Tesla 2025-nji ýylda täze Redwood elektromobilini çykarmagy meýilleşdirýär
Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylyň ortalarynda Redwood ady bilen täze elektromobil modelini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.
Awtomobil sarp edijiler köpçüligine niýetlenen ykjam krossower hökmünde häsiýetlendirilýär. Onuň başlangyç bahasy, takmynan, 25 müň dollar. Krossoweriň arzan bahasy k...
Google emeli aň çipleri bilen bagly 1,67 mlrd dollarlyk kazyýet dawasyny çözdi
Korporasiýanyň emeli aň tehnologiýasy üçin ulanýan çiplerine patent hukugynyň bozulmagy bilen baglanyşykly kazyýet işinde Google parahatçylyk ylalaşygyny gazanmagy başardy diýip, Reuters habarlar gullugy habar berýär.
Kazyýet işi Singular Computing kompaniýasynyň arzasy boýunça geçýän kazyýetiň gutarnykly diňlenişiginiň başlanjak güni çözüld...
Näsazlyklar düzedilýänçä Boeing 737 MAX uçarlarynyň önümçiligi gadagan edildi
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa edarasy (Federal Aviation Administration, FAA) Boeing kompaniýasyna ýanwar aýynyň başynda 737-9 MAX uçarynyň howada gapysynyň gopmagy bilen bagly bolup geçen wakadan soň 737 MAX uçarlarynyň önümçiligini giňeltmegi gadagan edýär. Bu barada edaranyň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.
Şeýle-d...
Ýaponiýa öz Aýdaky modulynyň ilkinji suratyny çap etdi. Ol agdarylsa-da, işläp bilýär
Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözleg gullugy (JAXA) Aýyň üstüne üstünlikli gonan özüniň SLIM Aý modulynyň ilkinji suratyny çap etdi. IXBT.com-nyň bellemegine görä, Ýaponiýanyň kosmos programmasy üçin bu uly üstünlik, sebäbi ol Ýeriň emeli hemrasyna modulyny ýumşak gondurmagy üstünlikli amala aşyran bäşinji ýurt boldy.
Modulyň suraty SLIM-iň bortun...
ABŞ fewral aýynda Aýa täze gonuş enjamyny uçurmagy meýilleşdirýär
Amerikanyň täze Nova-C gonuş enjamynyň Aýa uçurylyşy fewral aýynyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Bu barada NASA salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.
Peýdaly ýük hökmünde enjam NASA-nyň bäş sany ylmy-gözleg guralyny göterer. Uçuryşy Floridanyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa göterijisiniň kömegi bilen a...
Ford Explorer awtoulaglarynyň bütin dünýä boýunça 2 milliondan gowragy yzyna çagyrylýar
Motor1 neşiriniň habaryna görä, Ford kompaniýasy dünýädäki 2,2 million Ford Explorer kysymly awtoulaglaryny yzyna çagyrýar.
Mesele öňdäki stoýkanyň nakladkasynyň ygtybarly berkidilmezliginde. Bu kemçilik 2011-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli öndürilen awtoulaglara degişli. Ford-yň resmi wekili bu kemçiligiň ulaglaryň umumy sanynyň takmynan 5%-...
Türkmenistanda dizel ýangyjynyň we motor ýagynyň täze görnüşi öndürilip başlandy
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze dizel ýangyjynyň we motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada wise-premýer B. Amanow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçiligi ýola goýlan dizel ýangyjy ýokary tizlikli diz...
Hökümet mejlisinde ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça işler barada aýdyldy
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew Oba senagat toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinlerine berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýy...
Türkmenistan Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek barada konwensiýa goşulmagy meýilleşdirýär
Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek barada konwensiýasyna Türkmenistanyň goşulmagy boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M. Çakyýew habar berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy...
Business Insider TikTok-yň işgärleriniň näçeräk gazanýandygyny aýtdy
TikTok we ByteDance (kompaniýa - sosial ulgamyň eýesi) ABŞ-daky işgärlere sagadyna 29 dollardan başlap, ýylyna 455,6 müň dollara çenli esasy aýlyk hödürleýär. Bu barada köpçülikleýin maglumatlary seljeren Business Insider portaly habar berdi diýip, Inc. habar berýär.
Kompaniýa, onlaýn söwda we maglumatlary goramak bölümini güýçlendirmek ýaly...
Ilon Mask we Dewid Hols: 2040-njy ýyllara çenli Ýer ýüzünde bir milliard adampisint robot bolar
Milliarder Ilon Mask adamzadyň "2040-njy ýyllarda Ýer ýüzünde 1 milliard adampisint robotyň we 2060-njy ýyllarda bolsa tutuş Gün ulgamy boýunça 100 milliard robotyň boljakdygyna garaşmalydygy" baradaky çaklama bilen ylalaşdy. Bu çaklamany Midjourneýdäki emeli aň barlaghanasynyň esaslandyryjysy Dewid Holts aýtdy.
X (öňki Twitter) sosial ulgam...
Alymlar dermanlary derä agyrysyz sançmaga mümkinçilik berýän elektron plastyr döretdiler
Demirgazyk Karolina ştatynyň Uniwersitetiniň (ABŞ) inženerleri mikroiňňeleri bolan çeýe elektron plastyr döretdiler, onuň kömegi bilen adam derisi arkaly zerur dermanlary agyrysyz kabul edip biler.
Synag enjamyna «zerurlyk boýunça giňişlik-wagt plastyry» diýmegi aňladýan «Spatiotemporal On-Demand Patch» (SOP) ady berildi. Bu içinde dermanlar...
Samsung 2024-nji ýylda eplenýän Galaxy Z Fold-yň arzan bahaly görnüşini çykarar
Günorta Koreýanyň «Samsung» korporasiýasy 2024-nji ýylda elýeterli eplenýän smartfon çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada lenta.ru Koreýanyň «The Elec» neşirine salgylanyp habar berýär.
Bar bolan maglumatlara görä, kompaniýa 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda elýeterli eplenýän telefonyny tanyşdyrmagy maksat edinýär. Enjam ilkinji modeli 2019-nj...
«Apple» akylly sagatlarynda ýene bir möhüm tehnologiýanyň ulanylmagy gadagan edilip bilner
«Apple» kompaniýasy lukmançylyk enjamlaryny öndürýän «Masimo» kompaniýasy bilen patent boýunça kazyýet dawasynda ýeňilendigi sebäpli 2024-nji ýylyň önümçiligine degişli akylly sagatlarynda ukuda apnoe keselini ýüze çykarmak funksiýasy ulanylmaz. Bu barada insaýder we «Bloomberg» neşiriniň habarçysy Mark Gurman «Power On» habarlar býulleteninde haba...
Rumyniýa “Ýewrowideniýe – 2024” bäsleşigine gatnaşmaz
Rumyniýa şu ýyl “Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmaz. Bu barada Rumyniýanyň telewideniýesiniň Dolandyryş geňeşine salgylanyp, TASS habar berýär.
“Maliýe kynçylyklary we Rumyniýany ýokary derejede görkezmek islegi Dolandyryş geňeşiniň Rumyniýanyň telewideniýesiniň şu ýylky “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmajakdy...
Netflix Ýaponiýanyň Ponoc studiýasynyň animasion filmlerini satyn alýar
Netflix Ýaponiýanyň Ponoc animasiýa studiýasy bilen onuň geljekki filmlerini görkezmek üçin şertnama baglaşýar. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär we kompaniýanyň 2015-nji ýylda Studio Ghibli-niň öňki prodýuseri Ýosiaki Nisimura tarapyndan esaslandyrylandygyny belleýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.
Netflix-iň görkezjek ilkinji filmi ş...
Messi “Inter Maýami” klubuna geçip, onuň bahasyny 74% ýokarlandyrdy
Argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň geçen tomus “Inter Maýami” amerikan klubuna geçmegi klubuň, şeýle-de tutuş MLS-iň maliýe ýagdaýyna oňyn täsir etdi. Bu barada championat.com habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, soňky ýylda “Inter Maýaminiň” bellenilen bahasy 74% ýokarlandy we häzir 1,2 mlrd dollara barabar. Şeýle-de, amerikan klubu...
Toyota hemme babatda Lexus-dan ozdurjak ultra-lýuks Century brendini döretmegi meýilleşdirýär
Toyota kompaniýasy Century markasy astynda ultra-lýuks awtoulag modellerini öndürmek kararyna geldi. Ol kaşaňlygy bilen tapawutlanjak brend hökmünde Lexus-dan has ýokarda durar diýip, Forbese salgylanýan IXBT.com habar berýär.
Häzirlikçe täze hatarda diňe bir model - geçen ýyl ilkinji gezek çykan Toyota Century krossoweri bar. Geljekde ulagl...
Tim Szýu amerikaly Kit Turmana garşy titul goragyny geçirer
Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) wersiýasy boýunça birinji orta agramda dünýä çempiony awstraliýaly Tim Szýu amerikaly Kit Turmana garşy titul goragyny geçirer. Bu barada ESPN neşirine salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, söweş 30-njy martda Las-Wegasda meýilleşdirilýär.
Szýu 29 ýaşynda, ol öňki absol...
Apple 2023-nji ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda lider boldy
Amerikan Apple Inc. 2023-nji ýylda Hytaýyň smartfon bazarynda öz paýyny bir ýyl ozalky 16,8%-den 17,3%-e çenli artdyryp, ilkinji gezek bazaryň lideri boldy. Bu barada interfax.ru belleýär.
International Data Corporation-yň (IDC) deslapky maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda Hytaýda umumy smartfon satuwy 5% - 271,3 mln birlige çenli azaldy, bu...