň iň uly täzelenmesini – iOS 18-i çykarmaga taýýarlanýar. Anonsyň Bütindünýä işläp düzüjiler konferensiýasynda (WWDC) bolmagyna garaşylýar diýip, 9to5Mac salgylanyp, ferra.ru habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze operasion ulgam kompaniýanyň taryhynda iň uly iOS täzelenmesi bolar. Insaýderler Apple-iň progr...
Toyota Ýewropadaky satuw rekordyny täzeledi. Şol bir wagtyň özünde, Toyota GR86 sport awtoulagy Toyota Prius-dan has meşhur boldy
Toyota 2023-nji ýylda Ýewropada (Lexus awtoulaglaryny hem goşmak bilen) 1173419 sany awtoulag satdy. Brendiň iň meşhur awtoulagy Yaris Cross krossoweri boldy (185 569 sanysy satyldy) diýip, Motor1-e salgylanýan IXBT.com habar berdi.
Şereketiň iň köp satylan ikinji awtoulagy Toyota Corolla (166925), üçünjisi Toyota CH-R ykjam krossoweri boldy...
ABŞ milli we ykdysady howpsuzlyga abanýan wehimi azaltmak üçin emeli aňyň düzgünleşdirilmegini güýçlendirer
ABŞ-nyň häkimiýetleri emeli aň bilen baglanyşykly işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan kompaniýalar üçin täze düzgünleri girizýär. Bu, esasan, OpenAI we Google ýaly uly oýunçylara degişli bolar diýip, ferra.ru habar berýär.
Indi şeýle kompaniýalar hökümeti düýpli emeli aň modelleriniň işlenip taýýarlanylyşy barada habardar etmeli bolarlar....
Dünýädäki iň uly syýahatçylyk gämisi ýüzüşe çykdy
“Deňiz nyşany” atly dünýädäki iň uly kruiz gämisi Florida ştatynyň Maýami portundan Karib deňziniň adalarynyň ugry boýunça ýedi günlük ilkinji syýahatyna ugrady.
Gäminiň uzynlygy 365 metr. Bu rekord derejedir. Has dogrusy, rowaýata öwrülen “Titanik” gämisinden (269 m) takmynan, 100 metr töweregi uzyndyr. Gämini suwa goýbermek dabarasyna futb...
Günde güýçli tolgunma bolup geçdi. Hünärmenler magnit hadysasy barada duýdurýarlar
29-njy ýanwarda Günüň üstünde güýçli M6.8 görnüşli alawlama ýüze çykdy. Bu barada Russiýa Federasiýasyndaky Amaly geofizika institutynyň (FGBU "IPG") Geliogeofiziki gullugynyň web sahypasyna salgylanýan RBC habar berdi.
Habara görä, 61 minut dowam eden M6.8 alawy 29-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 9:38-de hasaba alyndy.
Bu hady...
1-nji fewralda "Al-Nasr" bilen "Inter Maýami" ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
Penşenbe güni, 1-nji fewralda Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" futbol kluby Er-Riýadyň möwsümleýin kubogynyň ýoldaşlyk oýnunda "Inter Maýami" amerikan kluby bilen oýnar. Oýun Er-Riýaddaky "Kingdom Arena" stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlar.
Oýna argentinaly hüjümçi Lionel Messi bilen portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Rona...
Aşgabat we Arkadag şäherleriniň arasynda Türkmenistanda ilkinji elektrik otly hereket eder
Russiýanyň "RŽD" APJ Aşgabat-Arkadag ugry boýunça täze demir ýol ugruny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşar. Bu ugur boýunça sebitleýin ýolagçy ekspress otlusy gatnaw eder. Diňe elektrik togunda işlejek otly bu aralygy bary-ýogy 18 minutda geçer diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Infrastruktura taslamalaryny bile...